Aşgabat şäheriniň gününiň öň ýanynda paýtagtyň seýilgähler toplumyna täze dynç alyş zolaklary goşuldy

Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN

Seýilgähleriň dördüsiniň: Berkararalyk etrabynda “Kemine”, Köpetdag etrabynda “Nurmuhammet Andalyp” adyndaky, Bagtyýarlyk etrabynda Magtymguly şaýolunyň Tähran köçesi bilen kesişýän ýerinde, şeýle hem Büzmeýin etrabynda Gündogar köçesiniň ugrunda seýilgähleriň açylyşy boldy. Olarda ozal bar bolan daragtlar saklanyldy we ýene iki ýüze golaý nahal oturdyldy. Çüwdürimleriň töweregi, ýodalar, oýunlar meýdançalary we dynç alyş zolaklary hoşboý ysly güller bilen bezeldi.

Gurluşykçylar “Türkmenjamagattaslama” we “Aşgabattaslama” institutlarynda taýýarlanylan meýilleşdiriş çözgütlerine laýyklykda ol ýerleri ähmiýetine görä zolaklara böldüler we abadanlaşdyrdylar. Energetika we jemagat hojalygy ministrlikleriniň potratçy edaralary, Aşgabat şäher häkimliginiň gurluşylk edaralary ägirt uly möçberli işleri ýerine ýetirdiler, olaryň tagallasy bilen gezelenç we oýunlar zolaklarynyň durky täzelendi, oturgyçlar, kiçi görnüşli binagärlik usullary täzelenildi. Seýilgähleriň üçüsinde jemi 18,5 müň inedördül metr ýodajyklar we şonça möçberde uzynlykda granit ýoljähekler, 80-e golaý oturgyçlar, bezeglik çyraly sütünleriň onlarçasy goýuldy. Çüwdürimler merjen düwmelerini çar ýana seçdiler.

Paýtagtyň köpsanly seýilgäh toplumlarynyň utgaşdyrylan ulgamda dynç alyş zolaklary we ekoleogiýa hem-de estetiki terbiýäniň möhüm bölegi hökmünde wajyp ähmiýeti bar. Aşgabadyň owadan binagärlik görküne sazlaşykly goşulan gök zolaklar şäherlileriň müňlerçesini özüne çekýär, olar maşgalasy bilen ýakymly we peýdaly şertlerde dynç alýarlar.