Resmi habarlar

Ýurdumyzda milli medeniýeti, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatyny, telewideniýäni, radiony we medeni aň-bilim edaralaryny, metbugat we neşirýat ulgamyny ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen milli toýy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi we bu hepdeligi geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna we Balkan welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

Hazarýaka döwletleriniň sport baradaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýelemek, ýaş türgenleri taýýarlamak, mekdep okuwçylarynyň sport başarnyklaryny açmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermek we çagalar sportunyň ösmegine goşant goşmak, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine, Bilim ministrligine, Medeniýet ministrligine Ählirussiýa mekdep sporty federasiýasy bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 2 — 7-nji oktýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalyny ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary bilen ylalaşyp, festiwaly geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümini;

Ählirussiýa mekdep sporty federasiýasy bilen ylalaşyp, festiwaly geçirmek hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaga borçly edildi.

Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna festiwaly ýokary derejede guramaçylykly geçirmekde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine, Bilim ministrligine, Medeniýet ministrligine ýardam bermek tabşyryldy.

***

“2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde çykaran Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny mundan beýläk-de üpjün etmek, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de milli-medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertleri ýaýbaňlandyrmak, ösüp gelýän nesliň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, çagalary okatmagyň we durmuşa taýýarlamagyň, olar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň hilini has ýokarlandyrmak we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we olaryň hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de şol hukuklardan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Adalat ministrligine, Daşary işler ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Bilim ministrligine, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine, beýleki degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine Milli meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Milli meýilnamada bellenen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini we adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini utgaşykly alyp barmak Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topara tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Agamyradow Pürli Nurmämmedowiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri Gulgeldiýew Daýanç Ýaranowiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary Dowwaýewa Akjagül Baýmyradowna käýinç yglan edildi.