Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat

Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň maslahatlar zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gurady.

Türkmen paýtagtynda bu halkara maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda wajyp meseleleri çözmekde Merkezi Aziýa sebitiniň we tutuş dünýäniň çäklerinde ekologiýa maksatnamalaryny hem-de taslamalaryny durmuşa geçirmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek boýunça eýeleýän möhüm ornunyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredildi we şondan bäri Ýer şarynyň köp ýurtlarynda giňden bellenilip, dünýä bileleşigini tutuş adamzady tolgundyrýan häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň hyzmatdaşlyk etmek meýlinde birleşdirýär. Bu senäniň bellenilmegi her bir adamyň daşky gurşaw üçin jogapkärçiligini artdyrýar, tebigata aýawly garamagyň zerurlygy barada oýlanmaga mejbur edýär. Munuň özi geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine tebigatyň gözelliklerini we baýlyklaryny aýawly saklamaga işjeň gatnaşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Şu güne gabatlanylyp, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ekologiýa bilimlerini wagyz etmek boýunça giň möçberli maslahatlar we medeni-aň-bilim çäreleri, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga, dünýäde bioköpdürlüligi goramaga gönükdirilen amaly çäreler geçirilýär.

Baýramçylyk dabaralarynyň maksatnamasy maslahatlary, dürli sergileri, duşuşyklary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri, bäsleşikleri we konsertleri birleşdirýär. Bu çäreler paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda geçirilýär we metbugatda hem-de teleradioýaýlymlarda giňden beýan edilýär. Olarda türkmen topragynyň tebigatynyň gözelligi hem-de döwletimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ekologiýa abadançylygyny döretmek, baý tebigy we biologik serişdeleri rejeli ulanmak hem-de artdyrmak, mähriban Diýarymyzy gülläp ösýän abadan mekana öwürmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işler açylyp görkezilýär.

Ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän şu ýylda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň bellenilmegi häzirki wagtda Merkezi we Günorta Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de Ýewropanyň ýurtlaryny baglanyşdyrýan, ekologiýa babatda howpsuz döwrebap transmilli ulag we energetika ýollaryny döretmek babatda hem örän wajypdyr.

Şu halkara forum hem bu maksatlara laýyk gelýär. Oňa ýurdumyzyň tebigaty goramak edaralarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, pudaklaýyn ministrlikleriň wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň ekolog alymlary we ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli parlamentiň deputatlary gatnaşdylar.

Maslahata daşary ýurtlardan köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagy Türkmenistanyň iri halkara guramalar we ekologiýa ulgamynda dünýäniň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Utgaşdyryjy edarasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG), Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Ýerine ýetiriji komitetiniň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ), Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak boýunça Patyşalyk jemgyýetiniň, Norwegiýanyň Tebigat ulgamynda ylmy barlaglar institutynyň wekilleri bar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagda belleýşi ýaly, biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigat bilen ylalaşykda ýaşamagyň özlerine mahsus bolan ýörelgelerini döredipdirler.

Milli Liderimiz ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksadynyň türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklarymyzy netijeli peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdygyny nygtaýar. Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylda BMG-niň Durnukly ösüş boýunça sammitinde kabul edilen maksatnamalaýyn resminama – “2030-njy ýyla çenli ösüş ulgamynda gün tertibi” ählumumy maksatlaryň 17-sini hem-de olar bilen bagly wezipeleriň 169-syny birleşdirýär. Häzirki wagtda olary durmuşa geçirmäge dünýä bileleşiginiň tagallalary gönükdirilendir. Olaryň hatarynda suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek, ummanlary, deňizleri we olaryň serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak, çölleşmäge garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi saklamak we beýleki wezipeler bar.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede uýgunlaşdyran, olary milli meýilnamalara we maksatnamalara ornaşdyrmagyň üstünde bilelikde işlemäge başlan ilkinji ýurtlaryň biridir.

“Ýaşyl ösüş strategiýasy” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň öňdebaryjy tejribä, iň täze tehnologiýalara hem-de köpasyrlyk milli däplere esaslanýan durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň gurallarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Ýurdumyz BMG-niň Tebigaty goramak baradaky esasy ylalaşyklaryny, şol sanda biologik köpdürlülik hakyndaky, ozon gatlagyny goramak hakyndaky, serhetýaka suw akabalaryny hem-de halkara kölleri goramak we peýdalanmak baradaky Konwensiýalary, Suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar Konwensiýasyny, Çölleşmäge garşy göreşmek baradaky Konwensiýany, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakyndaky Konwensiýasyny we beýleki resminamalary tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý edýär.

Suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamak hem-de gaýtadan dikeltmek, çölleşmäge, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, tebigy we tehnogen betbagtçylyklary öňünden duýdurmak we netijelerini peseltmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we iri halkara forumlaryň belent münberlerinden, şol sanda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen “Rio+20” bütindünýä sammitinde, Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň Tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça III bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII bütindünýä suw forumynda öňe süren başlangyçlary hem şuňa gönükdirilendir. Şol başlangyçlaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak, Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygy üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn täsirli gurallaryny döretmek hakyndaky teklipler bar. Hazar deňziniň täsin biologik toplumy, sözüň doly manysynda, tutuş adamzadyň baýlygy bolup durýar.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy üstünlikli durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda bu netijeli hyzmatdaşlyk täze derejä çykyp, täze gatnaşyjylary hem-de hyzmatdaşlary özüne birleşdirýär.

Şu ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” Kararnamasy, şeýle hem BMG-niň Aral boýunça Ýörite maksatnamasy kabul edildi. Olar Aral deňziniň sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak boýunça netijeli çäreleri görmäge gönükdirilendir. Germaniýa, Gazagystan, Täjigistan, Özbegistan we beýleki döwletler Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamanyň awtordaşlary bolup çykyş etdiler.

Şu halkara maslahatda edilen çykyşlarda ekologiýa çäreleriniň häzir Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň täze ýagdaýyna, tutuş halk hojalygynda tebigatdan peýdalanmagyň düýbünden täze nusgasyna geçmek üçin esasa öwrülýändigi bellenildi. “Ilatyň durmuşynyň sagdyn şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy gorap saklamak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen döwlet tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak boýunça çäreleri amala aşyrýar” diýen düzgün Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilendir.

Munuň şeýle bolmagyna halkara hukugyň kadalaryna kybap gelýän Türkmenistanyň “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Tokaý kodeksi”, “Balykçylyk we suw biologik serişdeleri goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” we beýleki Kanunlary ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy” we “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Olarda ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmegi ileri tutmak, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli düzümleriniň işlemeginiň esasy ýagdaýy hökmünde “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek üçin şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Nygtalyşy ýaly, şunuň bilen baglylykda, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygynyň maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ol Ýer ýüzüniň suw serişdelerini goramak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň çözülmegine saldamly goşantdyr.

Ekerançylygy üstünlikli ýöretmegiň hem-de gurak zolakda suwdan peýdalanmagyň ägirt uly tejribesine eýe bolan Türkmenistan bu ulgamda ylmy-barlaglary geçirmegiň öňbaşçysy bolup çykyş edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Garagum çölüniň goraghana zolaklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça möhüm işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň beýleki köp sanly tebigy ýadygärlikleri ýaly, “Köýtendag” hem-de “Bathyz” goraghanalarynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, gaýtalanmajak tebigaty milli baýlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar hem-de abraýly sanawa goşulmaga mynasypdyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Merkezi Garagumda döredilen “Bereketli Garagum” döwlet goraghanasy ylmy esasda Garagumuň ekologiýa ulgamynyň köpdürlüligini aýawly saklamak, çöllük we ýarym çöllük zolakda goraghana işiniň esaslaryny işläp taýýarlamak, bu ulgamda halkara gatnaşyklary giňeltmek babatda nusgalyk bolmalydyr.

Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, dünýäniň bu täsin suw giňişliginiň örän baý tebigy we biologiýa serişdelerini aýawly peýdalanmak halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Hazaryň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge berilýän möhüm ähmiýet, ilkinji nobatda, örän baý we köp dürli ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi bolan tebigatyň hakyky merjeni bolup durýan bu suw giňişliginiň aýratyn derejesi bilen şertlenendir.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşen “Hazar” döwlet goraghanasy täsin tebigy toplum bolup durýar. Ösümlikleriň we haýwanlaryň ýüzlerçe görnüşi seýrek duş gelýän baýlyklardyr. Şoňa görä-de, olar dünýäniň biologik köpdürlüliginiň bahasyna ýetip bolmajak genofonduny düzýär.

