Türkmen-özbek gatnaşyklary ösüşiň täze belentliklerine çykýar

23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlanýar.

Köp synçylaryň taryhy waka diýip atlandyran bu sapary dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, köpasyrlyk medeni hem-de ruhy däpleriň umumylygy bilen baglanyşýan ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berer. Häzirki taryhy eýýamda taraplaryň üýtgewsiz erkine daýanyp, bu ýörelgeler ägirt uly mümkinçilikleri bolan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek we köpugurly esasda ösdürmek üçin pugta binýady emele getirip, täze derejede dowam edýär we onuň üsti ýetirilýär.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderleriniň duşuşyklarynyň yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolmagy döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini alamatlandyrýar. Duşuşyklaryň her biri özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we anyk ylalaşyklary gazanmaga utgaşýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň kadalaşdyryş-hukuk binýadynyň 180-den gowrak resminamasynyň bardygyny bellemeli. Olaryň hatarynda Prezident Şawkat Mirziýoýewiň geçen ýylyň martynda biziň ýurdumyza bolan döwlet saparynyň dowamynda gol çekilen Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama bar.

Şol wagt iki goňşy döwletleriň Baştutanlary Lebap welaýatynda Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Amyderýanyň iki kenaryny birleşdiren kaşaň desga bir wagtlar Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň täze möhüm bölegini emele getirdi.

Iki ýurduň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Munuň özi üstünlikli ykdysady ösüşiň we rowaçlygyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Özbegistan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän we Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn we Uzak Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmäge gönükdirilen sebitleýin we halkara ähmiýetli iri taslamalaryna işjeň goldaw berýär. Hazaryň üstünden geçýän ulag geçelgeleriniň, şol sanda häzirki döwürde ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýän Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziliniň mümkinçiliklerini peýdalanmaga goňşy döwlet uly gyzyklanma bildirýär.

Energetika pudagy türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Iki döwletiň bu ugurdaky tagallalary netijeli utgaşdyrmakda anyk we netijeli işleri bar. 2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi muňa mysal bolup biler. ХХI asyryň ägirt uly taslamasynyň durmuşa geçirilmegi häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ählumumy energetika howpsuzlygyny kemala getirmäge gönükdirilen anyk goşantdyr.

Gazanylan hökümetara ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde, dürli pudaklardaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda we olary köpugurly esasda ösdürmekde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek toparyna möhüm orun degişlidir. Şu ýylyň mart aýynda Daşkent şäherinde bu toparyň nobatdaky 14-nji mejlisi geçirildi.

Türkmenistanda belli özbek kompaniýalarynyň işlemegi we bilelikdäki kärhanalaryň, şol sanda birnäçe önümçilik boýunça ýöriteleşdirilen edaralaryň bolmagy, awtomobil we oba hojalyk tehnikalarynyň getirilmegi hem-de olara degişli hyzmatlaryň ýola goýulmagy ykdysady gatnaşyklaryň esasy görkezijileri bolup durýar.

Goňşy döwletleriň aýry-aýry sebitleriniň arasynda, şeýle hem telekeçilik ulgamy boýunça ýola goýulýan göni gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şeýlelikde, bilelikdäki işewürlik maslahatlary we iki ýurduň haryt öndürijileriniň önümleriniň sergileri guralýar. Umuman, Türkmenistan we Özbegistan özara söwdany, maýa goýum işlerini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda özara bähbitli taslamalary amala aşyrmagyň möçberlerini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ýola goýulýan syýasy gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini, olaryň halkara giňişliginde, BMG-niň, ÝHHG-nyň, GDA-nyň, Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini bellemeli.

Ynsanperwerlik ulgamyndaky gatnaşyklara aýratyn üns berilýär. Ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça oňyn tejribe toplandy. Iki ýurduň arasynda Medeniýet günleri hem-de döredijilik festiwallary yzygiderli geçirilýär. 2017-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça doganlyk Özbegistandan çagalar toparynyň Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaklary türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Daşkentde geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikler barada aýdylanda bolsa, olaryň türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine hyzmat etjekdigi gürrüňsizdir. Ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň jemleri boýunça ýola goýulýan gatnaşyklary täze belentliklere çykarmaga gönükdirilen birnäçe örän möhüm resminamalar toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Özbegistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Milli sergisini guramak we bilelikdäki işewürlik maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.