Resmi habar

Türkmenistanyň Mejlisi «Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ekstradisiýa etmek hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda», «Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda jenaýat işleri boýunça özara hukuk kömegini bermek hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda», «Terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna hem-de jenaýatlaryň beýleki görnüşlerine garşy göreşmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Halkara raýat awiasiýasy babatda bikanun hereketlere garşy göreşmek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda», «Howa gämileriniň bikanun basylyp alynmagyna garşy göreşmek hakynda Konwensiýanyň üstüni ýetirýän Teswirnama goşulmak hakynda» Kararlary kabul etdi.