“Dalçyn” okuw merkeziniň mugallymlary “online” şekilde öz hünär derejelerini kämilleşdirýärler

Surata düşüren: Süleyman Çaryýew

Bilim pudagynyň hususy ulgamynyň wekilleri ýaş nesliň ýokary hilli bilim almagy üçin oňaýly hem-de amatly ýagdaýy döredip, innowasion bilimiň kemala getirilmegine işjeň gatnaşýarlar.

Şu ýylyň fewral aýyndan başlap, “Dalçyn” okuw merkeziniň işgärleri iňlis dili mugallymlarynyň hünär derejesini kämilleşdirmek taslamasyna gatnaşyp başladylar. Bu okuwlaryň aýratynlygy – okuwlaryň uzak aralykdan daşary ýurtda ýerleşýän Kembrij uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan geçirilimeginden ybarat.

“Dalçyn” okuw merkeziniň mugallymlarynyň aýtmagyna görä, bu sapaklar olara dünýäniň iň belli, tanymal we öňdebaryjy okuw jaýlarynyň birinde işleýän daşary ýurt hünärmenlerinden baý we örän möhüm tejribeleri öwredýär. Okuw merkezine gatnaýan okuwçylara daşary ýurda gitmezden, Kembrij uniwersitetiniň usulyýetine görä iňlis dilini öwrenmek üçin uly mümkinçilik döredi.

“Dalçyn” hususy kärhanasynyň mugallymlary üçin uzak aralykdan geçirilýän okuw umumy bilimi, esasan-da netijeli bilim bermek, sapaklary meýilleşdirmek we şuňa meňzeş beýleki bilimleri berkitmek maksady bilen ýola goýuldy. Wagtyň geçmegi bilen, öwrenilýän mowzuklaryň dürli kiçi ugurlara bölünmegi bilim bermegiň hem-de okuwçylar bilen işleşmegiň dürli görnüşlerini etaplaýyn öwrenmäge ýardam berdi.

“Dalçyn” hususy kärhanasynyň mugallymlary üçin bu okuwlar Kembrij uniwersitetiniň hünärmenleri bilen elektron hatlary alyşmakdan başlap, wideo arkaly gepleşik görnüşlerinde hem geçirildi.

Kembrij uniwersitetiniň hünärmenleri okuw merkeziniň mugallymlaryna häzirki döwre laýyk, döwrebap hem-de täze maglumatlary bermäge çalyşdylar. Täze maglumatlar bilen tanşyp, mugallymlar şol bada bu öwrenilen täze usuly öz okuwlarynda ulandylar. Merkeze gatnaýan okuwçylar okuw sapaklarynyň gurluşyny kämilleşdiren hem-de okuwlaryň has-da sazlaşykly bolmagyna ýardam eden, bu täzelikleri hem-de üýtgeşmeleri uly höwes bilen kabul etdiler.

Häzirki wagta çenli “Dalçyn” okuw merkeziniň mugallymlary mowzuklaryň 10-sy boýunça uzak aralykdan geçirlýän okuwy tamamladylar. Ýaňy- ýakynda okuwy üstünlikli tamamlan işgärlere şahadatnamalar gowşuryldy.

“Dalçyn” hususy kärhanasynyň bu ugur boýunça döredijilikli çemeleşmesi mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilik döredýän, şeýle-de mekdep okuwçylara we talyplara ýokary derejeli bilim bermäge ýardam berýän uzak aralykdan geçiriliýän okuwlaryň Türkmenistanda üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.