Aşgabadyň günbatarynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar

Paýtagty gurmagyň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde 72 öýli jaýlaryň onusyndan we 48 öýli jaýlaryň altysyndan ybarat täze ýaşaýyş jaý toplumy kemala gelýär.

Aşgabat şäher häkimliginiň edaralary işleri bellenilen möhletden öňürdip alyp barýarlar. “Aşgabatgurluşyk” ÖB-niň potratçy hökmünde iş alyp barýan 48 öýli 12 gatly jaýlaryň ikisiniň gurluşygynda olar gysga wagtda binalaryň demir-beton binýadyny gurup, eýýäm üçünji gatyň diwarlaryny galdyrdylar. Şeýle ýokary depgin işiň üç çalşykda guralmagynyň we ýörüteleşdirilen tehnikadan netijeli peýdalanmagyň hasabyna gazanyldy. Bu potratçy guramanyň hünärmenleri ýylyň ahyryna çenli 12 gatly jaýlaryň ikisinde gurluşyk- oturtma işlerini tamamlap, otaglaryň içki bezeg işlerine girişmegi göz öňünde tutýarlar.

Täze ýaşaýyş jaý toplumy Tähran we Köşi köçeleriniň arasynda Magtymguly şaýolunyň ugrunda kemala geler. Aşgabatly maşgalalaryň müňden gowragy ýokary amatlykly jaýlara göçüp bararlar. Bu ýerde jaýlara barýan amatly ýollaryň, ulag duralgalarynyň, awtobus duralgalarynyň, gök zolaklaryň we iri söwda merkeziniň bolmagy ýaşaýjylaryň oňaýly durmuşy üçin zerur şertleri döretmäge mümkinçilik berer.