Telekeçiler gurluşyk materiallarynyň öndürilişini artdyrýarlar

Hususy pudagyň kärhanalary döwlet baştutanynyň daşary ýurtlardan getrilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek, ýurduň eksport mümkinçiligni berkitmek boýunça wezipesini üstünlikli çözýärler. 2020-nji ýyla çenli türkmen telekeçilik bileleşiginiň wekilleri içerki jemi önümiň 70 göterimini öndürerler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzüminde gurluşyk materillarynyň dürli görnüşlerini: beton we gazbeton bloklary, ýokary hilli bezeg materiallarynyň giň görnüşini, elektrotehniki enjamlary, turba we beýleki önümleri öndürýän kärhanalaryň sany artýar.

“Sabur Timur Taşew” (“STT”) hususy kärhanasy gips berkidijileriň esasynda gury gurluşyk garyndylaryny, şeýle hem gipsokartony iri iberijileriň biridir, ol gurluşyk pudagynyň bu ulgamynda 10 ýyl bäri işläp gelýär. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän kärhana çig mal hökmünde bu ülkäniň tebigy baýlyklaryndan ýerlikli peýdalanýarlar. Köýtendag känindäki gipsden bu ýerde her ýyl 60 tonna golaý ýokary hilli garyndy- otaglaryň ilki we arassa suwagy üçin çyryş öndürilýär.

Geçen ýyl kuwwatlylygy ýylda iki million gipsokarton tagta öndürýän awtomatlaşdyrylan täze enjamyň oturdylmagy bilen “STT” HK-da islegli önümiň çykarylyşy ep-esli artdyryldy. Kärhanada önümiň hilini barlamak üçin laboratoriýalaryň ikisi enjamlaşdyryldy. Olaryň birine - gurak gurluşyk materiallarynyň çykarylyşyny barlaýan laboratoriýa ygtyýarnama berildi.

Kärhananyň meýdançasynda demir-beton önümlerini: pürsleri, binalaryň üsttüni ýapmak, otaglaryň içki diwarlary üçin serişdeler çykarylýan önümçilik işleýär. Telekeçiler diňe bir öz sebitiniň däl, eýsem beýleki welaýatlaryň hem ýokary hilli we arzan önümlere islegini kanagatlandyrýarlar.