Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda döwrebap şäherçe gurulýar

Milli özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda ýurtda şäherleriň we obalaryň gurluşygyna, ilatyň amatly we netijeli dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegine uly üns berilýär.

Köneürgenç etrabynyň “Täze ýol” geňeşliginde gurulýan döwrebap täze şäherçede-de ösen durmuş-medeni we beýleki binalar ulgamy bolar. “Bagtly gadam” Hojalyk jemgyýeti 420 okuwça niýetlenen umumy orta bilim berýän täze mekdebiň iki gat jaýyny bina edýär, bu ýerde aň, beden we ruhy taýdan ösen ýaş nesli terbiýelemek üçin ähli şertler dörediler. Synp otaglary interaktiw okuwlarda işjeň ulanmak üçin zerur enjamlar we tehniki serişdeler bilen üpjün ediler. Okuwçylaryň döredijilik we beden taýdan ösmegi üçin ýörüteleşdirilen otaglar hem-de sport meýdançalary bolar.

Şeýle hem şäherçede ýüzlerçe müşderä hyzmat etmäge niýetlenen Aragatnaşyk öýi gurlar, Saglyk öýi, 160 orunlyk çagalar bagy, Medeniýet öýi, bazarly, dükanly we beýleki binaly söwda merkezi bina edilýär.

Dürli görnüşli amatly jaýlary bolan täze obada ýyladyş hojalygy, önümçilik we administratiw ähmiýetli dürli binalar gurlar, ösen ýol we inženerçilik-tehniki kommunikasiýalar ulgamy kemala getiriler.