Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,


Sizi we Türkmenistanyň ähli doganlyk halkyny faşizmiň üstünden gazanylan Beýik Ýeňşiň 73 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň ýurtlarymyzyň halklary egin-egne berip, iň agyr synaglardan geçdiler we Ýeňiş gününiň ýakynlaşdyrylmagyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdular. Olaryň beýik edermenligi gahrymançylygyň, watansöýüjiligiň hem-de Watana gaýduwsyz gulluk etmegiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Bu gün biz şirin janyny gurban edip, parahatçylygy we azatlygy goran adamlaryň ýagty ýadygärliginiň öňünde başymyzy egýäris. Biz söweş meýdanlarynda hem-de tylda edermenlik, gaýduwsyzlyk we gahrymançylyk görkezen weteranlarymyza çuňňur hormat-sarpa goýýarys. Olaryň şöhratly edermenligi hakyndaky hakyda biziň ýüreklerimizde baky ýaşar.

Biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine bilelikdäki tagallalarymyz bilen mundan beýläk-de özbek-türkmen dostluk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrjakdygymyza ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.