“Türkmen arhiwi” žurnalynyň nobatdaky sany

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi giň okyjylar köpçüligine niýetlenen taryhy-resminama, ylmy-taglymat we usulyýet pudaklaýyn žurnalynyň 19-njy sanyny çap etdi. Türkmen we rus dillerinde neşir edilýän “Türkmen arhiwi” žurnalynyň esasy wezipesi Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny wagyz etmekden, ýurdumyzyň arhiw işiniň nazaryýet esaslarynyň ösdürilmegine hem-de bu ulgamda gazanylanlary beýan etmäge ýardam bermekden ybaratdyr.

Neşiriň nobatdaky sany Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlarynyň hem-de Kararlarynyň, has ähmiýetli kanunçylyk we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň toplumy bilen açylýar. Žurnalda Watanymyzyň täze taryhynyň ýyl ýazgysynda möhüm tapgyry alamatlandyrýan geçen ýylyň jemgyýetçilik-syýasy wakalary baradaky makalalara aýratyn orun berilýär.

Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň erk-islegine laýyklykda, 2017-nji ýylyň fewralynda saýlawçylaryň sesleriniň aglaba köplügi bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesine saýlanyldy. Hormatly Prezidentimiziň oňyn, täzeçil syýasaty ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşini, dünýä derejesinde belent abraýyny alamatlandyrdy, türkmenistanlylar häzirki bagtyýar döwri we nurana geljegi döwlet Baştutanymyzyň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Geçen ýyl hem şeýle halkara derejeli çärelere baý boldy, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary şolaryň iň ýatda galyjylarynyň biri boldy.

Şunuň bilen baglylykda, “Resmi namalar” bölüminde hormatly Prezidentimiziň ýokary döwlet wezipesine girişmegi mynasybetli geçirilen dabaradaky, şeýle hem “Aziada — 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongresde, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyşynda, milli ýygyndy toparymyzyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasynda, Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde eden çykyşlary ýerleşdirilýär.

Türkmenistan bitaraplyk derejesine hem-de parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, milli we umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlary netijeli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan amatly mümkinçilikleriň bilelikde peýdalanylmagyna ýurdumyzyň çemeleşmeleriniň döredijilikli häsiýetini görkezýär we Milletler Bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

Türkmen döwletiniň başlangyjy bilen “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýany kabul etmegi munuň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem “Küştdepdi” milli aýdym we tans sungatyny adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada ÝUNESKO-nyň çözgüdi Watanymyzyň dünýä derejesindäki belent abraýyny tassyklaýan möhüm wakalaryň biri boldy.

“Täze neşirler” diýen umumy sözbaşy bilen ýerleşdirilen makalalardan okyjylar milli Liderimiziň galamyndan çykan “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Mertler Watany beýgeldýär”, “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur”, “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly kitaplarynyň, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň 9-njy jildiniň, şeýle hem “Arkadagyň ajap eýýamy” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary baradaky habarlar bilen tanşyp bilerler.

Döwlet edaralarynyň, guramalaryň, kärhanalaryň alyp barýan işlerinde emele gelýän resminamalar türkmen halkynyň maddy we ruhy durmuşyny beýan edýär hem-de taryhy, ylmy, durmuş, ykdysady, syýasy, medeni ähmiýete eýe bolup durýar. Wagtyň geçmegi bilen, Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň maglumat serişdeleriniň gymmatlygy barha ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, milli mirasyň aýrylmaz bölegi bolan resminamalar toplumlarynyň aýawly saklanylmagynyň üpjün edilmegi ýurdumyzyň arhiwleriniň möhüm wezipesidir hem-de ozaly bilen, edaralaryň iş dolandyryş gulluklarynyň işleriniň dürs ýola goýulmagyny talap edýär.

“Pudaklaýyn arhiwleriň işleri we wezipeleri”, “Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudak edaralarynda, guramalarynda iş dolandyrylyşyň we pudaklaýyn arhiwleriň ýagdaýyna arhiw barlaglary tarapyndan hemmetaraplaýyn barlaglaryň guralyşy we geçirilişi”, “Gaznalarda resminamalaryň saklanylyşyna ýerli howanyň täsiri” atly usulyýet makalalarynyň toplumy hem bu meselä bagyşlanandyr. Žurnalyň sahypalarynda “Işgärler üpjünçiligi” atly umumy sözbaşy bilen ýörite bölüm, saklanyş möhletleri görkezilen bir görnüşli resminamalaryň sanawy hem ýerleşdirilýär.

Häzirki wagtda türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasyny gorap saklamak hem-de dünýäde wagyz etmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Bu möhüm işiň geçirilmeginde arhiwlere uly orun degişlidir, olarda täsin taryhy-medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolan Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň gymmatly resminamalaýyn çeşmeleri jemlenendir.

Arhiw maglumatlary bilen tanyşmak mümkinçiligi geçen döwürleriň wakalaryna baha bermäge we ýurdumyzyň taryhyna gyzyklanmany artdyrmaga şert döredýär. Hususan-da, meşhur ylym, medeniýet we sungat işgärleriniň durmuş ýoly hem-de döredijiligi barada gürrüň berýän makalalar hödürlenilýär.

Žurnalyň nobatdaky sanynda ХХ asyryň 50 — 60-njy ýyllarynda ýurdumyzda ylmyň ýagdaýy, “Kitaby dädem Gorkudyň” mysalynda gelin-gyzlaryň gender deňligi, milli geýimler, türkmenleriň çaga lybaslarynyň aýratynlyklary baradaky makalalar ýerleşdirilýär. Žurnalda Aşgabatda üstünlikli geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna syn berilýär, şol oýunlar sportuň, parahatçylygyň hem-de dostlugyň baýramy hökmünde hemmeleriň ýadynda galdy. Kinofotofono resminamalar merkezi döwlet arhiwiniň maglumatlary boýunça taýýarlanylan “Türkmen zenanlary” suratlar toplumy bilen tanyşmak hem okyjylar üçin gyzykly bolar.

Umuman, neşirde çap edilen maglumatlar giň okyjylar köpçüligi — ülkäni öwrenijiler, mugallymlar we ylmy işgärler, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem dürli derejeli edaralaryň iş dolandyryş we arhiw gulluklarynyň işgärleri üçin peýdaly bolar.

Žurnal Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde çap edildi hem-de ýokary çaphana derejesi bilen tapawutlanýar.