Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky simfoniki orkestr möwsümiň ahyrynda saz muşdaklaryny ýene bir gezek begendirdi

Surata düşüren: Süleýman ÇARYÝEW

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet orkestri möwsümi Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda konsert bilen jemledi.

...Çyralar öçýär. Sahna dirižýor taýagyna erk ediji çykýär. Tomaşaçylar mukam sazlaşygynyň älemine melul ediji syýahata garaşyp otyr. Bethoweniň Gýotäniň “Egmont” tragediýasyna uwertýurasy, onuň yzysüre Wagneriň “Riýensi” operasyna dartgynlyga ýugrulan uwertýurasy ýaňlanýar.

Tenor sesli Nury Nuryýew Puççininiň “Turandot” operasyndan Kalafyň «Nessun dorma» ariýasyny we Laranyň “Granada” aýdymyny labyzly ýerine ýetirdi. Diňleýjiler oňa “Berekella!” diýşip, şowhunly el çarpmalar bilen ony ep-esli wagt sahnadan goýbermediler.

Aram Haçaturýanyň “Spartak” baletinden Uly Adažio, şeýle hem Lermontowyň “Maskarad” dramasyna hemmeleriň halaýan sýuitasy aşgabatly saz muşdaklaryna sowgat boldy.

Tembrlere baý soprano sesli Leýli Ökdirowa Hose Mario Kanonyň «Hijo de la luna» aýdymyny ýürek töründen labyzly aýdyp, tomaşaçylaryň alkyşyny aldy. Onuň Alýabýewiň “Bilbil” aýdymyny ussatlarça ýerine ýetirşine diňleýjiler şowhunly el çarpmalar bilen jogap berdiler.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Nury Halmämmedowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan çäreler ýyly boldy. Saz agşamynda ajaýyp kompozitoryň “Keç pelek”, “Kaspiniň balykçylary” we “Aýgytly ädim” kinofilmlerine ýazan sazlary ýaňlandy.

Markesiň depginli “Tans №2” sazy agşamyň mynasyp jemi boldy, bu saz ýerine ýetirilende Resul Gylyjowyň elindäki dirižýor taýajygy-da özboluşly tans edýäne meňzeýärdi... Ol diňleýjileri Onuň Alyhezreti Saz hökmürowanlyk sürýän jadyly we ajaýyp älemine atardy!

Tomaşaçylara çykyşlaryna mynasyp baha berendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Resul Gylyjow indiki saz möwsümine niýetleri barada gürrüň berdi. Ussadyň aýtmagyna görä, orkestr dünýä nusgawy sazlaryny we milli sungatyň baý mirasyny wagyz etmegini dowam eder. Şu ýyl Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 80 ýyllygy bellenilýär, şonuň üçinem orkestr ýene-de onuň baý döredijilik mirasyna ýüzlener. Biz onuň filmlerine ýazan partituralaryny dikeltmek boýunça uly işler etdik, täze möwsümde-de onuň ajaýyp eserlerini ýerine ýetireris-- diýip orkestriň ýolbaşçysy aýtdy.- Ol, ozaly bilen, “Aýgytly ädim” baletidir, şeýle hem filosofik many-mazmuna ýugrulan simfoniki eserleri ýaňlanar. Saz muşdaklary bilen täze duşuşyklara sabyrsyz garaşýarys—diýip, Resul Gylyjow sözüniň soňunda aýtdy.