Galla oragynyň depginleri: Ahal welaýaty

Azyklyk dänäniň 450 müň tonnasyny taýýarlamagy borç edinen Ahal welaýatynyň gallaçylary 2018-nji ýylyň galla oragynyň ýokary depginlerini saklaýarlar. 20-nji iýundaky ýagdaýy boýunça, bu ýerde ýetişdirilen hasylyň üçden iki bölegi ýygnaldy. Watan harmanyna bugdaýyň 300 müň tonnadan gowragy tabşyryldy. Ýygnalýan dänäniň artyşy bir gije-gündizde 5 müň 850 tonna deň bolýar.

Oraga gatnaşýanlaryň arasynda däbe öwrülen bäsleşigiň çäklerinde ýaryş ýaýbaňlandyryldy. Ony Demokratik partiýanyň syýasy geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi, Agrar partiýanyň, Zenanlar birleşiginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşleri, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, Oba we suw hojalyk ministrligi, “Galkynyş”, “Nesil”, “Watan” we “Bereketli toprak” gazetleriniň redaksiýalary geçirýär.

Gökdepe etraby galla oragyny tamamlaýjy tapgyrda alyp barýar, bu ýerde güýzlük däne üçin 12,1 müň gektar ýer bölünip berildi. Taýýarlaýyş bölümlerine bugdaýyň 22 müň 400 tonna golaýy—bellenilen görkezijiniň 90 göterime golaýy tabşyryldy. Ak bugdaý etrabynyň daýhanlary umumy işe mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Häzirki wagta çenli olar dänäniň 67 müň 400 tonnasyny ýygnadylar.

Tejen etraby döwlet buýurmasyny 65 göterime golaý ýerine ýetirdi. Ol sebitde giň meýdana — 43 müň 900 gektar meýdana eýe bolup durýar. Häzir meýdanlarda kuwwatly kombaýnlaryň 110-sy işleýär, häzire çenli bugdaýyň 60 müň tonna golaýy oruldy. Tehniki hyzmatyň ýokary derejesi däne ýygnaýan maşynlaryň ýokary netijeli işlemegini gazanmaga, dänäni ugratmagyň takyk tertibini üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Geçen ýyl däne ekişine yhlasly idegiň edilendigini bellemek gerek. Ekin meýdanlaryna mineral we ýerli dökünler berildi. Ähli möhüm agrotehniki çäreler alym-agronomlaryň maslahatlaryny nazara almak bilen geçirildi.

Şu günler galla oragynyň barşyna oba hojalygynyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan berk gözegçilik amala aşyrylýar. Tabşyrylýan dänäniň diňe möçberine däl-de, eýsem, hil görkezijilerine—çyglylygyna we arassalygyna aýratyn üns berilýär.

Oba hojalygyny ösdürmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Obasenagat toplumyna uly möçberde maýa serişdeleri gönükdirilýär. Munuň özi welaýatlary ösdürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge we umuman alanyňda, döwletiň ykdysady taýdan rowaçlanmagyna, ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Häzir galla oragyna gatnaşyjylaryň her biri şu ýyly täze zähmet üstünliklerine beslemek üçin gujur-gaýrat bilen zähmet çekýär.