Türk­me­nis­tan ila­tyň ke­sel­le­re gar­şy dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de dün­ýä­de öň­de bar­ýar

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ila­tyň sa­ni­ta­ri­ýa-epi­de­mio­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek ýa­ly mö­hüm ugur­da dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry üçin nus­ga bo­lup dur­ýar. Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak we ber­kit­mek, amat­ly ýa­şa­ýyş hem-de zäh­met şert­le­ri­ni dö­ret­mek, ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýa­ly döw­let äh­mi­ýet­li mö­hüm we­zi­pe­le­riň çöz­gü­di­ne giň möç­ber­li iş­ler gö­nük­di­ril­ýär.

Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len, şol öz­gert­me­le­re giň ýol aç­ýan ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­dy. Ad­mi­nist­ra­tiw hu­kuk bo­zul­ma­lary ha­kyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň ko­dek­si­niň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň de­giş­li mad­da­la­ryn­da sa­ni­ta­ri­ýa ka­nun­çy­ly­gy­nyň bo­zul­ma­gy üçin bel­le­nil­ýän ad­mi­nist­ra­tiw çä­re­le­riň gö­rül­me­gi kä­mil­leş­di­ril­di, Türk­me­nis­ta­nyň Sa­ni­ta­ri­ýa ko­dek­si, «Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­nyň go­ral­ma­gy ha­kyn­da», «Iý­mit önüm­le­ri­niň howp­suz­ly­gy­nyň we hi­li­niň üp­jün edil­me­gi ha­kyn­da», “Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi gol­da­mak we wa­gyz et­mek ha­kyn­da”, “Ra­di­a­si­ýa howp­suz­ly­gy ha­kyn­da”, “Agyz su­wy ha­kyn­da”, “Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­nyň tem­mä­ki tüs­se­sin­den we tem­mä­ki önüm­le­ri­ni ulan­ma­gyň ne­ti­je­le­rin­den go­ral­ma­gy ha­kyn­da”, «Ada­myň im­mu­no­ýet­mez­çi­lik wi­ru­sy se­bäp­li dö­re­ýän ke­se­liň öňü­ni al­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry, «Du­zy ýod­la­mak we uny de­mir bi­len renç­len­dir­mek ba­ra­da» hem-de «Ýo­ku­my fo­liý tur­şu­sy we de­mir bi­len renç­len­di­ri­len uny ön­dür­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­rar­la­ry ka­bul edil­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len ila­tyň sag­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de we ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan “Türk­me­nis­ta­nyň ilat­ly no­kat­la­ry­ny aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün et­me­giň Baş mak­sat­na­ma­sy”, “Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­nyň sag­dyn iý­mit­len­me­gi bo­ýun­ça 2013 — 2017-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma” hem-de “Türk­me­nis­tan­da ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ryň gar­şy­sy­na gö­reş­mek bo­ýun­ça Aş­ga­bat Jar­na­ma­syn­da bel­le­nen we­zi­pe­le­ri 2014 — 2020-nji ýyl­lar­da ama­la aşyr­ma­gyň Mil­li stra­te­gi­ýa­sy” ka­bul edil­di.

Ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ra epi­de­mio­lo­gi­ýa gö­zeg­çi­li­gi­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça hem-de iý­mit önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi des­ga­la­ryn­da, azyk söw­da­sy, jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti des­ga­la­ryn­da, mek­de­be çen­li ýaş­ly ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da we mek­dep­ler­de, azyk ha­ryt­la­ry­nyň hi­li­ni hem-de howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek we des­ga­lar­da döw­let sa­ni­ta­ri­ýa-epi­de­mio­lo­gi­ýa gö­zeg­çi­lik bar­la­gy­ny ge­çir­mek bo­ýun­ça ka­da­laş­dy­ry­jy hem-de usu­ly­ýet res­mi­na­ma­la­ry kä­mil­leş­di­ril­di.

Gul­lu­gyň bar­lag­ha­na ul­ga­my­nyň yzy­gi­der­li ber­ki­dil­me­gi bi­len bir­lik­de, daş­ky gur­şa­wyň bio­lo­gi­k, fi­zi­ki we hi­mi­ki taý­dan ýa­ra­maz tä­sir­li ýag­daý­la­ry­na, şol san­da iý­mit önüm­le­ri­ne ge­çi­ril­ýän bar­lag­ha­na bar­lag­la­ry­nyň usul­la­ry kä­mil­leş­di­ril­di. Ösüm­lik­den ge­lip çy­kan iý­mit önüm­le­rin­de we beý­le­ki bio­lo­gi­k ma­te­rial­lar­da gen de­re­je­sin­de bar­lag­la­ry ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len ha­ky­ky wagt düz­gü­nin­de po­li­me­raz zyn­jyr­ly reak­si­ýa bar­la­gy, şeý­le hem im­mu­no­fer­ment, hro­ma­tog­ra­fi­ýa, spekt­ro­met­ri­ýa bar­lag usul­la­ry gul­lu­gyň işi­ne or­naş­dy­ryl­dy.

