Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk — halklary ýakynlaşdyrmagyň ýoly

Şu gün Gazagystanyň paýtagtynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIII forumy öz işini tamamlady. Oňa Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan wekiller gatnaşdylar. Olaryň hatarynda görnükli ylym, bilim, medeniýet işgärleri, Arkalaşygyň ýurtlarynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem döwletara düzümleriň, halkara guramalaryň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri bar.

Forumyň işiniň ikinji gününde ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň esasy ugurlary gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Arkalaşygyň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmak we ony baýlaşdyrmak boýunça anyk çäreler kesgitlenildi, ýakyn geljekde bilelikdäki maksatnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar ynsanperwer ulgamda öz ýurtlarynyň üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar, döwrüň möhüm meselelerini çözmekde öz tejribelerini paýlaşdylar hem-de geljekki nesilleriň bähbitlerine hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary barada öz tekliplerini beýan etdiler.

“Astana: medeni institutlaryň döreýşiniň we ösüşiniň üstünlikli tejribesi”, “GDA-nyň medeniýet ýyly: ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk”, “Bilimiň ynsanperwerleşmegi: taryh we geljek”, “Geljekki nesil: dowamatlylyk we innowasiýalar” atly bölümler boýunça geçirilen mejlislerde uzakmöhletli döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna hem-de goldanylmagyna ýardam berýän medeni alyşmalaryň eýeleýän orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, edebiýat we sungat ulgamynda yzygiderli esasda bilelikdäki festiwallary, sergileri, bäsleşikleri, şeýle hem bilim we ylym çärelerini guramagyň ähmiýeti barada aýdyldy.

Tanyşdyrmalaryň barşynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary bu ýere ýygnananlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyş etdiler. Olar durmuş-ykdysady ösüşiň we rowaçlygyň möhüm ýagdaýy hökmünde bilim, ylym, medeniýet ulgamlaryny özgertmekden we döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Häzir Türkmenistanda maddy we maddy däl medeni mirasy goramagyň hem-de wagyz etmegiň netijeli ulgamy döredildi, onuň köp bölegi umumydünýä ähmiýetine eýedir.

Şunuň bilen birlikde, zehinli ýaşlary goldamak we höweslendirmek üçin oňaýly şertler döredilýär. Ýaşlar ugry boýunça, şol sanda bu ugurlarda innowasiýalary we öňdebaryjy usulyýetleri peýdalanmak bilen ylmy-barlag taslamalary amala aşyrmagyň hasabyna halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan geljekde-de alyşmak, dürli ulgamlarda ösen tejribeleri öwrenmek we ornaşdyrmak arkaly gyzyklanma bildirýän döwletler bilen ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýär.

Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda netijeli medeni hyzmatdaşlygyň medeniýet edaralarynyň, döredijilik işgärleriň birleşikleriniň hem-de aýry-aýry meşhur işgärleriň arasynda göni gatnaşyklary nazarda tutýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, hünärmenleri, alymlary, mugallymlary, talyplary, şeýle hem ylmy we usuly edebiýatlary alyşmak arkaly GDA ýurtlaryň bilim merkezleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň we ösdürmegiň zerurdygy barada aýdyldy.

Umumy maslahatlaryň barşynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, taryhy mirasy gorap saklamaga hem-de GDA-nyň çäklerinde köptaraply taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen bilelikdäki işleri has-da işjeňleşdirmek barada teklipler beýan edildi. Şeýle duşuşyklar Arkalaşygyň ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryna oňyn täsir edýän täze pikirleriň we çözgütleriň çekilmegine ýardam edýär.

Foruma gatnaşýanlaryň umumy pikirine görä, ýeke-täk medeni, maglumat we bilim giňişligini mundan beýläk-de kemala getirmek, halklaryň arasyndaky köpasyrlyk ruhy aragatnaşyklary saklamak, hyzmatdaşlyk etmegiň has çeýe hem-de netijeli görnüşleri gözlemek baş wezipe bolmagynda galýar. GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň halkara gaznasynyň howandarlygynda maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn orun berilýär.

Forumyň işiniň netijeleri boýunça Rezolýusiýa kabul edilip, onda bilelikde geçirilen çäreleriň tejribesi hem-de netijeleri umumylaşdyryldy, geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Dürli bilim pudaklary we döredijilik işleriniň, bilim ulgamlarynyň, sanly ulgama geçirilen kitap, arhiw, muzeý gaznalaryň, ylym, medeniýet hem-de GDA halklarynyň taryhy mirasy babatda milli elektron arhiwleriň esasynda umumy sanly ynsanperwer giňişligini döretmek boýunça çäreleriň görülmegine aýratyn üns berildi.

Resminamada ýurtlaryň arasynda özara hereket etmegiň täze gurallaryny we ugurlaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygy nygtalýar. Şunuň bilen birlikde, hyzmatdaş döwletleriň dillerini, medeniýetlerini, taryhlaryny hem-de milli däplerini hemmetaraplaýyn öwrenmek üçin gatnaşyklary giňeltmäge ýardam bermegiň, şonuň ýaly-da, häzirki zaman maglumat jemgyýetçiligi şertlerinde okuwçylaryň habar beriş serişdeleriniň medeniýetini kemala getirmegiň tejribesini alyşmagyň wajypdygy bellenildi.

Mundan başga-da, bilelikdäki döredijilik, bilim, dürli ugurlarda GDA-nyň ýaşlarynyň durmuş başlangyçlary baradaky meselelere uly ähmiýet berildi. Rezolýusiýada 2011-2030-njy ýyllar üçin GDA gatnaşyjy döwletleriň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygy Strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň hem-de ýaşlaryň meýletinçilik boýunça maksatnamalaryny goldamagyň maksadalaýykdygy bellenilýär.

2019-njy ýyly Kitap ýyly diýip yglan etmek hakynda GDA döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdini nazara alyp, Rezolýusiýa bilen bilelikdäki durmuş ähmiýetli taslamalara hem-de kitap neşir etmek, kitap alyşmak, terjime, okamagy wagyz etmek, GDA-nyň çäklerinde medeni aragatnaşyklaryň serişdesi hökmünde rus dilini goldamak babatda çärelere aýratyn üns bermek teklip edildi. Şeýle hem çagalaryň we ýetginjekleriň kitap okamagyny goldamagyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça bar bolan tejribäni peýdalanmak teklip edildi.