Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ni gut­la­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Wla­di­mir Pu­ti­ni Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­riş­me­gi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

“Si­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gy­ňyz­da Rus­si­ýa­nyň sy­ýa­sy we dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­ler­de tä­ze sep­git­le­re ýet­jek­di­gi­ne, şeý­le hem hal­ka­ra gi­ňiş­li­k­de at-ab­ra­ýy­ny has-da ber­kit­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn” di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz gut­la­gyn­da bel­le­ýär.

Iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry de­re­jä eýe­di­gi­ni bel­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy.

“Hä­zir­ki wagt­da bi­ziň ýurt­la­ry­myz has giň ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry bi­ziň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry­my­zyň ne­ti­je­sin­de, ýurt­la­ry­my­zyň we halk­la­ry­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­na öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ru­hun­da mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne we pug­ta­lan­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynan­ýa­ryn” diý­lip gut­lag­da bel­le­nil­ýär.

Ýa­kym­ly müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Wla­di­mir Pu­ti­ne berk jan sag­lyk, bagt we döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­sin­de alyp bar­ýan jo­gap­kär­li işin­de uly üs­tün­lik, Rus­si­ýa­nyň dost­luk­ly hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk we gül­läp ösüş ar­zuw et­di.