Gyýanlyda gaz – himiýasy toplumy işe girizilmäge taýýarlanylýar

Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN

Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde gurulýan gaz himiýasy toplumynda tebigy gazy gaýtadan işlemäge we etlien öndürmäge girişildi. Has syk polietilen we polipropilen öndürmäge niýetlenen kärhananyň tehnologik enjamlarynda we kömekçi enjamlarda, şeýle hem esasy önümçilik bölümleriniň biri bolan etan krekingi önümçilik bölüminde goýberiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar.

Gaz himiýasy senagatynyň läheňini şu ýylyň sentýabr aýynda işe girizmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde ýylda 5 milliard kub metr tebigy gaz gaýtadan işleniler we 381 müň tonna has syk polietlien, 81 müň tonna polipropilen we beýleki önümler çykarylar. Şol bir wagtyň özünde 4,5 milliard kub metr harytlyk gaz çykarylyp, ol ýangyç hökmünde ulanmak üçin gaz geçirji ulgamlara berler.

Bahasy ABŞ-nyň 3,4 milliard dollaryndan gowrak taslamany “Türkmengaz” Döwlet konserni daşary ýurtly hyzmatdaşlary--«LG International Corp», «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy) we «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrýar.

Etan krekingi enjamy oturdylan polipropilen we polietilen öndürýän zawod heniz taslama tapgyrynda Ýewropada we Ýewraziýada eksport-karz beriji edaralaryň maliýeleşdirýän kärhanalarynyň iň gowylarynyň biri hökmünde «TXF» (Beýik Britaniýa) guramasynyň ýörüte baýragyna mynasyp bolupdy. Bu çözgüt 2014-nji ýylyň iýun aýynyň başynda Parižde abraýly halkara we ätiýaçlandyryş guramalarynyň wekilleriniň maslahatynda kabul edilipdi.

Bu ýerde çig mallyk gazyň tapgyrlaýyn arassalanylmagy, fraksiýalara bölünmegi, termiki krekingi we olefinleriň polimerleşmegi şu gaz himiýasy toplumynyň özboluşly aýratynlygydyr. Dünýäde adatça şu prosessleriň hersi üçin aýry-aýry kärhana taslamasy taýýarlanylýar.

Hazaryň kenarynda polipropilen, pes dykyzlykly polietilen, poliwinilhlorid, şeýle hem kaustik soda, suwuk hlor öndürýän ýene bir gaz himiýasy toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Gyýanlyda ýylda 4 müň tonna etilen gazyny 2 müň tonna metanoly gaýtadan işlemegiň hasabyna metildietanolamin (MDEA) öndürýän enjam gurmagyň taslamasy işlenilip taýýarlanylýar. Çig mal hökmünde täze gaz himiýasy toplumlarynyň aralyk önümleri ulanylar.