Gymmatly milli miras babatda döwlet tagallalary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly täze kitabynyň ägirt uly meşhurlygy milli Liderimiziň öz eseriniň giriş böleginde ýazan: «Garaşsyzlyk ýyllarynda jemgyýetiň geçmişde ata-babalarymyzyň dünýä ösüşleriniň taryhyna saldamly goşant goşan döwürlerine gyzyklanmasy aýdyň ýüze çykdy» diýen sözleriniň subutnamasy bolup durýar. Kitapda milli taryhymyzdan getirilen köp sanly mysallar, gadymy rowaýatlardan we tymsallardan parçalar, ýurdumyzyň häzirki durmuşyndan wakalar arkaly döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygy görkezilýär, onda halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy we ýagty geljegi barada pikir ýöredilýär.

Türkmen topragynda saklanyp galan arheologiýa we binagärlik ýadygärlikleri biziň döwürdeşlerimize we nesillerimize köp zatlar barada gürrüň bermäge ukyplydyr. Şol ýadygärlikleriň köpüsi gadymy söwda ýollarynyň ugrunda gaýnap joşan durmuşyň şaýatlary bolupdyr. Milli Liderimiziň kitabynyň şu ýylyň şygaryna öwrülen ady dünýä taryhynyň özboluşlylygynyň many-mazmunyny açyp görkezýär. Munuň özi yklymara kerwen söwdasy arkaly medeniýetleriň gatnaşyklaryny başlan Ýewraziýanyň köp ýurtlarynyň we halklarynyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ýagdaýdyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, türkmen halkyna bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginde we işjeň hereket etmeginde esasy orunlaryň biri degişlidir.

Hakykatdan hem, çäk taýdan amatly ýerleşýän türkmen topragy Gündogar dünýäsiniň we Günbatar dünýäsiniň arasynda esasy köprä öwrüldi. Biziň çägimizden Aziýanyň we Ýewropanyň siwilizasiýasynyň arasynda möhüm aragatnaşyk ulgamlary geçipdir. Olaryň ählisi onlarça taryhy şäherler, ýüzlerçe desgalar we müňlerçe gymmatlyklar görnüşinde öçmejek yz galdyrypdyr. Bu gymmatlyklar adamzat ruhunyň gatnaşyklarynyň giňdigine we örän ähmiýetlidigine, şeýle hem geçen asyrlaryň senetçileriniň binagärleriniň we suratkeşleriniň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär.

Jemgyýetçiligiň ünsüni bütindünýä medeni mirasy goramak we aýawly saklamak meselelerine çekmek maksady bilen, ÝUNESKO-nyň ýanynda döredilen Ýadygärlikleri we ajaýyp ýerleri goramak meseleleri boýunça Halkara geňeşiň Assambleýasy (IKOMOS) 35 ýyl mundan ozal 18-nji apreli Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni diýip yglan etdi. Şondan bäri bütin dünýäde bu şanly sene giňden bellenilip gelinýär. Biziň ýurdumyz hem bu ulgamda gazananlaryna buýsanmaga haklydyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda taryh ylmyny mundan beýläk-de ösdürmek we medeni hem-de geçmişiň ýadygärliklerini goramak ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça möhüm çäreleri gördi. Munuň özi milli Liderimiziň medeni gymmatlyklary öwrenmekde, aýawly saklamakda we artdyrmakda, şeýle hem bu pudagyň hünärmenleriniň öňünde duran wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ygtybarly hukuk binýadyny döretmekde taýsyz tagallalarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ilki bilen, munuň özi “Milli taryhy-medeni obýektleri goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanylan “Taryhy, arheologiýa, şähergurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy-landşaft desgalaryň gorag zolaklaryny bellemegiň tertibi” bilen baglanyşyklydyr.

Nobatdaky möhüm ädim hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken “Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goragyny üpjün etmegiň meseleleri hakynda” Karary bilen baglanyşykly boldy. Şu Karara laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk işlerini we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny ylalaşmagyň Tertibi tassyklanyldy.

Indi, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli we şahsy taraplar Türkmenistanyň çäginde şeýle işleri amala aşyranda, şu Tertipde göz öňünde tutulan kadalary berjaý etmäge borçludyrlar. Munuň özi oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalyk üçin raýatlara hem-de şäherlerde we şäherçelerde şahsy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin bölünip berlen ýerlere degişli däldir.

