Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, BAE-den, Özbegistandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna portlandsement, reňksiz aýna, nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 670 müň dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Türkiýäniň, BAE-niň Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi 5 million manatlykdan gowrak dokma önümlerini, buýan köküniň erginini, nah ýüplügi we matany satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 374 müň 500 manatlyk polipropilen plýonkasyny satyn aldylar.