Türkmenistanyň Prezidentiniň permany

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 43-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Musamyrat Söýünberdiýewiç Söýünowy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we ony Aşgabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Amanmuhammet Amanberdiýewiç Işangulyýewi Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Tawus Kakageldiýewna Handurdyýewany Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Gurt Amandurdyýewiç Gurbandurdyýewi Ahal welaýatynyň Sarahs etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Abdybaý Orazowy Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine bellemeli;

Döwran Jumamyradowiç Hanowy Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň kazysy wesipesine bellemeli;

Döwlet Orazgulyýewiç Alowowy Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Nurgeldi Bekmyradowiç Baýryýewi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Ahmetýar Kömekowiç Saparowy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Alladurdy Çaryýewi Ahal welaýatynyň Bäherden etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri, 2018-nji ýylyň 14-nji apreli.