Elbetde, tötänleýin açyşlary we tapyndylary öňünden görmek mümkin däldir, şoňa görä-de, gurluşyk işleriniň barşynda taryhy, ylmy, çeper ýa-da beýleki medeni gymmatlyklaryň alamatlary bolan desgalar ýüze çykarylan halatynda, bu barada, gaýragoýulman, Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky milli müdirlige ýa-da onuň ýerlerdäki edaralaryna — döwlet taryhy-medeni goraghanalaryna habar berilmelidir. Şu resminama güýje girenden soň, geçen iki ýylyň dowamynda täze gurluşyk üçin bölünip berlen ýer bölekleriniň dört müňden gowragynda seljeriş işleri geçirildi. Olarda ýeriň aşagynda ýadygärlikleriň bardygy ýa-da ýoklugy anyklanyldy.

Indi şäherleriň we etraplaryň baş meýilnamalarynyň taslamalary işlenip düzülende, olara Medeniýet ministrligi bilen ylalaşylyp düzülen taryhy-medeni ýadygärlikleriň ýerleşişiniň karta-çyzgylary, şeýle hem olaryň taryhy-binagärlik meýilnamalary girizilmelidir. Milli müdirlik netijenama berýär, onuň esasynda Medeniýet ministrligi täze gurluşyklaryň hödürlenen meýilnamalaryny ylalaşýar.

Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärliklerine wehim salýan taslamalar olaryň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler geçirilen ýagdaýynda amala aşyrylyp bilner. Bu çäreler taslama-smeta resminamalarynda göz öňünde tutulmalydyr. Eger-de, ýüze çykarylan wehim ol ýa-da beýleki ýadygärligiň aýawly saklanmagyna zyýan ýetirýän bolsa, Medeniýet ministrligi anyk taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň bes edilmegi barada çözgüt kabul edip biler. Bu çözgüt degişli edara görnüşli tarapa ýa-da şahsy tarapa, şeýle hem taslamany maliýeleşdirýän bank edarasyna iberilýär.

Şu ýagdaýda potratçy bir sagatdan gijä galdyrman, taslamany durmuşa geçirmegini bes etmäge, bank bolsa günüň dowamynda maliýeleşdirmegi bes etmäge borçludyr. Çözgütde ýüze çykarylan desganyň goraglylygyny üpjün etmek hem-de howpy aradan aýyrmak üçin görülmeli çäreler görkezilýär. Eger-de, ýüze çykarylan desganyň medeni gymmatlyk bolup durmaýandygy anyklanylsa ýa-da gymmatly ýadygärligiň goragyna abanýan howp aradan aýrylan ýagdaýynda, Medeniýet ministrligi gurluşygy dowam etmäge rugsat berýän çözgüdi kabul edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň 23-nji dekabryndaky Kararyna laýyklykda, goraghanalaryň maddy binýadyny pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärliklerini abadanlaşdyrmak we abat saklamak boýunça gazna döredildi. Onuň serişdeleri halkara we sebitara guramalardan, syýahatçylyk kompaniýalaryndan we meýletin haýyr-sahawat serişdelerinden hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän beýleki çeşmelerden emele gelýär.

Maliýe serişdeleri taryhy we medeni ýadygärlikleri dikeltmäge, saklamaga we berkitmäge, şeýle hem şu görnüşdäki işleriň ylmy-taslama resminamalaryny işläp taýýarlamaga, ýadygärlikleriň töweregindäki goragly zolaklaryň taslamalaryny düzmäge we olary şäherleriň, obalaryň we beýleki ilatly ýerleriň baş meýilnamalaryna girizmäge, goragly ýerleriň töwereklerinde aýmançalary gurmaga, olary abadanlaşdyrmaga we degişli syýahatçylyk düzümini döretmäge, gadymy nusgadaky dikeldiş gurluşyk serişdelerini taýýarlamaga, milli mirasymyzy wagyz etmäge gönükdirilýär.

Ähli welaýatlarda hereket edýän sekiz sany döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň her birinde (olaryň 4-si Ahal welaýatynda ýerleşýär) ýadygärlikleriň we maglumat tagtalarynyň töwereginde gorag zolaklaryny bellemek, çäginde ýadygärlikler ýerleşen daýhan birleşikleri, guramalar we kärhanalar bilen baglaşylýan gorag borçnamalaryny täzelemek boýunça işler alnyp barylýar, ýadygärlikleriň döwlet sanawy ýöredilýär.

Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hem-de goraghanalaryň ylmy işgärleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli institutlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda taryhy-binagärlik, arheologiýa we sungaty öwreniş barlaglaryny, şeýle hem topografik, arhiw we bibliografik barlaglary dowam etdirýärler. Dikeldilýän desgalaryň kompýuter nusgalary döredilýär.

