Daşoguzyň örtgi serişdelerini öndürýän zawody önümçiligini giňeldýär

Daşoguzda hereket edýän örtgi plitalaryny öndürýän kiçi kärhana ýol we ýoda plitkalarynyň giň görnüşini, şeýle hem beýleki önümleri öndürmegi özleşdirdi. Telekeçi Azat Sabyryowyň ýolbaşçylyk edýän hususy kärhanasy mermer kimin berk örtgi serişdeleriniň täze görnüşlerini öndürýär. Kärhananyň hünärmenleri Russiýanyň СИСТРОМ ylmy- önümçilik kärhanasynyň patentleşdirilen tehnologiýasy boýunça betondan emeli mermer öndürýärler.

Daşoguzly ussatlar müşderilere dürli görnüşli, olçegli we reňkli ýol hem-de ýoda plitkalarynyň ýedi görnüşini teklip edýärler. Mundan başga-da, kärhanada binalaryň daşky we içki diwarlary, daş peçler, ýadygärlikler, pola ýazmaga, penjire öňüler, basgançaklar, şeýle hem agaç sütünjikler, güldanlar, beýleki bezeg elementleri we kiçi görnüşli binalar üçin plitkalary ýasamaga tabşyryk berip bolýar. Kärhanada ýol jähekleri, lagym gapaklary, kafel we beýleki önümleriň önümçiligi özleşdirilen. Bularyň bary sementden, çägeden, ýelimden we duzlardan arassalanan suwdan termiki taýdan işlenilmän we üstüni goşmaça ýalpyldatman, ploimer goşundylar ulanman öndürilýär.

Önüm gurluşyk serişdeleri bazarynda islegli we girdejili haryt , çünki onuň önümçiliginde ulanylýan çig mal gymmat däl, taýýarlamak üçin elektrik energiýasy köp harçlanmaýar. Daşoguzly ussatlar owadan, amatly we arzan bezeg serişdeleriniň önümçiligni giňeltmegi göz öňünde tutýarlar.