Döwlet edaralarynyň wekilleri ODM-y dolanşykdan aýyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Aşgabatda ozon gatlagyny dargadýan maddalar boýunça Monreal Protokolyna, ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasyna Kigali düzetmesiniň düzgünnamalaryna bagyşlanan okuw geçirildi. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Ozon merkeziniň guran duşuşygyna oba we suw hojalygy, awtomobil ulaglary, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary, saglygy goraýyş we derman senagaty, içeri işler ministrlikleriniň, Döwlet gümrük gullugynyň, “Türkmenhimiýa” DK-nyň, haryt-çig mal biržasynyň, “Türkmenhowaýollary” Gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Okuwyň barşynda Türkmenistanda dürli hladagentleriň ulanylyşyna, halkara we milli derejelerde Kigali düzetmesiniň ilerledilişine syn berildi. Okuwyň guramaçylary alternatiw tehnologiýalara üns çekdiler, gadagan edilen we düzgünleşdirilýän ozon dargadyjy maddalary dolanşykdan aýyrmak boýunça kanunçylyk çäreleri, kondinsirleýji täze enjamlaryň energiýa netijeliligi beýan edildi.

Freonlar ähli ýerde – howany gyzdyrmakda we sowatmakda, şol sanda ulag ulgamynda, ýangyn söndürilende, lukmançylykda, beýleki ugurlarda ulanylýar. Şol bir wagtyň özünde köne we ekologiýa üçin howply hladagentlere alternatiwa işjeň gözlenilýär, şeýle düzümleri netijeli peýdalanmagyň we ony peýdaly ulanmagyň tenhologiýalary döredilýär. Täze düzedişiň esasy maksady – gidroftoruglerodlar toparyndan bolan sintetiki hladagentlerden tapgyrlaýyn ýüz öwürmekdir, çünki olar zäherli gazlara degişlidiir. Şunuň bilen baglylykda geçen asyrda giňden ulanylan tebigy hladagente – ammiaga geçmek, daşky gurşawa ýaramaz täsir etmeýän izobutan we propan ýaly uglewodorodlary, şeýle hem uglerod iki okisini ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Biziň ýurdumyzda şeýle yglewodorod sowadyjy maddalar eýýäm ulanylýar, mysal üçin - senagatda TNGZ-da, durmuşynda ulanylýan R-290 we R-600 (propanly we izobutanly) ýahdanlaryň birnäçe görnüşi bar.

Ozon merkeziniň wekili zäherli gazlaryň howa goýberilişini azaltmak meselelerinde howanyň üýtgemegi babatda BMG-nyň Çarçuwaly konwensiýasynyň Monreal protokoly bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça milli derejede maslahatlaryň geçirilýändigini aýtdy. Alternatiw hladagentleri ulanmak boýunça tehniki hünärmenleriň arasynda düşündiriş işleri geçirilýär.

Okuwyň guramaçylarynyň belleýşi ýaly, häzirki wagta çenli Monreal protokoly iň şowly halkara ylalaşyklarynyň biri boldy, oňa ýurtlaryň 197-si goşuldy. Kigali düzetmesini ýurtlaryň 42-si tassyklady, ol 2019-njy ýylda güýje girer. Türkmenistan ozon gatlagyny saklamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen bu babatda halkara ylalaşyklarynyň ählisini tassyklady, ODM-y ulanmagy bes etmegiň tertipnamasyna eýerýär.