2017-nji ýylyň 15-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklady. Bu maksatnama laýyklykda, ýokarda ady agzalan müdirlik Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, hususan-da, Arheologiýa we etnografiýa instituty hem-de Taryh instituty bilen bilelikde şu ýylyň ýazynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän iri ýadygärlikleriň birnäçesinde gazuw-agtaryş hem-de dikeldiş işlerini geçirip başlady.

Şol ýadygärlikleriň hatarynda Ahal welaýatyndaky Abiwerd, Parzdepe, Şährihaýbar, Şähristan ýadygärlikleri, Balkan welaýatyndaky Dehistan ybadathana metjidi hem-de Isgendergala ýadygärligi, Daşoguz welaýatyndaky Köneürgenç kerwensaraýy, Lebap welaýatyndaky Amul galasy hem-de Daýahatyn kerwensaraýy, Mary welaýatyndaky Daşrabat (Daňdanakan) ýadygärligi hem-de Uly Gyzgala bar. Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu barlaglaryň ilkinji netijeleri barada eýýäm habar berdiler, biz ýylyň dowamynda arheologlaryň täze açyşlary hem-de dikeldiji ussalaryň üstünlikleri barada ýene-de ençeme gezek eşideris.

Arheologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk hem dowam edýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň arasyndaky täze ylalaşygyň esasynda gadymyýetiň meşhur ýadygärlikleriniň ikisinde — Aşgabadyň günbatar bölegindäki Täze Nusaýda we Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky Goňurdepede ylmy barlaglar dowam edýär.

Şol ýerde, Murgap derýasynyň köne hanasynda, gadymy Marguş ýurdunyň ýerlerinde Jorj Waşington adyndaky uniwersitetiň (Sent-Luis şäheri, ABŞ) arheologlary bilen bilelikde bürünç eýýamyna degişli Ojaklydepe ýadygärliginde ylmy-barlag işleri başlanar. Nýu-Ýorkuň Metropoliten muzeýiniň başlangyjy bilen ýene-de bir türkmen-amerikan ekspedisiýasy Daňdanakanda gazuw-agtaryş işlerine goşulmagy göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda şol ýerde “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleriniň bir topary işleýär.

Tomusda türkmen hünärmenleriniň Ýaponiýanyň Miho muzeýinden kärdeşleri bilen Tekeşiň kümmetiniň gümmezi üçin örtük maýolikasyny taýýarlamagyň orta asyr tehnologiýasyny öwrenmek boýunça bilelikdäki taslamanyň nobatdaky tapgyry amala aşyrylar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda güýzde eneolit eýýamyna degişli Ýylgynlydepe oturymly ýerde gazuw-agtaryş işleriniň täze tapgyry başlanar. Bu oturymly ýer “Abiwerd” taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki Mäne-Çäçede alty müň ýyla golaý wagt mundan ozal gülläp ösüpdir.

Taryhy ylymlary ösdürmegiň hem-de türkmenleriň we sebit boýunça goňşularymyzyň ata-babalarynyň beýik mirasy hakyndaky umumy bilimleri çuňlaşdyrmagyň bähbidine türkmen kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşýan dünýäniň beýleki meşhur ylmy merkezleri hem ýurdumyzyň ýadygärliklerine we taryhy ýerlerine uly gyzyklanma bildirýärler. Bularyň ählisi Türkmenistanyň gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolandygyna we häzirki döwürde hem örän möhüm ähmiýetli ýurt bolup durýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda milli Liderimiziň oýlanyşykly daşary we içeri syýasaty netijesinde ylmy döredijilik, raýatlaryň parahat we asuda durmuşy, adalatlylyk hem-de raýatlarymyzyň döredijilik işjeňligi üçin ähli şertler döredildi.

Şu gün bellenilýän Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni Beýik Ýüpek ýolunyň diňe taryh bilen baglanyşykly däldigini ýatlatmaga esas bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, XXI asyrda biziň sebitimiz yklymda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze nusgalaryny kemala getirmegiň möhüm merkezine öwrülýär. Munuň özi has giň möçberli gatnaşyklar üçin binýady döretmek barada gürrüň etmäge esas berýär.

Bu bolsa ählumumy geoykdysadyýetde çuňňur we täzeçil pikirlenmegiň, ony ösdürmegiň strategik geljegini anyk görmegiň aýdyň mysaly bolup durýar. Ahyrky netijede bularyň ählisi sebitde ýaşaýan adamlaryň abadançylygyna, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Täze görnüşde dikeldilen Ýüpek ýoly ýene-de Beýik ýola öwrüler! Ol biziň halklarymyzyň ertirki güne bolan ynamyny has-da artdyrar we ählumumy parahatçylygy, ösüşi we rowaçlygy üpjün eder.