Türkmenistanyň halk nakgaşy Durdy Baýramowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp onuň eserleriniň sergisi gurnaldy

Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN

Türkmenistanyň halk nakgaşy Durdy Baýramowyň hossarlary, ýakynlary, kärdeşleri, Çeperçilik akademiýasynyň talyplary, jemgyýetçilik köpçüliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri milli žiwpois sungatynyň ussadynyň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin Çeperçilik muzeýine ýygnandylar, diri gezip ýörenliginde ol 14-nji aprelde 80 ýaşardy.

Şu sene mynasybetli muzeýiň zallarynyň birnäçesinde nakgaşyň grafika we žiwopis eserleriniň uly sergisi gurnaldy. Olaryň ählisi- žiwopis işleriniň 115-si we grafika işleriniň 145-si muzeýde saklanylýan işlerdi. Olary awtoryň hut özi 1981-nji ýylda muzeýe peşgeş beripdi.

Durdy Baýramow päk ýürekli, hoşamaý, sypaýy we adamkärçilikli adamdy. Onuň häsiýeti döredijilik žanryny saýlap almagyna-da uly täsir edipdi. Ussat portretçi hökmünde ol döwürdeşleriniň emçemesiniň suratyny nesillere miras galdyrdy. Durdy Baýramowyň ussahanasyna suratyny çekdirmäge dost-ýarlary, tanyş-bilişleri, artistler, ýazyjy-şahyrlar, bagşy-sazandalar gelerdiler. Ol awtorlyk tilsiminde türkmen žiwopis mekdebiniň, nusgawy realizm ýörelgelerini we impressionistik täzelikleri sazlaşykly utgaşdyrmagyň hötdesinden gelen psihologik portret ussadydy. Ol gahrymanynyň daş keşbiniň meňzetmek bilen oňaýmaýardy, nakgaş onuň häsiýetini, ruhy we içki dünýäsiniň baýlygyny açyp görkezmäge çalşardy.

Meselem, Çary Aşyrow bilen Berdinazar Hudaýnazarowyň portretlerini alyp göreliň. Olaryň ýüz keşbi tapawutlansa-da, ruhy ýakynlygy duýlup dur. Sebäbi ýazyjy we şahyr bur-birine ýakyn kär, adamyň işi onuň daş keşbine-de täsir edýär. Portretlerden edebi eserleriň pikirini edip, oýa batan gahrymanlar bize bakyp dur.

Şol iki portretiň arasynda goýlan Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşigniň işgäri “Lenoçkanyň” portreti edebiýatçylaryň pelsepewi garaýyşlaryna sazlaşyk berýär. Nakgaş näz-kereşme bakyşly, ýüz-gözüne gelşip duran gaşsyz papakly, ullakan küştgülli şarfly ýaş zenanyň suratynda onuň durmuşa hyjuwly şadyýan keşbini açyp görkezýär.

Güýçli şahsyýetleriň portretlerine syn edeniňde bir zada üns berýärsiň. Muzeýiň zallarynyň birinde Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň uzaboýuna çekilen suraty goýlupdyr. Ajaýyp kompozitor misli başbermez tebigy hadysa, ýüwrük tupan kimin garasy agdyk goýy reňklerde şekillendirilipdir—Durdy Baýramowyň pikiriçe ol şeýle bolmaly, nakgaş Nury Halmämmädowyň şahsyýetine we zehinine uly sarpa goýýardy.

Kompozitor Aman Agajykowyň portreti welin başgaça çekilipdir. Durdy Baýramow “Sona”, “Pöwrüze” operalarynyň we “Mähriban toprak” oratoriýasynyň awtoryny sypaýy, mylaýym keşpde şekillendiripdir. Nakgaş köňle ýakyn şahyrana sazlaryň awtorynyň öz döreden eserleri bilen sazlaşygyny beýan edipdir.

“Jemal hem gurjaklar” suratynda Durdy Baýramow kiçijik wagty keçede daş-töweregi gurjakly oturan öz gyzjagazyny çekipdir. Jemal kakasynyňka çalyşdaş gözleri bilen dünýä mähirli bakýar. Portretde nakgaş özüne mähriban çaga bilen ganbirligini nygtapdyr.

Portert ussady Durdy Baýramow käte göwün beren žanryndan az-kem ara açyp, sungat stanogynda ajaýyp eserler dörederdi. Olaryň arasynda “Syrdaş”, “Talyp gyz”, “Adam”, “Arakesme” we beýleki işleri bar. “Syrdaş” suratynda Durdy Baýramow gürrüňe güýmenen dört gyzy çekipdir. Olaryň tolgunýan sypatyndan gyzlaryň ilki söýgüsiniň gürrüňini edýänligini aňsa bolýar... “Adam” suraty bolsa, ynsanyň daş-töwerek bilen sazlaşygyny görkezýär. “Arakesme” işi sport temasyna bagyşlanypdyr. Türgenler tälimçi bilen oýny nähili alyp gitmegiň gürrüňini edýärler, gahrymanlaryň çynlakaý nazaryndan olaryň ýeňşe hyjuwyny okasa bolýar.

Onuň Hindistana saparyndan soň döreden işleri çotga urşunyň göwrümliligi we joşgunlylygy ýordum özboluşlylygyny nygtaýar, ol “Banan agaçlary” suratynda has-da ýiti göze ilýär. Daş-töweregiň gözelligine aň ýetirmäge çalyşýan nakgaş döredijiliginde özünde galan täze täsirlerini beýan edip, özboluşly sungat tilsimini has baýlaşdyrýar we ösdürýär...

Türkmenistanyň halk nakgaşy Durdy Baýramowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan sergide Türkmenistanyň halk artistleri Baba Anannow, dirižýor Hydyr Allanurow, kinorežisýor Alty Garlyýew, Sahy Jepbarow, nakgaş Stanislaw Babikow ýaly we başga-da ençeme belli şahsyýetleriň portretleri goýlupdyr.