Türkmenistanda Maglumatlar tehnologiýalaryny ösdürmek birleşmesi döredilýär

Paýtagtyň “Olimpiýa” myhmanhanasynda bu jemgyýetçilik guramasynyň guramaçylyk ýygnagy boldy. Çärä IT-kompaniýalaryň wekilleri, hyzmatdaşlyk guramalary, meýletinler gatnaşdylar.

Birleşmäniň maksatlarynyň arasynda ilatyň IT ulgamynda sowatlylygyny ýokarlandyrmak, maslahatlar hyzmatlary, şeýle hem täze pikirleri goldamak ýaly ugurlar bar. Birleşmäniň maksatlaryny we wezipelerini goldaýan Türkmenistanyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň şahsy we hukuk taraplary onuň agzasy bolup bilerler.

-Häzirki wagtda maglumatlar tehnologiýalary durmuşymyza çalt ornaşýar,--diýip Birleşmäni dörediji Grigoriý Gurbanow aýdýar.-- Union of Information Technologies Development of Turkmenistan (UITDT) döretmek pikiriniň sebäbi kompaniýalaryň köpüsi IT-tehnologiýalary ulgamynda kärine ökde hünärmenleri saýlap almakda kynçylyklara duş gelýärler. Bizde tejribesi ýetik adamlar bar, biz hem bilimlerimizi ulanmak we ýaş nesliň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin döreýän mümkinçiliklerden peýdalanmak isleýäris.

Biziň meýilnamalarymyz programma üpjünçiligi babatda bilim almaga we başarnyk edinmäge ýaşlary çekmegi göz öňünde tutýar. Munuň üçin biz, şol sanda robot tehnikasy babatda mugt okuwlary açyp, soňundan olary işe ýerleşdireris. Mundan başga-da, maslahatlar hyzmatlaryny etmegi, elektron neşirleri, IT žurnallary çykarmagy, bu ugurdan gözden geçirişleri gurnamagy göz öňünde tutýarys. Hyzmatdaşlarymyzyň arasynda zähmet we bilim ulgamynda üstünlikli işleýän TSTB-niň agzasy- “Orlan” Hususy kärhanasy bar.