Türkmenistany senagatlaşdyrmak: himiýa senagatynyň kuwwaty artýar

Türkmenistanyň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga gönükdirilen syýasaty ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykardy we himiýa senagatynyň okgunly ösüşine kuwwatly itergi berdi. Pudagyň ägirt uly kuwwatlyklary giň möçberli tebigy serişdelere, ýokary tehnologiýaly düzümde döredilýän mümkinçiliklere esaslanýar.

Beýleki pudaklarda bolşy ýaly, gaýtadan işleýän senagatda himiýa pudagyna möhüm orun degişlidir. Bu pudak milli ykdysadyýetimizi ösüşiň çig mal serişdeleri ýolundan täze pudaklaryň kemala gelmegine geçmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän möhüm wezipeleriniň çözgüdini emele getirýär. Şeýlelikde, dürli görnüşli, bäsdeşlige ukyply we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligi giňeldilýär. Munuň özi içerki sarp edijileri kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň eksport ugruny artdyrýar.

Döwletimiz milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan himiýa senagatynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öz beýanyny tapdy.

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň bähbidine türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen syýasaty bu möhüm wezipeleriň oňyn çözülmegine ýardam edýär. Munuň özi diňe bir çig maly gazyp almak däl, eýsem, ony içerki bazarda bolşy ýaly, daşary ýurtlaryň bazarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli dürli görnüşli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň esasynda düýpli gaýtadan işlemegi öz içine alýar.

Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ösen isleglerini doly kanagatlandyrmak, azyk bolçulygyny berkitmek üçin dürli görnüşli önümleriň önümçiligi boýunça kuwwatlyklary artdyrmak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň biridir.

Uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlary, önümçilige ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar, olary gaýtadan işlemegiň döwrebap usullary we taýýar önümleri öndürmek ýaly şertler ýurdumyzda mineral önümçiligiň görnüşlerini hem-de möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik döretdi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa kärhanasy ýurdumyzyň himiýa pudagynyň möhüm düzümleriniň biri bolup durýar. Ol ýylda 225 müň tonna fosfor dökünlerini we 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge ukyplydyr.

Ekinler üçin mineral dökünleriň önümçiliginde kükürt kislotasynyň esasy çig mallaryň biri bolup durýandygyny nazara alanyňda, bu önümiň uly geljeginiň we girdejisiniň bardygyny şertlendirýär. Kislota önümhanasynyň taslama kuwwaty diňe bir döwletimiziň içerki sarp edijileriniň bu önüme bolan isleglerini kanagatlandyrman, eýsem, ony eksporta ugratmaga-da mümkinçilik berýär.

Kärhanada öndürilýän fosfor dökünleri ýurdumyzyň oba hojalygynda giňden ulanylýar hem-de ol dürli ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmäge ýardam edýär.

Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň içerki isleglerini doly üpjün etmek üçin çykarylýan önümleriň hilini ýokarlandyrmak we möçberini artdyrmak maksady bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan konsentrirlenen fosfor dökünlerini öndürmek boýunça täze önümhanany gurmak babatda halkara bäsleşigi yglan edildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasaty netijesinde himiýa senagatynyň hünärmenleriniň netijeli işi üçin möhüm şertler döredilýär. Kärhananyň işgärleri daşary ýurtlardan getirilýän himiýa serişdeleriniň ornuny tutýan önümleriň birnäçe görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdular.

Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda amala aşyrylan işleriň netijesinde her ýylda oba hojalyk ekinleriniň ösüşini, ösümlikleri zyýan berijilerden goramagy we hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän ekologiýa taýdan arassa döküniň 1100 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik döredi. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän Amanbulak meýdançasyndaky Tüwergyr kömür gatlagyndan alynýan goňur kömür bu önümiň önümçiligi üçin esasy çig mal bolup durýar.

Şeýle hem zawodda ýylda 100 tonna kuwwaty bolan suwuk aýnanyň önümçiligi ýola goýuldy. Ol gurluşykda, organiki ýaglaryň önümçiliginde, dürli magdanlary baýlaşdyrmakda, şeýle hem guýulary burawlamakda ulanylýar. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesindäki Mäne daş käninde alynýan kwars çägesi onuň önümçiliginiň esasy çig maly bolup durýar. Kärhanada ýylyň başyndan bäri 20,6 tonna suwuk aýna öndürildi. Onuň 14 tonnasy içerki bazarda ýerlenildi.

Zawodda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak maksady bilen, himiýa serişdeleriniň önümçiligine başlamak meýilleşdirilýär. Ol agyz suwuny arassalamagyň möhüm tapgyrlarynyň birinde peýdalanylýar. Häzirki döwürde ähli işler ylmy seljermeler arkaly amala aşyrylýar. Bu önümiň önümçilik desgasynyň gurluşygy doly tamamlandy we sazlaýyş işleri alnyp barylýar.

Ägirt uly serişde binýady ýurdumyzda ýoduň, bromuň we himiýa senagatynda giňden ulanylýan beýleki serişdeleriň iri önümçiliginiň kemala gelmegini şertlendirdi. Häzirki döwürde “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde her ýylda 540 tonnadan gowrak ýod öndürilýär. 2018 — 2024-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksatnamasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň himiýa senagatynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, bu önümiň önümçiligini artdyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Hususan-da, konsern tarapyndan “Hazar” himiýa hem-de “Balkanabat” ýod zawodlarynyň çig mal binýatlarynyň durkuny täzelemek bilen birlikde, ýod, brom we olaryň önümlerini öndürmek boýunça zawodlary gurmak barada halkara bäsleşigi yglan edildi.

Şeýle hem Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän “Çukurguýy” meýdançasynda “Bereket” zawodynyň hünärmenleriniň güýji bilen her ýylda 90 tonna çenli tehniki ýody öndürmäge ukyply 4 sany synag-senagat gurnamasy bina edildi. Bu desgalary çig mal, has takygy, ýodbrom suwy bilen üpjün etmek maksadynda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň kärhanalarynyň güýji bilen ulanylýan guýularyň birnäçesini burawlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Himiýa senagatynyň çig mal we önümçilik mümkinçilikleriniň doly herekete girizilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmek, içerki bazarlary ýokary hilli harytlardan doldurmak boýunça öňde durýan wezipeleri çözmäge mümkinçilik berdi.

Himiýa senagatyna degişli täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň tutuş senagat düzüminiň ösüşine kuwwatly itergi berdi we onuň ýokary hilli ösüşini, bäsdeşlige ukyplylygyny şertlendirdi. Munuň özi ähli babatda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň artmagyna, harytlyk teklipleri has-da giňeldip we gowulandyryp, daşary bazarlara çykmaga mümkinçilik berer.

“Türkmen topragynyň ähli baýlygy halkymyzyň bagtyýarlygyna we abadançylygyna gulluk etmelidir”. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän we diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, hyzmatdaş döwletlere bähbit getirýän ykdysady hem-de durmuş syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.