Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Hoja Sapargeldyýewiç Öwezow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat şäheri) konsuly wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aýmyrat Baýrammyradowiç Goçmyradow Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat şäheri) konsuly wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Mazary-Şarif şäheri) konsullygynyň wise-konsuly wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Tahyrberdi Çaryberdiýewiç Dürhanow Türkmenistanyň Senagat ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Röwşen Şamyradowiç Öwezow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.