Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasynyň hem-de kabul edilen beýleki ykdysady we durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine garaldy. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, döwlet býujetiniň serişdelerini netijeli ulanmak, hususy ulgamyň ornuny berkitmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň ösüş depgininiň durnukly saklanylmagyny, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna berk gözegçiligiň amala aşyrylmagyny ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Milli Liderimiz ilatymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny belläp, şol wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady hem-de wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow şu ýylyň 12 — 15-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäherinde boljak halkara nebitgaz sergisine we “ADIPEС-2018” maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Oňa “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekiliýeti gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine, onuň dünýäniň energiýa ulgamyna köptaraplaýyn esasda we sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendigini belledi. Beýleki döwletler we dünýäniň işewür toparlary bilen ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlyk şol syýasatyň wajyp ugry bolup durýar. Döwletimiz bu gatnaşyklary hoşniýetli erk we özara bähbit esasynda ýola goýýar.

Türkmenistanyň BAE-de boljak foruma gatnaşmagynyň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu iri gözden geçirilişde ýurdumyzyň diwarlygynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Munuň özi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýeten derejesini we senagat kuwwatlyklaryny aýdyň görkezmelidir hem-de dünýäniň işewür toparlaryny ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen tanyşdyrmalydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häzirki döwürde welaýatlarda gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işleri, hatarara bejergisi geçirilýär, olara ösüş suwy tutulýar we mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Daýhan birleşiklerinde we etraplaryň tehniki hyzmat edaralarynda oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar.

Daşoguz welaýatynda şaly ekmek işi doly tamamlandy. Lebap welaýatynda bolsa bu iş tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegi babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň suw serişdeleriniň netijeli ulanylyşyna, obasenagat toplumynda suwdan rejeli peýdalanmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny, ekerançylyk meýdanlaryny suwarmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny giňden ulanmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Bu ugurda amala aşyrylýan işler obasenagat toplumynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna, daşky gurşawy goramak boýunça wajyp wezipeleriň oňyn çözgüdine gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we dokma senagatynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberini artdyrmak we senagat önümçiliginiň eksport möçberini köpeltmek hem-de dokma önümleriniň daşarky bazardaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen milli ykdysadyýetimiziň gaýtadan işleýän iri pudaklarynyň önümçilik desgalaryny tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berildi. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň senagat kuwwatlyklaryny has-da artdyrmaga, tutuş dünýäde uly isleg bildirilýän nah matalardan taýýarlanýan önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli bellenen meýilnamalaryň we ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň çäklerinde dokma pudagyny ösdürmegiň täzeçil taslamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Milli ykdysadyýetimiziň bu pudagy ägirt uly serişde mümkinçiliklerine eýe bolup, ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde esasy orun eýeleýär. Ahal welaýatynda inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemek boýunça ähli önümçilik ulgamyny özünde jemleýän täze dokma toplumlarynyň gurluşygy hakynda çözgüdiň kabul edilmegi munuň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de wise-premýere pudaklaýyn maýa goýum taslamalarynyň bellenilen möhletde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň goldaw bermeginde Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda häzir hereket edýän elektrik beketlerini döwrebaplaşdyrmaga hem-de täze, döwrebap gazturbinaly elektrik beketlerini gurmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, elektrik geçiriji ulgamlaryň çekilýändigini, paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasynyň gurulýandygyny, paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we ilatly ýerleriniň energiýa üpjünçilik ulgamynyň täzelenýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz goşmaça kuwwatlyklary işe girizmek meseleleri barada durup geçip, bu ugurda işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi. Munuň özi her ýyl elektrik energiýasyna artýan içerki islegleri doly kanagatlandyrmaga hem-de häzir hereket edýän we täze ugurlar boýunça onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Türkmenistan energetika ulgamynda halkara ähmiýetli iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk meselelerine ýokary derejede jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn taslamalar durmuşa geçirilende, iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri ulanmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni döwrebap ulaglar bilen ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, okgunly ösýän paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň sazlaşykly durmuşyny üpjün etmegiň köp şertlerden ybaratdygyny belledi. Şolaryň biri-de awtoulaglaryň gatnawyny kadaly guramak bilen baglydyr. Milli Liderimiz Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ulag gatnawlarynyň ýygylygynyň artýandygyny nazara almak bilen, olary guramaga we dolandyrmaga döwrebap usullar esasynda çemeleşmegiň möhümdigini belledi we wise-premýere ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylara ýokary hilli hem-de medeniýetli hyzmat edilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Aşgabat şäherinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda medeni-durmuş maksatly binalary we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen baglanyşykly alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlaryny hem-de Awazada täze kottejler toplumyny gurmak boýunça taýýarlyk işleri dowam etdirilýär.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň telekeçileriniň güýji bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan dynç alyş merkezli akwaparkyň gurluşygy hakynda hasabat berdi. Onuň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna örän çynlakaý we jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda göz öňünde tutulan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine taýýarlygyň çäklerinde adamlaryň amatly durmuşy üçin hemme zerur şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän hyzmatlar deňiz şypahanasyny döretmegiň maksatnamasynyň esasyny düzmelidir. Şu ugurda ähli gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygynyň hödürlenilýän hyzmatlaryň hiline möhüm üns berilmelidir. Milli Liderimiz bu babatda aýdyp, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Resminamada 2019-njy ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Medeniýet hepdeligini Balkan welaýatynda geçirmek, şu maksat bilen guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak göz öňünde tutulýar.

Medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleri özleriniň hünär baýramynyň şanyna hem-de beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna guralýan dabaralara uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk gördüler. Wise-premýer Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň açylandygyny habar berdi. Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna dürli konsertler, şygryýet agşamlary, dürli görnüşdäki sergiler, ylmy-amaly maslahatlar, sahnalaşdyrylan çykyşlar, welaýatyň medeni-taryhy ýadygärlikler boýunça syýahatlar, şeýle hem Döwlet sirkinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary girizildi.

Hormatly Prezidentimiz bu döredijilik çäreleriniň ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösüşiniň, milli ruhy mirasymyzy gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan netijeli işleriň aýdyň subutnamasydygyny nygtap, bu ulgamyň mundan beýläk-de ösüşini höweslendirýän we täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna ýardam berýän bu döredijilik çäresiniň ähmiýetine ünsi çekip, hödürlenen resminama gol çekdi.

Milli Liderimiz Medeniýet hepdeliginiň çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu dabaralarda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary we ýörelgeleri, jebisligi hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwaty öz beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriň medeni-sport mekdep festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk meseleleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda şeýle çäreleriň guralmagy dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegini, halklaryň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny, Bitarap Watanymyzyň häzirki taryhy eýýamda gazanýan üstünlikleriniň we türkmen halkynyň maddy-medeni gymmatlyklarynyň dünýäde wagyz edilmegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport ulgamynda amala aşyrýan oňyn syýasaty halkara bileleşiginiň goldawyna we ykrarnamasyna eýe bolýar. Häzirki döwürde Hazaryň kenarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän festiwala taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Oňa ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Russiýanyň, şol sanda Dagystan Respublikasynyň, Galmyk Respublikasynyň we Astrahan oblastynyň mekdep okuwçylary gatnaşarlar.

Onuň maksatnamasyna sportuň alty görnüşi girizildi. Olar basketbol, guşakly göreş, woleýbol, kiçi futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis we küşt görnüşlerinden ybaratdyr. Şeýle hem festiwala gatnaşyjylar dürli döredijilik ukyplaryny görkezerler. Ýaşajyk myhmanlar üçin gyzykly we täsirli medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu medeni-sport forumyny we onuň çäklerinde “Awaza — dostluk mekany” atly zehinli çagalaryň VI halkara festiwalyny geçirmek hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara derejesindäki dürli çäreleriň, şol sanda iri sport ýaryşlarynyň we döredijilik gözden geçirişleriniň geçirilýän merkezine öwrülendigini belledi.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz myhmansöýer türkmen topragynda Hazarýaka döwletleriň ýaş nesillerini bir ýere jemlejek festiwalyň oňa gatnaşyjylar üçin ýatdan çykmajak wakalara öwrülmegi hem-de dostlugyň we parahatçylygyň baýramy hökmünde bellenilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, çagalaryň oňaýly dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin wise-premýer P.Agamyradowa, sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary A.Dowwaýewa käýinç yglan edip, degişli Buýruklara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän sammitine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň AHHG-de başlyklyk etmeginiň meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler hem-de 2017 — 2018-nji ýyllarda geçirilen degişli çäreler barada habar berdi. Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde öňde geçiriljek sammitiň gün tertibiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy, onuň netijeleri boýunça kabul edilmegi göz öňünde tutulýan resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça çäreler görülýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň AHHG-de başlyklyk etmegine örän jogapkärli çemeleşýändigini nygtady we Aral ýakasynda durmuş-ykdysady hem-de ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli ulanmak we bu sebitde daşky gurşawy goramagyň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça özara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy we giňeltmegi esasy maksat hökmünde kesgitledi. Ýurdumyz bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglylykda garaýar.

