Babasary Annamyradow: çeýelik öwüşginleri we söýgi zehini

Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN

Babasary Annamyradowyň toplan awtorlyk eserleriniň we işleriniň golaýda Çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda we Çeperçilik sungaty muzeýinde gurnalan sergileri türkmen medeniýetiniň köpugurly durmuşynda Türkmenistanyň halk nakgaşynyň şahsyýetiniň täze ugurlaryny açan şanly waka boldy.

Babasary Annamyradow biziň bilen söhbetdeşlikde şeýle diýdi:

--Men tötänden heýkeltaraş boldum. Çagalykdan surat çekmäge ökdedim, çeperçilik ýörüte orta hünär mekdebine okuwa girmek üçin Aşgabada gelemde, meni myhman alan garyndaşym pikirimden dändirjek boldy. Ol: “Agronom bolsaň gowy bordy, oba hojalyk institutyna girmäge kömek edeýin”—diýdi. Oňa gulak asman, halan okuw jaýyma geldim. Maňa ilki duşan ýigit: “Nakgaş boljakmy? Gowsy heýkeltaraşlyga gir”—diýdi. Şol wagt men, oba oglany heýkeltaraşlygyň nämediginem bilemokdym. Ol: “Helkeltaraş—toýundan adam keşbiniu ýasaýan”-diýip düşündirdi. Şunlukda men resminamalarymy “heýkeltaraşlyk” bölümine tabşyrdym.

Şol döwür ol oglanyň diýen toýunynyň ýap boýundaky adaty palçyk däl-de, üýtgeşik toýundygyny bilmeýärdim. Bir zat ýasamazdan öň ony awtoryň pikirine tabyn edip köp wagtlap eliňde gyzdyrmaly. Biziň bölümimizde okaýan talyplara gowy mugallym duşdy—Pawel Wasilýewiç Popowyň beýik heýkeltaraşlar baradaky haýran galdyryjy gürrüňleri ýetginjek arzuwlarymyza ganat bagladýardy. Biz: “Olar ajap eserler döredip, dünýä sungatynyň taryhyna giren bolsalar, biz nä olardan kemmi?” diýip özümize göwniýetjilik bilen pikir edýärdik.

Men talyp ýyllarym Sylap Hudaýberdiýew, Mommy Seýitmyradow, Nyýazmyrat Annanurow, Gylyçmyrat Ýarmämmedow ýaly türkmen heýkletaraşlygynyň geljeki ussatlary bilen bile okadym. Gowy bilim almak üçin orta hünär mekdebi ýeterlik däldi, ýokary bilim almak üçin Moskwa ýa-da Daşkende gitmelidi.

Men Daşkendi saýladym. Ýene mugallym babatda meniňki şowuna boldy, bize Ýuriý Nikolaýewiç Kiselýow sapak berdi. Talyp döwri döreden “Weteran” diýen işim Moskwada geçirilen çeperçilik sungaty sergisine gatnaşyp, dessine-de sungaty öwrenijileriň ünsüni özüne çekdi we Tretýakow galereýasyna alyndy.

“Weteran” işi Babasary Annamyradowyň döredijiliginde möhüm tapgyr boldy. Nakgaş ýatdan oba intelligensiýasynyň nusgasy bolan ilkinji mugallymyny şekillendiripdir. Uzyn paltoly, eli hasaly, biraz küýkeren adam garrylara mahsus haýal ädimläp barýar. Babasary gurluş we duýgy taýdan gysbydan takyk keşp döredipdi, bu bolsa onuň özboluşly ussat döredijilik tilsiminiň kemala gelendigine şaýatlyk edýärdi.

Babasary Annamyradowyňky diňe bir mugallymlary babatda şowlaman, eýsem oňa dünýäniň iň gowy muzeýlerine baryp, dünýä naýbaşy eserlerini görmegem miýesser etdi. Tilsim ussatlygyny kämilleşdirip, Babasary Yewropa sungatynyň ajaýyp nusgalaryna türkmen halkynyň özboluşly çeperçilik däplerini utgaşdyryp, olaryň röwşenligini artdyrdy.

Bu onuň çeperçilik tilsiminiň kämilleşmeginiň ýene bir tapgyry bolup, heýkeltaraşyň abstrakt sungata ýykgyn etmegine itergi berdi. Angliýada belli “Maşgala” heýkeliniň awtory Genri Muruň ussahanasyna barmak bagty miýesser etdi. Babasary ussadyň işlerinde çeýeligiň güýjüne, näziklikden gaýra durmaklyga we duýgularyň täsirliligine haýranlar galdy.

Belki, Babasary Muruň işlerinden galan täsirlerini özüçe beýan eden borly, çünki şondan ençeme ýyl geçen soň türkmen heýkeltaraşy “Oturgyç” atly ýene bir üýtgeşik eserini döretdi. Aşgabatdaky Häzirki zaman sungaty muzeýine baryp görenler gözelligidir nepisligi bilen däl-de, eýsem äpetligi bilen geň galdyrýan on bir metrlik arkasyz oturgyja üns bermän durup bilmedik bolsa gerek. Heý-de beýikligi üç gat jaýyňky ýaly oturgyç gören barmy! Onuň gapdalynda-- diametri dört metrlik alma goýlupdyr. Babasary Annamyradowyň özi eserde nämäni göz öňünde tutanyny aytmak islemeýär-de, tomaşaçylaryň aýdýan her pikiri bilen ylalaşyp oňaýýar. Meselem, olaryň biriniň pikirne görä, äpet oturgyç- adamyň beýik maksatlara ymtylyşyny aňladýan filosofik allegoriýa, alma bolsa –ömür agajynyň miwesi, ol biziň öňe hereketimize güýç berýän zat bolmaly.

Babasarynyň golaýda döreden işlerinden “Abat” atly heýkeli ünsüňi özüne çekýär. Heýkeltaraş aýalynyň agaçdan ýonulyp ýasalan heýkeline ýumşak altynsow reňk berlipdir, ol ýeňil köýnekli zenana has gözel görk berýär. Abadyň keşbi çeper beýan edilip, onda güýçli söýgi duýulýar.

Heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň döredijiligine döwürdeşleri ýokary baha berýärler. Oňa Türkmenistanyň halk nakgaşy, Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň Hormatly doktory, Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň Hormatly akademigi atlary berildi. Ol jemi 17 ýyl ýurdumyzyň Nakgaşlar birleşiginiň başlygy, 8 ýyl Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary bolup işledi. Ýyl geçdiksaýy onuň döredjilik ýörelgesinde dünýä garaýşynyň köpröwüşliligi, açyklyk bilen göçme manylylyk sazlaşygy duýulýär, heýkeltaraş täzeden-täze eserleri döretmegiň arzuwynda, bizem onuň täze işlerine sabyrsyz garaşýarys...