Azyk önüm­le­ri­niň hi­li­ne we howp­suz­ly­gy­na döw­let ta­ra­pyn­dan gö­zeg­çi­li­giň ama­la aşy­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň Döw­let aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Bu ba­bat­da Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan “Azyk­lyk çig ma­ly­nyň we iý­mit önüm­le­ri­niň hi­li­ni hem-de howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça esa­sy ka­da­lar we düz­gün­ler” tas­syk­la­nyl­dy hem-de ol tä­ze yl­my mag­lu­mat­lar esa­syn­da yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Azyk önüm­le­rin­de ada­myň sag­ly­gy üçin howp­ly, ýur­du­myz­da ga­da­gan edi­len iý­mit go­şun­dy­la­ry­nyň bol­maz­ly­gy­na gö­zeg­çi­lik güýç­len­di­ril­di.

“Türk­me­nis­tan­da iý­mit önüm­le­ri­niň hi­li­ni we howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de döw­let aras­sa­çy­lyk gö­zeg­çi­li­gi­ni hem-de bar­la­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Döw­let aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan iý­mit önüm­le­ri­niň döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge alyn­ma­gy, ýur­du­my­zyň ba­zar­la­ryn­da sa­tyl­ýan mal­dar­çy­lyk, guş, balary, ba­lyk, gök-bak­ja we beý­le­ki önüm­le­re bar­lag ge­çi­ril­ýär.

Türk­me­nis­tan, 2012-nji ýyl­da BMG-niň Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň hem-de Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy bilen bi­le­lik­de sarp edi­ji­le­riň sag­ly­gy­ny go­ra­mak hem-de azyk önüm­le­ri­niň ne­ti­je­li söw­da­sy­na ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len, “Ko­deks Ali­men­ta­rius” to­pa­ry­nyň ag­za­sy bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da iý­mit önüm­le­ri­niň hi­li we howp­suz­ly­gy bo­ýun­ça ka­da­laş­dy­ry­jy res­mi­na­ma­lar “Ko­deks Ali­men­ta­riu­syň” ýa-da “Azyk ko­dek­si­niň” stan­dart­la­ry­na la­ýyk ge­ti­ril­ýär.

Gul­lu­gyň öňün­de dur­ýan esa­sy we­zi­pe­ler we borç­lar ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­dan yba­rat bo­lup, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň de­giş­li ka­rar­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ila­ty aras­sa iý­mit önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek, ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­ýän azyk du­zu­ny ýod we unuň ýo­ku­myny de­mir we fo­liý tur­şu­sy bi­len baýlaşdyrmak çä­re­le­ri ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ça­ga­lar gaz­na­sy (ÝU­NISEF) bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ägirt uly ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy.

ÝU­NISEF, BSGG we Ýod ýet­mez­çi­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ke­sel­le­re gö­zeg­çi­lik bo­ýun­ça hal­ka­ra ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­na du­zuň äh­lu­mu­my ýod­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň ga­za­ny­lan­dy­gy ba­ra­da hal­ka­ra gü­wä­na­ma­sy be­ril­di hem-de Türk­me­nis­tan GDA ag­za ýurt­la­ryň we Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ara­syn­da il­kin­ji, Ýer ýü­zün­de dör­dün­ji bo­lup, du­zy ýod­laş­dyr­ma­gy üp­jün ed­ýän ýurt hök­mün­de yk­rar edil­di. 2011-nji ýyl­da ýur­du­myz unuň ýo­ku­my­ny güýç­len­dir­mek bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­riň bi­ri hök­mün­de sy­la­ga my­na­syp bol­dy.

Döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän gi­ňiş­le­ýin we ne­ti­je­li öňü­ni alyş çä­re­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ýo­kanç däl ke­sel­le­riň, ýag­ny, ýod ýet­mez­çi­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ke­sel­le­riň we ane­mi­ýa­nyň de­re­je­si­niň pe­sel­me­gi­ne ge­tir­di.

Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy we ÝU­NISEF bi­len agyz su­wu­nyň we iý­mit önüm­le­ri­niň hi­li hem-de howp­suz­ly­gy, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar. Soň­ky dö­wür­de agyz su­wu­na bo­lan ta­lap­lar düýp­gö­ter üýt­ge­di­lip, döw­re­bap aras­sa­la­nan agyz su­wu­ny ön­dü­ri­ji köp­ san­ly kär­ha­na­lar işe gi­ri­zil­di. Şeý­le­lik­de, ke­pil­len­di­ri­len aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün edil­me­gi ila­tyň sag­ly­gy­na gö­nü­den-gö­ni tä­sir edip, bir­nä­çe ke­sel­le­riň so­ňu­na çy­ky­lan­dy­gy­ny bel­le­me­li.

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow daş­ky gur­şa­wy, ýer, suw, baý­lyk­la­ry­ny, at­mos­fe­ra­ny go­ra­mak, hem-de Aral deň­zi­niň Türk­me­nis­ta­na go­laý ýer­le­ri­niň eko­lo­gi­ýa­sy­ny go­wu­lan­dyr­mak ug­run­da top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne uly üns ber­ýär. Şä­her­gur­lu­şyk sy­ýa­sa­ty­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi, ilat­ly ýer­le­riň me­de­ni zo­lak­la­ryn­da we daş-tö­we­rek­le­rin­de bag­la­ryň ekil­me­gi, köp ­san­ly suw çüw­dü­rim­le­ri­niň bi­na edil­me­gi, tä­ze, döw­re­bap aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň, şä­her­de ulag gat­na­wy­nyň azal­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýän köp zo­lak­ly köp­rü­le­riň gu­rul­ma­gy adam­la­ryň sag­ly­gy üçin amat­ly we aras­sa eko­lo­gi­ýa işi­niň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar.

Ýur­du­myz­da ýo­kanç ke­sel­le­re epi­de­mio­lo­gi­ýa gö­zeg­çi­li­gi ul­ga­my do­ly ýo­la go­ýul­dy. Yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän öňü­ni alyş çä­re­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­ta­na dra­kun­kul­ýo­zyň eli­mi­na­si­ýa­sy ba­ra­da BSGG-niň gü­wä­na­ma­sy gow­şu­ryl­dy.

Ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri wak­si­na­lar bi­len öňü­ni alyş çä­re­le­ri­niň ama­la aşy­ryl­ma­gy bo­lup dur­ýar. Ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça wak­si­na we san­jym se­riş­de­le­ri­niň sa­tyn alyn­ma­gy döw­let býu­je­ti­niň ha­sa­by­na ama­la aşy­ryl­ýar. Ça­ga­la­ra öňü­ni alyş san­jym­la­ry­nyň Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan ma­kul­la­ny­lan ýo­ka­ry hil­li wak­si­na­lar bi­len ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li. Im­mu­no­bio­lo­gik se­riş­de­le­ri sak­la­mak­da hem-de da­şa­mak­da ze­rur şert­le­ri üp­jün ed­ýän so­wuk­lyk zyn­jy­ry­nyň ul­ga­my ep-es­li ber­ki­dil­di we kä­mil­leş­di­ril­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de öňü­ni alyş san­jym­la­ryň mil­li ter­ti­bi­ne la­ýyk­lyk­da, ça­ga­lar tö­leg­siz esas­da 11 sa­ny ýo­kanç ke­sel­le­re gar­şy, ýag­ny: gök­bog­ma, dif­te­ri­ýa, bür­mä, “B” ge­pa­ti­te, “b” gör­nüş­li ge­mo­fil ýo­kan­jy­na, gy­za­my­ga, gy­zyl­ja, hap­gyrt­ma, in­çe­ke­se­le, po­lio­mi­e­li­te we ada­myň pa­pil­lo­ma wi­ru­sy­na gar­şy wak­si­na­la­ry al­ýar­lar. Ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň san­jym bi­len gur­şa­wy 95 gö­te­rim­den ýo­ka­ry de­re­je­de sak­lan­ýar.

Oňat hil­li öňü­ni alyş san­jym­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi we wak­si­na­lar bi­len do­lan­dy­ryl­ýan ýo­kanç­la­ra ne­ti­je­li epi­de­mio­lo­gi­ýa gö­zeg­çi­li­gi­niň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy uly üs­tün­lik­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­di. Kä­bir ýo­kanç ke­sel­ler do­ly ýok edil­di we dif­te­ri­ýa, bür­me, gök­bog­ma, hap­gyrt­ma hem-de beý­le­ki­ler düýp­li pe­sel­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan “Ýurt­da ýa­ba­ny po­lio­wi­ru­syň sir­kul­ýa­si­ýa­sy­nyň ýok edil­me­gi ba­ra­da gü­wa­na­ma­ny” al­dy.

Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň mas­la­hat­la­ry bo­ýun­ça “Türk­me­nis­tan­da gy­za­my­gyň we do­ga­bit­di gy­zyl­ja ýo­kan­jy­nyň öňü­ni al­mak” mak­sat­na­ma­sy ka­bul edil­di. 2015-nji ýyl­da BSGG-niň se­bit to­pa­ry ýur­du­myz­da gy­za­my­gyň we gy­zyl­ja­nyň eli­mi­na­si­ýa­sy­ny tas­syk­la­dy. Şeý­le hem Türk­me­nis­tan BSGG-niň Ýew­ro­pa se­bi­ti­niň “2015-nji ýyl­da gyz­zyr­ma gar­şy gö­reş­den eli­mi­na­si­ýa­sy­na geç­mek” ha­kyn­da­ky stra­te­gi­k me­ýil­na­ma­sy­ny gol­da­mak we ony ka­bul et­mek bi­len bu ba­bat­da­ky çä­re­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan 2010-njy ýyl­da gyz­zyr­ma­nyň eli­mi­na­si­ýa­sy­ny ga­za­nan ýurt­la­ryň sa­na­wy­na go­şul­dy.

Türk­me­nis­tan­da hä­zir­ki wagt­da bü­tin dün­ýä üçin mö­hüm bo­lup dur­ýan tro­pi­ki we pa­ra­zi­tar ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şu stra­te­gi­ýa­nyň çäk­le­rin­de leýş­ma­nio­zy epi­de­mio­lo­gi­ýa taý­dan gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak, be­jer­mek we bar­lag­ha­na bar­lag­la­ry bi­len anyk­la­mak bo­ýun­ça hem­me res­mi­na­ma­lar tä­ze­len­di. Bak­te­rial, wi­rus­ly we pa­ra­zi­to­lo­gi­ki ke­sel­le­ri anyk­la­mak bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň bar­lag­ha­na­la­ry ýyl­sa­ýyn kä­mil­leş­di­ril­ýär. Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­niň pa­ra­zi­to­lo­gi­ýa bar­lag­ha­na­sy Mil­li pa­ra­zi­to­lo­gi­ýa re­fe­rens-bar­lag­ha­na­sy hök­mün­de tas­syk­la­nyl­dy hem-de 2009-njy ýyl­da hal­ka­ra akk­re­di­ta­si­ýa­ny geç­di we pa­ra­zi­tar hem-de tro­pi­ki ke­sel­le­ri­ni anyk­la­mak bo­ýun­ça Mil­li re­fe­rens-bar­lag­ha­na­sy­nyň hil gü­wä­na­ma­sy­ny al­dy.

Hal­ka­ra de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ýan ke­sel­le­riň öňü­ni alyş iş­le­rini has-da kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­tan­da “Luk­man­çy­lyk ga­lyn­dy­la­ry bi­len howp­suz iş­le­mek bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma” hem-de “Mik­rob­la­ra gar­şy der­man­la­ra dur­nuk­ly­ly­gyň dö­re­me­gi­ne gar­şy he­re­ket­le­riň Mil­li stra­te­gi­ýa­sy” iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nyl­dy we dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň öňün­de go­ýlan iň wa­jyp we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri-de Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­ri­ni aý­ra­tyn howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň ge­ti­ril­me­gin­den go­rap sak­la­mak­dyr. Şeý­le­lik­de, hem­me döw­let ser­het ge­çel­ge­le­rin­de, ho­wa, de­mir hem-de aw­to­mo­bil ýol­la­ryn­da aras­sa­çy­lyk-ka­ran­tin bö­lüm­le­ri we no­kat­la­ry gi­je-gün­diz he­re­ket ed­ýär­ler. Aş­ga­bat, Türk­me­na­bat we Türk­men­ba­şy şä­her­le­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zil­le­rin­de hem-de Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tun­da we aw­to­mo­bil ýol­la­ryn­da da­şa­ry ýurt­lar­dan gel­ýän ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­na gö­zeg­çi­lik et­mek mak­sa­dy bi­len uzak ara­lyk­dan adam be­de­ni­niň gyz­gyn­ly­gy­ny öl­çe­ýän “Te­ro­kam” en­jam­la­ry gur­nal­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­ri­niň sa­ni­ta­ri­ýa go­ra­gy hal­ka­ra sag­ly­gy go­ra­ýyş-aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de üp­jün edil­ýär hem-de hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da ýo­kanç ke­sel­le­riň da­şyn­dan ge­ti­ril­me­gin­den sa­ni­ta­ria-epi­de­mio­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny sak­la­ma­gyň we onuň öňü­ni al­ma­gyň ne­ti­je­sin­de ýo­ka­ry sep­git­le­re ýe­til­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ala­da­sy ne­ti­je­sin­de, gul­lu­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Hu­su­san-da, Aş­ga­bat we Türk­men­ba­şy şä­her­le­ri­niň aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­luk­la­ry­nyň bi­na­la­ry­nyň dur­ky düýp­li tä­ze­le­nil­di hem-de iň öň­de­ba­ry­jy ara­gat­na­şyk se­riş­de­le­ri we gu­ra­ma­çy­lyk teh­ni­ka­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy. Bar­lag­ha­na bö­lüm­çe­le­ri hal­ka­ra öl­çeg­le­re ky­bap gel­ýän döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edil­di.

“Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, we­la­ýat­la­ryň, şä­her­le­riň hem-de et­rap­la­ryň aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­luk­la­ry­nyň he­re­ket ed­ýän bi­na­la­ry­nyň dur­ku­ny düýp­li tä­ze­le­mek hem-de tä­ze bi­na­la­ry­ny gur­mak iş­le­ri yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. 2016-njy ýyl­da paý­tag­ty­myz­da se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk hem-de iň tä­ze en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­niň hem-de Aý­ra­tyn howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni alyş mer­ke­zi­niň tä­ze bi­na­la­ry ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Bu dü­züm­ler­de ila­tyň sag­ly­gy­ny daş­ky gur­şa­wyň fi­zi­ki, hi­mi­ki we bio­lo­gi­ki tä­sir­le­rin­den, şol san­da dür­li ýo­kanç ke­sel­ler­den go­ra­ma­ga we öňü­ni alyş çä­re­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­maga gö­nük­di­ri­len döw­re­bap iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gör­kez­me­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zin­de bar­lag­ha­na usul­la­ry­ny ulan­mak bi­len ilat­ly no­kat­la­ryň, önüm­çi­lik we ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ho­wa­sy­na, agyz su­wu­nyň we iý­mit önüm­le­ri­niň hi­li­ne yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik al­nyp ba­ryl­ýar. Eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa iý­mit teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň we sag­dyn iý­mit­len­me­giň öw­re­nil­me­gi hem-de ka­da­laş­dy­ry­jy we usu­ly­ýet res­mi­na­ma­la­ryň taý­ýar­la­nyl­ma­gy bo­ýun­ça ÝU­NISEF hem-de BSGG bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýän mer­kez­ler we ins­ti­tut­lar bilen bi­le­lik­de yl­my-bar­lag iş­le­ri ge­çi­ril­ýär.

Aý­ra­tyn howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni alyş mer­ke­zin­de Türk­me­nis­ta­nyň çä­gi­ne aý­ra­tyn howp­ly ke­sel­le­riň ge­ti­ril­me­gi­ne hem-de ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça bar­lag­ha­na gö­zeg­çi­li­gi­niň yg­ty­bar­ly hem-de iň tä­ze usul­la­ry ar­ka­ly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu mer­kez­ler­de sa­ni­ta­ri­ýa­nyň, gi­gi­ýe­na­nyň hem-de epi­de­mio­lo­gi­ýa­nyň, şol san­da iý­mit­len­me we bar­lag­ha­na işi­niň dür­li me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ta­lyp­la­ry, luk­man­la­ry, or­ta sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­ni we beý­le­ki hü­när­men­le­ri okat­mak hem-de hü­när de­re­je­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça iş­ler ýo­la go­ýul­dy.

2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan müň­ler­çe myh­man­la­ryň paý­tag­ty­my­za ge­len döw­rün­de Döw­let aras­sa­çy­lyk hem-de ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan sa­ni­ta­ri­ýa-gi­gi­ýe­na we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy çä­re­le­ri de­giş­li de­re­je­de alyp bar­mak mak­sa­dy bi­len, bu ugur bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gu­ral­dy we ge­çi­ril­di. Bu gul­lu­gyň işi­niň şu gün­ki wa­jyp we­zi­pe­si işe bo­lan tä­ze­çil çe­me­leş­me­le­ri ös­dür­mek­den, her bir hü­när­me­niň we ýol­baş­çy­nyň ukyp ba­şar­ny­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­dan hem-de hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ta­la­by­ny üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ne­ti­je­li iş üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek ha­kyn­da­ky hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da­sy­na jo­gap edip, gul­lu­gyň işi ýur­du­myz­da sa­ni­ta­ri­ýa-epi­de­mio­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny we ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça asyl­ly we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de hem-de bu ugur ba­bat­da­ky hu­kuk­la­ryň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de bar bo­lan me­se­le­le­riň ne­ti­je­li çöz­gü­di­ne gö­nük­di­ril­ýär.