Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Ernesto Lagoriodan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlik arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, parahatçylyk söýüji ýurtda özüne ynanylan wezipäni ýerine ýetirmegi uly hormat saýýandygyny nygtady hem-de döwletara gatnaşyklaryny netijeli ösdürmek ugrunda güýç-kuwwatyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Duşuşygyň dowamynda jenap Rikardo Ernesto Lagorio Türkmenistanyň içeri syýasatynyň möhüm ugurlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň amala aşyrylyşy bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem diplomat Mejlisiň düzümi hem-de köpugurly işi, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli demokratik özgertmeleriň çäklerinde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.

Ilçi Türkmenistanyň ýeten derejesine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi. Şeýle hem iki ýurduň kanunçykaryjylyk edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygy bellenildi.

***

Şu gün Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Bu ýerde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Diplomatyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna barmagy meýilleşdirildi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary we Aşgabadyň ajaýyp ýerleri bilen hem tanşar.