Türkmenistanda Kolumbiýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfonso Lopes Kabalýerodan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi, öz nobatynda, hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda jenap Alfonso Lopes Kabalýero Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada habar berildi. Giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Myhman ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan, baş maksady halkymyzyň abadançylygyny, türkmen halkynyň gülläp ösmegini gazanmakdan ybarat bolan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler bilen-de tanyşdyryldy. Hususan-da, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim ulgamyny hem-de sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Diplomat Mejlisiň düzümi hem-de kanunçykaryjylyk işiniň ugurlary bilen hem tanyşdyryldy.

Dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili ikitaraplaýyn we abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde Türkmenistan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge Kolumbiýanyň uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm ýagdaýy bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine iki tarapyň taýýardygy aýdyldy.

***

Şu gün Kolumbiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň esasy meselesi boldy.

Alfonso Lopes Kabalýero DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna-da baryp gördi.