Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýagmur Bäşimowiç Turşekow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Arslan Gurbanmämmedowiç Aşyrow Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Meýlis Baýrammyradowiç Rejepow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi.
***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygynyň orunbasary Nursähet Ýagmyrowiç Iýaberenow Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Berdimyrat Baýrammammedowiç Bäşimow Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň başlygy wezipesine bellenildi.