Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, ýakylan we jemlenen nebit koksyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçilere trikotaž önümleri, nah ýüplük we matalary, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 110 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň we Ermenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 4 million 808 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 156 müň manatdan gowrak nebit ýol bitumyny we pagta süýümini satyn aldylar.