Yssy günleri aşa gyzmakdan nähili goranmaly?!

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi tomus paslynyň häzir dowam edýän yssy döwri bilen baglylykda bedeni aşa gyzmakdan goramak üçin özüňi alyp barmagyň kadalaryny we maslahatlaryny taýýarlady.

Hünärmenler tomsuna günüň täsiri bilen adam bedeninde ýaşaýyş üçin zerur bolan maddalaryň emele gelýändigini belleýärler. Bedende suw-duz çalşygy işjeňleşýär, derlemek arkaly deri örtüginiň üsti bilen köp mukdarda suwuklyk çykýar. Bedeniň kadaly ýagdaýda saklanmagy üçin günüň dowamynda 1,5 — 2 litr mukdarda suw içmeli. Kakadylan miweleri iýmek hem-de ter miweleriň şirelerini içmek peýdalydyr. Günüň dowamynda iýilýän iýmit ýokumly hem-de ýeňil özleşdirilýän bolmalydyr.

Çagalara we uly ýaşly adamlara, esasan, sagat 6.00-dan 9.00-a çenli hem-de 18.00-dan 21.00 sagada çenli zerur bolan agyz suwuny almak we tomus paslyna laýyklykda geýinmek bilen öýden daşarda bolmak maslahat berilýär.

Daşardan salkyn jaýa girilende derli egin-eşiklerini gury eşige çalyşmalydyr, hiç bir ýagdaýda öý sowadyjynyň aşagyna kelläni, ýüzi we gursagy tutmak bolmaýar, munuň özi sowuklama we dem alyş ulgamynyň kesellemegine sebäp bolup biler.

Şeýle hem gyzyp gelip şol bada sowuk suwuň aşagyna girmek we sowuk suwy içmek bolmaýar. Munuň özi agyz boşlugynyň, dişleriň, gyzylödegiň sowuklama keselleriniň esasy sebäbidir.

Üşemeklik, günüň aşagynda gyzmaklyk — ikisi hem beden üçin sarsgyn ýagdaýdyr, şol sebäpli hem bedeni bu ýagdaýdan dogry alyp çykmak zerurdyr, bu bolsa ýiti sowuklama keselleriň döremeginiň we ötüşen hroniki keselleriň ýitileşmeginiň öňüni almaga kömek eder.

Bu ýagdaýda bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmaly. Bally, limonly mylaýym çaý içmeli, alma gaýnatmasyny we demlemesini, itburun we zirk, çopantelpek demlemelerini kabul etmeli. Olar bedene gerek bolan mikroelementleriň öwezini dolýarlar we kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrýarlar. Milli mirasymyza degişli bolan düýe çalymyz we agaran tomus paslynda kuwwat beriji içgi we tagamdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopediki ylmy işinde giňişleýin beýan edilýän narpyz, çopantelpek, ýandagyň güli, käkilik oty, boýbodron, buýan otlaryndan taýýarlanan melhem çaýlar tomus paslynda kuwwat berip, teşneligi gandyrýar. Almadyr armyt, gawundyr garpyz ýylyň yssy günlerinde örän peýdalydyr.

Tomus paslynda deňziň kenarynda bellenilen kadalary berjaý etmek zerurdyr. Güniň şöhlesiniň ýiti döwründe, şeýle hem gün ýaşandan soň deňizde suwa düşmek, has beteri-de daş aralyga ýüzmek bolmaýar.

Bu maslahatlaryň ýerine ýetirilmegi tomus paslynyň yssy günlerinde siziň saglygyňyz üçin peýdaly bolar.