“Tiz taksi” ykjam telefon goşundysy işlenilip taýýarlanyldy

Aşgabat taksoparkynyň dispetçer gullugynyň awtomatlaşdyrylmagy şäheriň ilatyna hyzmat etmegi has gowulandyrar. Şu maksat bilen “Tiz taksi’ ýörüte ykjam telefon goşundysy işlenilip taýýarlanyldy. Ozal bar bolan “Ýandeks. Taksi”, Uber we beýleki hyzmatlara kybapdaş täze internet – hyzmatyny Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen bilelikde “Altyn Asyr” ÝGPJ ýolagçylara teklip edýär.

“Tiz taksi” çagyrmak üçin ykjam telefonyň eýesi «TIZ.TAXI» goşundysyny goýmaly, ony telefonlar üçin iOS operasion ulgamyndan ýa-da Android üçin Play Market-den göçürip almaly. Goşundy awtomatik usulda golaýdaky taksini gözlemäge ýardam eder.

Programmanyň özi GPS-iň kömegi bilen siziň nirdedigiňizi kesgitlär, eger-de siz haýsydyr bir sebäbe görä salgyňyzy aýdyp bilmeseňiz, sürüjä geljekki ýolagçynyň salgysyny habar berer. Ugur trafigiň şol wagtky we çaklanylýan tizligine görä kesgitleniler. Goşundy sürüji barada anyk maglumat almaga we karta boýunça onuň gelýän ugruny synlamaga mümkinçilik berer.

Ýolagçy salgysyny aýdandan soň programmanyň algoritmleri ýol nyrhyny anyklamaga mümkinçilik berer. Hakyny tölemezden öň ýolagçy geçilen ýol barada anyk maglumatlary alar.