Galla oragynyň depginleri: Daşoguz welaýaty

Daşoguz welaýatynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça meýilnamanyň irgözinden taýýarlanmagy tutuş orak möwsüminiň anyk işini we kuwwatly tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etdi.

Döwletimiziň obasenagat toplumynyň önümçilik düzümlerini tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalary yzygiderli amala aşyrmagynyň netijesinde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna täze galla kombaýnlarynyň nobatdaky tapgyrynyň gelip gowuşmagy oba hojalyk tehniki parkynyň üstüni ýetirdi.

Welaýatyň ekerançylyk hojalyklarynyň arasynda 1690 gektardan 3600 tonna däne ýygnan Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçylary ýyllyk borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirdiler. Ýygnalan hasylyň meýilnamadan 200 tonna artykdygyna garamazdan, hojalygyň galla meýdanlarynda entek orak möwsümi dowam edýär.

Möwsümiň ilkinji günlerinden başlap, Gubadag, Görogly we Ruhubelent etraplarynyň gallaçylary welaýat boýunça öňdebaryjylardyr. Olar galla oragynyň depginlerini gowşatman, häzirki döwürde meýilnamalaýyn borçnamalaryny 30 göterimden gowrak ýerine ýetirdiler.

Umuman, oragyň başyndan bäri Daşoguz welaýatynda 35 müň gektardan gowrak meýdandan 73 müň tonna golaý hasyl ýygnaldy. Galla oragynyň we hasyly galla kabul ediş bölümlerine daşamagyň depginleri barha artýar.

Gubadag etrabynyň çäginde ýerleşýän welaýatyň ylmy-önümçilik synag merkeziniň daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny welaýatda ilkinjileriň hatarynda berjaý etdiler. Bu ýerde, 350 gektar meýdanda bugdaýyň “Sähraýy” we “Juwan” ýaly ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Şu güne çenli bu ýerde ýokary hilli bugdaýyň 971 tonnasy ýygnaldy. Munuň özi bellenilen meýilnamadan has artykdyr. Ýygnalan hasylyň esasy bölegi — 705 tonnasy ýokary hilli tohumlyk dänedir. Ekerançylygyň öňdebaryjy ylmy usullarynyň işjeň ulanylmagy bu toparyň gazanan üstünlikleriniň girewidir. Ýeri gelende aýtsak, bu merkeziň işgärleri tarapyndan bugdaýyň “Döwletli” atly täze görnüşi çykaryldy. Ol ýerli howa şertlerine uýgunlaşyp, ýokary hasyllylygy we degişli hil derejesi bilen tapawutlanýar. Birleşigiň alymlary bugdaýyň täze görnüşini geljek ýylda öz ekerançylyk meýdanlarynda synagdan geçirmegi meýilleşdirýärler.