Türkmenistanda Zambiýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Zambiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadrek Luwitadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan türkmen Liderine mähirli salam aýtdy hem-de Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we rowaçlygy baradaky arzuwlaryny beýan edip, iki döwletiň we halklaryň bähbitlerine ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tejribesini hem-de bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Diplomatyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy hem-de mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary halkara syýasy giňişlikde, şol sanda Zambiýa Respublikasynda hem uly hormata we goldawa mynasyp bolýar. Dünýä jemgyýetçiligi yklymara ulag we energetika geçirijiler ulgamlarynyň gurluşygy boýunça ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine türkmen döwletiniň goşandyna ýokary baha berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda ilçä Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada giňişleýin gürrüň berildi. Bu syýasatda gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi hem-de iri halkara guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine möhüm orun berilýär. Türkmenistanlylaryň durmuş hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilip, milli Liderimiziň başyny başlan iri durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylyşyna aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler babatda milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri duşuşygyň meseleleriniň biri boldy.

***

Şu gün Zambiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şol ýerde özara gyzyklanma bildirilýän döwletara gatnaşyklaryň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.