Türkmenistanyň demirgazygynda kartoşka köpçülikleýin ýygnalýar

Şu ýylyň baharynda Daşoguz welaýatynda bu ekin 3,5 müň gektara golaý ýere ekildi. Şu wagta çenli ýedi ýarym müň tonnadan gowrak kartoşka ýygnaldy. Hasyly ýygnamakda Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň daýhanlary öňde barýarlar, olar gysga wagtda 700 gektar ýerden bäş ýarym müň tonnadan gowrak hasyl aldylar. Bu göz öňünde tutulandakysynyň ýaryndan gowragydyr.

Şeýle hem Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri 690 gektar ýere ekilen irki sogan ýygnamagy-da dowam edýärler. Sebitde gök-miwe önümlerini esasy ýetişdirýän Gurbansoltan eje adyndaky etrapda 2600 tonnadan gowrak sogan ýygnaldy.

Daşoguz welaýaty gök-miwe we bakja önümleriniň dürli görnüşlerini köp öndürilýän sebitdir. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň jähtinden sebitiň oba hojalyk pudagynda önümçiligi ýokarlandyrmaga, maliýe taýdan höweslendirmäge, ykdysady usullary ulanmaga we oba hojalyk önümçiliginiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan ekinleriň görnüşlerini saýlap almaga, ýerden ýerlikli peýdalanmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär.

Oba hojalyk innowasiýalarynyň we ýerden, suwdan peýdalanmagyň ozaldan gelýän iň gowy usullarynyň sazlaşykly ulanylmagy oňyn ykdysady netije berýär. Meselem, geçen ýylda bu ýerde 48 müň tonna golaý kartoşka öndürildi. Mundan başga-da, sebitiň ekarançylary ýurduň söwda nokatlaryna sogan we kelem, käşir, pomidor, hyýar we beýleki önümleri iberýärler. Daşoguzly bakjaçylar we bagbanlar ýokary hasyl almagyň ussatlarydyr.