Türkmenistanda Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Şarif Anisden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany diplomatik işine başlamagy bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, türkmen döwletiniň Baştutanyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny, ösüş we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirip, iki ýurduň hem-de halklaryň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin öz tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçä Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada habar berildi, bu syýasatda tutuş dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň bähbidine ähli ýurtlar hem-de iri halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge möhüm orun berilýär.

Milli Liderimiziň başyny başlan, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň hem-de maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri duşuşygyň meseleleriniň biri boldy.

Jenap Mohamed Şarif Anis ýurdumyzyň gazanan uly üstünliklerine gyzyklanma bildirip, Türkmenistanyň we Şri-Lankanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda işewür gatnaşyklary, syýahatçylyk ugry, daşky gurşawy goramak, şeýle hem bioköpdürlüligi aýawly saklamak boýunça özara peýdaly alyşmalary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.

* * *

Şu gün Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde özara gyzyklanma döredýän ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde myhman paýtagtymyzyň gözellikleri bilen tanyşdy.