Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow D.A.Medwedewi Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

“Bu wezipä gaýtadan saýlanmagyňyz Size bildirilen ýokary ynamyň we ýurduňyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyzyň görkezijisi bolup durýar. Siziň Hökümet Baştutany wezipesindäki işiňiziň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn, däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz gutlagynda belleýär.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Dmitriý Medwedewe berk jan saglyk, şahsy bagtyýarlyk we Russiýanyň dostlukly halkynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň hem-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.