Goraghananyň çäginden göçüp-gonýan guşlaryň Merkezi Aziýa hem-de Gündogar Afrika ýollary geçýär, deňiz bogazlary we suw-batgalyk ýerleri bolsa millionlarça guşlaryň — gyzylinjikleriň, guwlaryň, gazlaryň, ördekleriň hem-de gotanlaryň höwürtgeleýän hem-de gyşlaýan ýerleri bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, olar halkara ähmiýetli ýerler hökmünde Ramsar Konwensiýasynyň aýratyn sanawyna girizildi. Deňiz giňişliginiň täsin ýaşaýjysy bolan Hazar düwlenini gorap saklamak boýunça taslamany bu ýerde tebigaty goramak boýunça üstünlikli amala aşyrylan çäreleriň hatarynda görkezmek bolar.

Hazaryň kenarynda dünýä derejesindäki şypahanany — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky deňsiz-taýsyz taslamanyň ekologiýa ugry maslahata gatnaşyjylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Döwrebap we “ýaşyl” tehnologiýalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ägirt uly pikirini durmuşa geçirmegiň zerur şerti bolup durýar. Hazaryň kenarynda gurulýan döwrebap saglyk merkezleriniň we myhmanhanalaryň hem-de senagat kärhanalarynyň esasy alamatlarynyň biri olaryň halkara ekologiýa ölçeglerine kybap gelmeginden ybaratdyr.

Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz porty hem bu talaplara doly laýyk gelýär. Şu ýylyň maýynda bu portuň dabaraly ýagdaýda açylmagy diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebit möçberinde hem möhüm ähmiýetli waka boldy. Ekolog bilermenleriniň bahasyna görä, “ýaşyl port” derejesine eýe bolan desganyň köpugurly düzümi sebit hem-de sebitara ulag-üstaşyr gatnaşyklary ösdürmek, durnukly ösüş we ykdysady howpsuzlyk ulgamynda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly kuwwata eýedir.

Portuň kenarýaka zolagynda emeli adany gurmak ýaly ekologiýa taslamasynyň wajypdygyny hem bellemelidiris. Bu ýerde göçüp-gonýan hem-de Hazar goraghanasynyň ýerli guşlarynyň höwürtgelemegi üçin oňaýly şertler döredildi.

Kenar ýakasynda alnyp barylýan iri möçberli bagy-bossanlyga büremek işleri hem ekologiýa ýagdaýyna aýrylmaz baglydyr. Şol ýerlerde bagy-bossanlyklar täze-täze seýilgäh zolaklary, dynç alýanlaryň saglygyna oňaýly täsir edýän has amatly howa ýagdaýy döredilýär.

Tutuş ýurdumyz boýunça amala aşyrylýan giň gerimli bagy-bossanlyga büremek maksatnamasy ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak babatda dünýä işine ägirt uly goşandydyr. Şol maksatnamanyň çäklerinde şäherleriň, ilatly ýerleriň töwereklerinde, awtomobil we demir ýollarynyň ugurlarynda täze tokaýlyklar kemala gelýär.

Tebigaty goramak babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ekologiýa meselelere ylmy taýdan çemeleşmegiň möhümdigi, innowasion we ýokary tehnologiýaly çözgütleri, şol sanda ilaty agyz suw bilen üpjün etmek ulgamynda öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak, senagatyň hapa suwlaryny arassalamak, olary ekerançylyk üçin gaýtadan peýdalanmak ugurlaryny hem belläp geçmek ýerlikli bolar.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň halkara guramalary bilen bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň çäklerinde, şol sanda bioköpdürlülik, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini aýawly saklamak we dolandyrmak, ýurdumyzyň aýratyn goralýan çäklerini ösdürmek, Hazar deňziniň kenar ýakasynda emeli adalary döretmek ulgamynyň çäklerinde ekologiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygynyň dürli meselelerine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyza tebigaty goramak çärelerine uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirdiler we tebigatdan rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek, eziz Watanymyzyň daşky gurşawyny netijeli goramak maksady bilen, ekologiýa ähmiýetli taslamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli bilimlerini hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň eýwanynda guralan sergi ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda gazanan üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli ägirt uly durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we ekologiýa taslamalarynyň başyny başlan hormatly Prezidentimiziň kitaplary bu sergide mynasyp orun eýeledi. Şol maksatnamalaryň we taslamalaryň esasy maksady bolsa, eziz Watanymyzy durnukly ösdürmekden ybaratdyr.

Şu gün Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guralan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmen tebigaty Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda” atly sergi açyldy. Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde guralan okuw maslahaty ekologiýa işine ylmy işläp taýýarlamalary we innowasiýalary ornaşdyrmak meselelerine bagyşlandy.

Şanly sene mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirildi.