«Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li bo­ýun­ça me­dia­fo­rum

Aş­ga­bat­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça Azi­ýa oýun­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len ýe­ri bo­lan Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň “Sport” myh­man­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­gyş­la­nan me­dia­fo­rum ge­çi­ril­di. Çä­rä şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek aw­to­mo­bil ýa­ry­şy­ny gu­raý­jy­lar hem-de oňa gat­na­şy­jy­lar, iri da­şa­ry ýurt we mil­li ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ne Rus­si­ýa­dan, Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­dan, Ita­li­ýa­dan, Awst­ri­ýa­dan, Şweý­sa­ri­ýa­dan, Ru­my­ni­ýa­dan, Hy­taý­dan, Hin­dis­tan­dan, Pa­kis­tan­dan Tür­ki­ýe­den, Be­la­rus­dan, Azer­baý­jan­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan we Gyr­gy­zys­tan­dan ge­len žur­na­list­ler we­kil­çi­lik et­di­ler.

Fo­ru­myň açyl­ma­gy­nyň öň ýa­nyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş­jeň gat­na­şan saý­la­ma ýa­ryş­la­ry hem-de sy­nag ýa­ryş­la­ry ha­kyn­da wi­deo­film gör­ke­zil­di. Mil­li Li­de­ri­miz sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň wa­gyz edi­ji­si bol­mak bi­len bir­lik­de, dür­li sport gör­nüş­le­rin­de, şol san­da aw­to­mo­bil spor­tun­da ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­ri ga­za­nan gör­nük­li tür­gen­dir.

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň baş sek­re­ta­ry A.My­ra­dow gi­riş sö­zün­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­me­giň bar­şy ha­kyn­da gür­rüň ber­di. Ol şu ýy­lyň 9 — 14-nji sent­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek bu çä­rä­niň ýur­du­my­zyň spor­tu­nyň ösü­şi­niň ta­ry­hy­na tä­ze sa­hy­pa­ny ýaz­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­mek bi­len, meş­hur “Af­ri­ca Eco Race” aw­to­ral­li ýa­ryş­la­ry­nyň baş di­rek­to­ry we gu­ra­ma­çy­sy Žan-Lui Şles­se­re söz ber­di.

Sport dün­ýä­sin­de sport aw­tou­lag­la­ry to­pa­ryn­da aw­to­mo­bil ýa­ryş­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­niň bir­nä­çe ge­zek çem­pio­ny, “Pa­riž — Da­kar” ral­li­si­niň iki ge­zek ýe­ňi­ji­si Žan-Lui Şles­ser dün­ýä­niň sport to­par­la­ryn­da uly gy­zyk­lan­ma dö­re­den Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek hal­ka­ra aw­to­mo­bil ýa­ryş­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­mek we şo­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­re gat­naş­ma­ga ça­ky­lyk üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan et­di. “Şu­nuň ne­ti­je­sin­de men aja­ýyp mak­sat bi­len bir­le­şen tä­ze dost­la­ry edin­dim, bu mak­sat aw­to­mo­bil spor­tu­ny di­ňe si­ziň ýur­du­ňyz­da däl, eý­sem, onuň çäk­le­rin­den alys­lar­da hem ýaý­ma­ga kuw­wat­ly iter­gi be­rer” di­ýip, iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ň gu­ra­ma­çy­sy we ta­ny­mal tür­gen bel­le­di.

Ol: “Uç-gy­rak­syz Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň içi bi­len geç­jek hal­ka­ra aw­to­ral­li­­niň bi­le­lik­dä­ki gu­ra­ma­çy­sy bol­mak me­niň üçin we bi­ziň to­pa­ry­myz üçin uly hor­mat­dyr” di­ýip bel­le­di. “Biz il­ki­baş­da şeý­le ge­rim­dä­ki ýa­ryş­la­ry gys­ga döw­rüň için­de taý­ýar­la­mak we­zi­pe­si çyl­şy­rym­ly we kyn bo­lar di­ýip ha­sap­la­dyk. Em­ma türk­men to­pa­ry bi­len bi­le­lik­de, hor­mat­ly Pre­zi­dent Gurbanguly Berdimuhamedowyň şah­sy gö­rel­de­sin­den ruh­la­nyp, biz şu gü­ne çen­li ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­gy ba­şar­dyk”.

Žan-Lui Şles­ser “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­ni ge­çir­mek yg­lan edi­len­den soň, bu ýa­ryş­lara tür­gen­le­riň örän köp ­san­ly­sy­nyň is­leg bil­di­ren­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bu bol­sa meş­hur tür­gen­le­riň di­ňe bir bu ýa­ry­şa ýo­ka­ry gy­zyk­lan­ma­sy­ny däl, eý­sem, si­ziň aja­ýyp ýur­du­ňy­zyň gaý­ta­lan­ma­jak te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri­ni gör­mä­ge tüýs ýü­rek­den uly is­leg­le­ri­niň bar­dy­gy­ny gör­kez­ýär» diý­di.

Ulag ýa­ryş­la­ry ga­dym­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ge­çen ug­ry bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň gün­do­ga­ryn­dan gün­ba­ta­ry­na ta­rap ge­çer. Çö­lüň giň säh­ra­lyk­la­ryn­dan geç­jek ýo­luň umu­my uzyn­ly­gy 1500 ki­lo­metr­den gow­rak­dyr. Bu bol­sa aja­ýyp ral­li üçin ýo­ka­ry de­re­je­de la­ýyk gel­ýär. Uly us­sat­lar üçin bu ýa­ryş­lar öz güýç­le­ri­ni, aý­ra­tyn kyn şert­ler­de ula­gy sür­mek­de emel­le­ri­ni hem-de na­wi­ga­si­ýa ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­me­giň ha­ky­ky sy­na­gy­na öw­rü­ler.

Žan-Lui Şles­se­riň dü­şün­di­ri­şi ýa­ly, ýa­ry­şyň ugur­la­ry 5 tap­gy­ra bö­lün­di we tiz­lik­li bö­le­giň her bi­ri ula­gy do­lan­dy­ry­jy hem-de to­pa­ryň ştur­ma­ny üçin köp ­san­ly ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­la­ry giz­le­ýär. Bir söz bi­len aý­dy­lan­da, Ga­ra­gum säh­ra­sy tas­la­ma­nyň ýü­re­gi bo­lup, ha­ky­ky baş­dan ge­çir­me­le­ri göz­le­ýän­le­re uly tej­ri­be ba­gyş­lar. Türk­men çö­li Af­ri­ka­nyň çö­li ýa­ly bir­sy­dyr­gyn däl­dir we is­len­dik ada­my haý­ran gal­dy­ryp bil­jek üýt­ge­şik tä­sir­le­ri bol­luk bi­len eçil­ýär, çün­ki bu ada­myň ho­ja­lyk işi­niň tä­si­ri­ni ýe­tir­me­dik “jan­ly” ekoul­gam­dyr.

Ýa­ry­şyň pel­le­ha­na­sy Ha­zar deň­zi­niň ýa­ka­syn­da ýer­le­şen dynç alyş kün­jek­de — «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da bo­lar. Ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­lar çö­lüň üýt­ge­şik çyl­şy­rym­ly bö­lek­le­ri­ni ge­çip, geç­miş­den şu gü­ne öz­bo­luş­ly sy­ýa­ha­ty ama­la aşy­ryp, türk­men top­ra­gy­nyň tä­sin ýer­le­ri­ni gö­rüp bi­ler­ler.

