Türk­men zy­ýa­rat­çy­la­ry Mek­gä ha­ja ug­ra­dy­lar

Türk­men zy­ýa­rat­çy­la­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň buý­ru­gy­na la­ýyk­lyk­da, “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan ýö­ri­te uçar gat­na­wy bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na ha­ja ug­ra­dy­lar. Mu­sul­man­la­ryň esa­sy baý­ram­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Gur­ban baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ry­na we paý­tag­ty­my­za we­kil­çi­lik ed­ýän wa­tan­daş­la­ry­my­zyň 153-si bü­tin dün­ýä­niň zy­ýa­rat­çy­la­ry­nyň mil­lion­lar­ça­sy bi­len bir ha­tar­da, şu sa­ha­wat­ly gün­ler­de mu­kad­des Kä­bä tag­zym et­mek we beý­le­ki des­sur­la­ry ber­jaý et­mek üçin Mek­ge­de hem-de Me­di­ne­de bo­lar­lar.

Düýn paý­tag­ty­myz­da din iş­gär­le­ri­niň, zy­ýa­rat­çy­la­ryň hem-de pu­dak eda­ra­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň we­kil­le­ri­niň mas­la­ha­ty bol­dy. On­da gel­jek­ki çä­rä­niň kä­bir me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Çy­kyş eden­le­riň nyg­ta­ýyş­la­ry ýa­ly, Gur­ban baý­ra­my dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň do­wa­mat-do­wam­ly­ly­gy­ny, şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­my­zyň wes­ýet­le­ri­ne yg­rar­ly­ly­gy ala­mat­lan­dyr­ýar. Din we­kil­le­ri hem-de zy­ýa­rat­çy­lar mil­le­ti­mi­ziň örän baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi hök­mün­de mil­li däp-des­sur­la­ryň gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi­niň we aýaw­ly sak­la­nyl­ma­gy­nyň ýaş ne­sil­le­riň türk­men hal­ky­nyň yn­san­per­wer gym­mat­lyk­la­ry­nyň ru­hun­da ter­bi­ýe­le­nil­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ýe­re ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu me­se­le­le­riň oňyn çö­zül­me­gi­ne he­mi­şe aý­ra­tyn üns ber­ýän­di­gi, haj par­zy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

Wa­tan­daş­la­ry­myz haj par­zy­ny ber­jaý ed­ýän pur­sat­la­ryn­da Be­ýik Bi­ri­bar­dan mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny, ata Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş sag­ly­gy­ny di­leg edip, aýat-tö­wir­ler okar­lar, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň ägirt uly öz­gert­me­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek­de türk­men hal­ky­na üs­tün­lik ar­zuw eder­ler.

Goý, Be­ýik Bi­ri­bar türk­men zy­ýa­rat­çy­la­ry­ny öz pe­na­syn­da aman sak­la­syn!

Do­ga-di­leg­le­ri­ňiz Gud­ra­ty Güýç­li Al­la­ta­ga­la­nyň der­gä­hin­de ka­bul bol­sun, hor­mat­ly wa­tan­daş­lar!