Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

1) býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň;

2) pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň;

3) talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmaly.

2. 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

1) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 1286 manat möçberde;

2) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 377 manat möçberde;

3) pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 307 manat möçberde;

4) döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 293 manat möçberde bellemeli.

3. Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 790 manat möçberde bellemeli we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly.

4. 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy hem-de kazyýet edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini şu Permana 1 — 7-nji goşundylara laýyklykda tassyklamaly.

5. Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri, 2018-nji ýylyň 5-nji iýuly.