Jumagylyç Jumagylyjow “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Jumagylyç Pirmuhammedowiç Jumagylyjow Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Döwlet baştutanynyň Permany bilen, Gylyçdurdyýew Ahmet Öwezowiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.