Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň ekişi tamamlandy

Çäre bu ekin üçin bellenilen, soňra galla ýygymyndan soň boşan ýerlerde geçirildi. Ony oktýabr aýynda ýygnap başlarlar we bu iş ýazda gowaça hem-de gök ekarançylyk-bakjaçylyk ekinleriniň ekişi başlanýança dowam eder. Hasyl ýygymy tapgyrlaýyn geçiriler, çünki bu ekin sowuga durnuklydyr, ol toprakda gyş aýlary hem saklanyp bilýär.

Ýurdumyzda gant şugundyry suwarymly 17 müň 900 gektar ýere ekilip, bellenilen 11 müň tonna şeker öndürmek üçin 220 müň tonnadan gowrak hasyl alnar. “Maryşeker” zawodynda çig mal gaýtadan işlenilmegi netjesinde azyklyk spirt alnar, önümçiligiň galyndysy oba hojalyk mallaryna iým hökmünde ugradylar. Sugundyr ekmek üçin meýdanlaryň çägi üýtgewsizligine galýar, ol ýurdumyzyň şeker önümçiligi üçin çig mal öndürmekde kärendeçiler bilen baglaşylýan döwlet tabşyrygynda göz öňünde tutulýar. Iş tabşyryjy- Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligidir, golaýda üýtgedilip guralan Azyk senagaty döwlet birleşiginiň kärhanalary hem önuň garamagyna berildi.

Türkmenistanly şugundyr öndürijiler gurak howa şertlerinde özüni gowy görkezen, zyýan beriji mör-möjeklere we ösümlikleriň kesellerine durnukly, şeýle hem düzüminde şeker ýokary bolan Russiýadan getirilen şugundyryň “Romanowskaýa-47” we “Portland” gönüşlerini ýetişdirýärler. “Maryşeker” zawody oba hojalyk önümlerini öndürijileri tohum, hasyl ýygymynda hasyly kabul ediş nokatlaryna ugratmak üçin ulag bilen üpjün edýär.