Türkmenistan — Gazagystan: goňşy ýurtlaryň sebitleriniň özara gatnaşyklary

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri girizildi. Maslahata dostlukly ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, senagat we işewürler toparlarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

2014-nji ýylda iki döwletiň hazarýaka sebitleriniň häkimlikleriniň arasynda baglaşylan degişli Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralan foruma gatnaşmak üçin Mangistau oblastynyň akimi Ý.Tugjanowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Türkmenbaşy şäherine geldi.

Onuň düzümine dürli müdirlikleriň we departamentleriň — senagat-innowasiýa ösüşi, döwlet girdejileri, telekeçilik we söwda, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, medeniýet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, Gazagystanyň halklarynyň assambleýasynyň müdiriýetiniň, taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň, oblast filarmoniýasynyň, Aktau şäheriniň we Karakiýan raýonynyň wekilleri, şeýle hem oblast maslahatynyň deputatlary, iri kärhanalaryň we kompaniýalaryň 30-dan gowragynyň, telekeçilik düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri girýär.

Olaryň hatarynda “KASPIÝ” “Durmuş-telekeçilik korporasiýasy” Milli kompaniýasy”, “Morport Aktau” ýörite ykdysady zolak, Aktau Halkara howa menzili, “Mangistau Munaýgaz” we “KazAzot” paýdarlar jemgyýetleri, “Port Kuryk” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet, Aktau transformator zawody, “Askar” un kombinaty, Aktau konditer fabrigi, Beýneu galla kombinaty, “Aktau Keramzit”, “MAEK-Kazatomprom”, “Atameken” Sebit telekeçiler edarasy, “Zhamalai Ltd”, “Bereket-F” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet we beýlekiler bar.

Mejlise gatnaşyjylar iki doganlyk halkyň köpasyrlyk taryhy, medeni we ruhy umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolup, muňa köp babatda ähli derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýardam berýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Nursultan Nazarbaýewiň arasynda gol çekilen, goňşy ýurtlaryň köp ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen ylalaşyklar döwletara gatanaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Şu gezekki duşuşygyň barşynda gazagystanly hyzmatdaşlara okgunly ösýän türkmen bazarynyň giň mümkinçilikleri görkezildi, ýurdumyz örän baý tebigy serişdelere hem-de ägirt uly ykdysady kuwwata eýedir, şeýle hem iri möçberli taslamalar, şol sanda senagatlaşdyrmak, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik ulgamynda, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň möçberlerini artdyrmakda gazanan sepgitleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu taslamalar Hazarýaka sebitinde üstünlikli amala aşyrylýar hem-de durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň haryt öndürijilerini we daşary ýurtly maýadarlary höweslendirmek çärelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigine aýratyn üns çekildi.

Gazagystanyň wekiliýetiniň agzalary özara bähbitli hyzmatdaşlyga ýokary gyzyklanmalaryny beýan edip, iki ýurduň Liderleriniň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ýokary depginli ykdysady ösüş şertlerinde uly islege eýe bolan dünýä tejribesini we ýokary tehnologiýalary çekmäge mümkinçilik berýändigini bellediler. Gazagystanly işewürler öz kärhanalarynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryp, milli we sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar, munuň üçin Balkan welaýatynyň we Mangistau oblastynyň ykdysadyýetleriniň biri-biriniň üstüni ýetirmek üçin amatly şertleriň bardygy bellenildi.

Çykyş edenler Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman halkara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň we Gazagystanyň häzirki peýda bolýan mümkinçilikleri özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen aňrybaş derejede peýdalanmaga çalyşýandygyny nygtadylar, bu hyzmatdaşlyk diňe bir iki dostlukly ýurduň bähbitlerine däl-de, tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýär. Gazagystan —– Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurulmagy bu gatnaşyklaryň anyk mysallarynyň biridir, bu ýol häzirki wagtda gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegine öwrüldi.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalaryň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, söwda, oba hojalygy, dokma, himiýa we azyk senagaty ýaly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk teklipler aýdyldy.

Iki döwletiň hem köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, duşuşyga gatnaşyjylar bar bolan şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň hasabyna hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, eksport-import amallarynyň möçberleriniň artdyrylmagynyň, iberilýän harytlaryň görnüşleriniň we birek-birege edilýän hyzmatlaryň sanawynyň artdyrylmagynyň zerurdygyny bellediler. Yzygiderli ýagdaýda geçirilýän özara sergiler, ýarmarkalar, işewürlik maslahatlary işewürler düzümleriniň has ýakyn hyzmatdaşlygynyň täsirli guraly bolup durýar.

Gazagystanyň wekilýetiniň agzalary mähirli garşylanandyklary hem-de işewürlik duşuşygynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, gazanylan ylalaşyklaryň özara ynam we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna we pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň haryt öndürijileriniň ýeten sepgitlerini bu ýerde guralan bilelikdäki sergi aýdyň görkezdi, onda hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň, Balkan welýatynda işleýän hususy we döwlet gurluşyk, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, tikin, süýji-köke öndürýän kärhanalaryň dürli önümleri görkezildi.

Myhmanlaryň Türkmenbaşy şäheriniň häkimliginiň, ministrilkleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň telekeçileri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda bilelikdäki taslamalar we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada has anyk pikir alyşmalar boldy.

Gazagystanyň wekiliýeti şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň barşy, “Hazar balyk” açyk paýdarlar jemgyýetinde bekre balyklaryny köpeltmek, balyk önümçiligi, işbil öndürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar, bu toplum Türkmenbaşy etrabynyň merkezinde ýerleşýär.

Şu gün “Awaza” sport toplumynda kiçi futbol boýunça ýoldaşyk duşuşygy geçirildi, oňa balkanly türgenler we “Mangistau” ýaşlar futbol topary gatnaşdylar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň döredijilik toparlarynyň, aýdymçylarynyň, halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijileriniň bilelikdäki uly konserti geçirildi. Bu ýerde şeýle hem iki dostlukly ýurduň halk amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy.