Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Migel Dias-Kanele Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Migel Dias-Kanele berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Kuba Respublikasynyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.