Türkmen tarapy bu meselelerde işjeň orun eýelemek bilen, anyk başlangyçlaryň ençemesini, şol sanda Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugruna öwürmek boýunça başlangyçlary öňe sürdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow AHHG-ni dörediji döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň ýokary derejede guralmagyny hem-de geçirilmegini üpjün etmegi tabşyryp, onuň netijeleri boýunça gaznanyň işini kämilleşdirmäge, häzirki döwrüň ählumumy işlerinde eýeleýän oňyn ornuny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen anyk we möhüm çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň” taslamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hem habar berdi. Ol degişli ministrlikleriň, edaralaryň we guramalaryň gatnaşmagynda ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň BMG-niň çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýasyndan, beýleki köp sanly halkara ylalaşyklardan we şertnamalardan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça netijeli işleri dowam etdirmek maksadynda işlenip taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ösüp gelýän nesliň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini yglan etmek bilen, bu ugurda ÝUNISEF, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Ilat gaznasy we BMG-niň beýleki düzümleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda çagalaryň hukuklarynyň doly berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär, degişli maksatnamalar amala aşyryldy.

Milli Liderimiz ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ukyplarynyň hem-de zehinleriniň doly durmuşa geçirilmegi, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli hem-de giň gözýetimli ýaş nesli terbiýelemek üçin ähli şertleri döretmek meseleleriniň döwletimiziň mundan beýläk hem üns merkezinde boljakdygyny nygtap, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň” taslamasyny makullady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ony tassyklamak hakynda degişli Karara gol çekip, bu Milli meýilnamanyň yzygiderli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň esasy edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň taýýarlygyny üpjün etmek meselesi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi we taýsyz tagallalary bilen sporty işjeň ösdürmek hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny kämilleşdirmek, sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna netijeli taýýarlyk görmegine gönükdirilen Karara gol çekdi. Häzirki wagtda bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Bu işi yzygiderli geçirmek maksady bilen, milli Liderimiziň garamagyna düzüminde degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we beýleki düzümleriň ýolbaşçylary bolan Guramaçylyk toparyny döretmek boýunça teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşýandyklaryny, şolarda baýrakly orunlary eýeleýändiklerini we medallara, şol sanda altyn medallara eýe bolýandyklaryny belläp, ýurdumyzyň sportunyň bütin dünýädäki abraýyny has-da pugtalandyrmak we ýokarlandyrmak, ony hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ýokary derejede taýýarlamak maksady bilen, guramaçylyk toparyny döretmek hakyndaky Karara gol çekdi we onuň netijeli hem-de sazlaşykly işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek, täze kanunçylyk namalaryny ilata düşündirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek we geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Mejlisi degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlaýar, umumymilli forumyň gün tertibiniň meseleler boýunça raýatlarymyzdan gelip gowuşýan teklipleri öwrenýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegine, kanunçykaryjylyk işinde oňyn halkara tejribesini ulanmaga gönükdirilen wezipeleri çözmekde Mejlisiň yzygiderli we netijeli işlemeginiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk görmek baradaky meselä ünsi çekip, gün tertibiniň ähli meseleleriniň hem-de oňa gatnaşjaklaryň garamagyna hödürlenjek resminamalaryň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz döwlet ähmiýetli, giň möçberli işe ilatymyzyň ähli gatlaklarynyň wekillerini giňden çekmek maksady bilen, öňümizdäki forumyň ýurdumyzy dolandyrmak meselelerinde ata-babalarymyzyň toplan baý taryhy tejribesini we milli aýratynlyklary nazara almak bilen geçirilmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy hem-de şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.