Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Mahathir Mohamadi Malaýziýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

“Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmak, düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklarymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk hem ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz gutlagynda belleýär.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz jenap Mahathir Mohamada berk jan saglyk, şahsy bagtyýarlyk we abadançylyk, Malaýziýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.