Men “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň uly üs­tün­lik bi­len geç­jek­di­gi­ne, oňa gat­na­şy­jy­la­ryň bol­sa si­ziň aja­ýyp ýur­du­ňy­za ýe­ne-de gel­mä­ge şat bol­jak­dyk­la­ry­na ynan­ýa­ryn di­ýip, Žan-Lui Şles­ser aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Meş­hur ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­tou­lag sü­rü­ji­si çy­ky­şy­ny ta­mam­lap, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowa aw­tos­por­ty ös­dür­mä­ge çäk­siz uly go­şan­dy üçin ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry, Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy G.Aga­my­ra­do­wa söz be­ril­di. Ol hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sport sy­ýa­sa­ty­nyň ama­la aşy­ry­ly­şy ba­ra­da gür­rüň be­rip, ýur­du­myz­da aw­to­mo­bil spor­tu­nyň ösü­şi­ne ün­si çek­di. 2009-njy ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy dö­re­dil­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ri­len “Ýü­pek ýo­ly” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si il­kin­ji iri ýa­ryş­la­ryň bi­ri bol­dy. Üç ýur­duň — Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­den ge­çen bu aw­to­mo­bil ýa­ry­şyn­da ýur­du­my­zyň to­pa­ry ýe­ňi­ji bol­dy.

Çy­kyş ed­ýän şu ýyl ge­çi­ril­jek hal­ka­ra aw­to­ral­lä taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da gür­rüň ber­mek bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýo­ka­ry us­sat­ly­gy­nyň şa­ýa­dy bo­lan türk­men tür­gen­le­ri­ni gur­şap alan buý­sanç duý­gu­sy­ny be­ýan et­di. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýa­ry­şyň saý­la­ma tap­gy­ry­na gat­na­şyp, ony ýo­ka­ry ne­ti­je bi­len ta­mam­la­dy, çyl­şy­rym­ly ýo­ly 10 mi­nut 10 se­kunt­da geç­me­gi ba­şar­dy. Ýat­dan çyk­ma­jak şol gü­ni ýat­la­mak bi­len, çy­kyş ed­ýän mil­li Li­de­ri­mi­ze “Türk­me­nis­ta­nyň sport us­sa­dy” şa­ha­dat­na­ma­sy­nyň hem-de “Ýe­ňi­ji­niň Ku­bo­gy­nyň”, “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne gat­naş­ma­ga hu­kuk ber­ýän şa­ha­dat­na­ma­nyň gow­şu­ry­lan­dy­gy­ny bel­le­di.

Şeý­le hem ýur­du­my­zyň Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ýa­ry­şa on eki­paž­da dö­re­di­len 20 ada­myň gat­naş­ma­gy­nyň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi, hä­zir ola­ryň IIM-niň Aw­to­mo­bil spor­ty okuw-tür­gen­le­şik mer­ke­zin­de hem-de Ga­ra­gum säh­ra­syn­da taý­ýar­lyk geç­ýän­di­gi aý­dyl­dy.

Şu gü­ne çen­li “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne gat­naş­ma­ga da­şa­ry döw­let­le­riň de­giş­li fe­de­ra­si­ýa­la­ry­na we­kil­çi­lik ed­ýän to­par­la­ryň we tür­gen­le­riň on­lar­ça­sy is­leg bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy­lar.

Soň­ra me­dia­fo­rum­da Türk­me­nis­ta­nyň Sy­ýa­hat­çy­lyk ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň bö­lüm mü­di­ri A.Mäm­met­ny­ýa­zow çy­kyş et­di. Ol hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hal­ka­ra aw­to­ral­li­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça baş­lan­gy­jy ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­za da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň uly to­pa­ry­nyň gel­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Bi­ziň top­ra­gy­myz be­ýik ösüş­le­riň sal­lan­ça­gy­dyr. Ýyl­ýaz­gy­çy­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, ol “ýe­di ýo­luň çat­ry­gy­dyr”. Bu ýer­den ga­dy­my­ýet­de Gün­do­ga­ryň we Gün­ba­ta­ryň halk­la­ry­nyň me­de­ni gat­na­şyk­la­ry­na hem örän uly tä­sir eden söw­da ýol­la­ry ge­çip­dir.

Be­ýik Ýü­pek ýo­ly hä­zir meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk ny­şan­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di, ol bi­ziň gün­le­ri­miz­de hem hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek­de uly orun tut­ýar. Ine, Bü­tin­dün­ýä sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, di­ňe 2017-nji ýyl­da dün­ýä­de sy­ýa­hat­çy­lyk şe­re­ket­le­ri­niň hyz­ma­tyn­dan ja­han­keş­de­li­gi ha­la­ýan­la­ryň 1 mil­lion 300 mü­ňü­si peý­da­lan­dy. Ge­çi­ri­len so­rag-jo­ga­ba la­ýyk­lyk­da, şo­la­ryň kö­pü­si Be­ýik Ýü­pek ýo­ly bo­ýun­ça geç­me­gi ar­zuw ed­ýär­ler.

Gün geç­di­gi­çe, “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ge­çi­ril­jek gün­le­ri ýa­kyn­laş­ýar di­ýip, çy­kyş ed­ýän sö­zü­ni do­wam et­di hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Sy­ýa­hat­çy­lyk ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň da­şa­ry ýurt­lar­dan köp san­ly sy­ýa­hat­çy­la­ry my­na­syp ka­bul et­mä­ge taý­ýar­lan­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýol­be­let-ter­ji­me­çi­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça uly iş­ler ge­çi­ril­di, sy­ýa­hat­çy­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň in­ter­net sa­hy­pa­la­ryn­da ýur­du­my­zyň myh­man­la­ry­nyň ýer­le­şip bil­jek myh­man­ha­na­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat­lar çap edil­di, olar üçin tä­ze sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy, “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si­niň ta­nyş­dy­rylyş da­ba­ra­la­ry gu­ral­dy, tej­ri­be alyş­mak mak­sa­dy bi­len, sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri Türk­me­nis­tan­da hem-de da­şa­ry ýurt­lar­da gu­ra­lan okuw-mas­la­hat­la­ryna gat­naş­dy­lar.

Soň­ra çy­kyş eden Ýew­ra­zi­ýa­da Aw­to­mo­bil ulag­la­ry­nyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň (IRU) he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy D.Çel­sow hal­ka­ra me­dia­fo­ru­myň Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň üs­tün­lik­li ýö­red­ýän ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň my­na­syp do­wa­my­dy­gy­ny bel­le­di.

Soň­ky bäş ýy­lyň için­de türk­men Li­de­ri­niň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan öz ne­ti­je­li­li­gi­ni su­but eden hal­ka­ra yla­la­şyk­la­ry­nyň hem-de kon­wen­si­ýa­la­ryň esa­syn­da dur­nuk­ly yk­jam­ly­ly­gy hem-de ulag saz­la­şy­gy­ny üp­jün et­me­giň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­län mö­hüm Ka­rar­na­ma­la­ryň dör­dü­si ka­bul edil­di.

2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan “Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni” at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky mö­hüm üs­tün­li­gi bol­dy. Ol Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy hem-de BMG-niň ag­za döw­let­le­ri­niň 193-si­niň we­kil­le­ri ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan gol­da­nyl­dy.

Bu Ka­rar­na­ma­da dur­nuk­ly we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa hem-de ne­ti­je­li we­lo­si­ped ula­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça anyk mas­la­hat­lar be­ril­di, şeý­le-de ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de mil­li ulag stra­te­gi­ýa­syn­da we­lo­si­ped sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ny ut­gaş­dyr­mak ün­del­ýär.

IRU dur­nuk­ly yk­jam­ly­gy üp­jün et­mek, ulag ul­ga­myn­da düz­gün-ka­da­la­ry ut­gaş­dyr­mak hem-de san­ly ul­ga­ma geç­mek, şo­nuň bi­len Ýew­ro­pa­ny, Azi­ýa­ny we Ýa­kyn Gün­do­ga­ry Ha­zar se­bi­ti­niň üs­ti bi­len bir­leş­dir­ýän hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mä­ge ýar­dam et­mek bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len öza­ra dü­şü­niş­me­giň we hyz­mat­daş­ly­gyň ga­za­ny­lan de­re­je­si­ne buý­san­ýar di­ýip, Ýew­ra­zi­ýa­da Aw­to­mo­bil ulag­la­ry­nyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň baş­tu­ta­ny aý­ra­tyn bel­le­di.

“Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň gu­ral­ma­gy Türk­me­nis­tan­da we tu­tuş se­bit­de ta­ry­hy Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da dur­nuk­ly­ly­gy we hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­­ly­gy ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne ün­si çek­mek üçin uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar.

Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da ga­za­nan­la­ry örän ulu­dyr di­ýip, çy­kyş ed­ýän bel­le­di. Aş­ga­ba­dyň se­bit­de iri hal­ka­ra ho­wa men­zi­li hem-de döw­re­bap ýo­lag­çy ter­mi­na­ly, Türk­me­nis­ta­ny goň­şy ýurt­lar bi­len bag­la­nyş­dyr­ýan tä­ze de­mir ýol we aw­to­mo­bil ýol­la­ry üs­tün­lik­li he­re­ket ed­ýär. 2018-nji ýy­lyň ma­ýyn­da açy­lan Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň tä­ze Hal­ka­ra de­ňiz por­ty Ro-Pax gör­nü­şin­dä­ki gä­mi­ler­de mul­ti­mo­dal ýo­lag­çy gat­nat­ma­la­ry­ny ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

Je­nap D.Çel­sow hal­ka­ra aw­to­ral­li­niň Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ ös­dür­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Myh­man Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowa me­dia­fo­ru­myň aja­ýyp gu­ra­lan­dy­gy üçin ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de mu­nuň ne­ti­je­le­ri­niň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň ün­sü­ni Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den tä­ze gör­nüş­de geç­ýän ga­dy­my Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek ral­li ýa­ryş­la­ry­na, ulag­la­ry hem-de dur­nuk­ly­ly­gy ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne çek­jek­di­gi­niň şüb­he­siz­di­gi­ni bel­le­di.

Soň­ra fo­rum­da Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ka­ka­ýew çy­kyş edip, “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni wa­gyz et­mek hem-de ýaý­ly­ma ber­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­bar ber­di. Şu ba­bat­da döw­let ko­mi­te­ti ha­ta­ryn­da köp ýurt­la­ryň žur­na­list­le­ri­ni bir­leş­dir­ýän hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.

Mun­dan baş­ga-da, ko­mi­tet Ros­si­ýa-24, TRT, Öz­be­gis­ta­nyň mil­li te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­sy, Be­la­ru­suň te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­sy we beý­le­ki da­şa­ry ýurt te­le­ýaý­lym­la­ry bi­len öza­ra gat­na­şyk ed­ýär. Sport mak­sat­na­ma­la­ryn­dan we gep­le­şik­le­rin­den baş­ga-da, öň­de bol­jak hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra ba­gyş­la­nan 3D öl­çeg­dä­ki ani­ma­si­on fil­mi taý­ýar­la­nyl­dy. Bu film ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän döw­rün­de gör­ke­zi­ler. Oguz­han adyn­da­ky “Türk­men­film” bir­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler ba­ra­da gür­rüň ber­ýän do­ku­men­tal film­ler dö­re­dil­di.

Soň­ra fo­rum­da Ru­my­ni­ýa­nyň Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň “Ral­ly Ra­id” ko­mi­te­ti­niň pre­zi­den­ti Mi­hail Leon­te çy­kyş et­di. Myh­man fo­ru­ma gat­naş­ma­ga ça­ky­lyk üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de gu­ra­ma­çy­la­ra ho­şal­lyk bil­di­rip, öz ýur­dun­da şeý­le ýa­ryş­la­ryň ru­hy, ru­myn sü­rü­ji­le­ri­niň to­par­la­ry we ýa­ryş­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­di. Şo­la­ryň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de Ru­my­ni­ýa ral­li-reýd­le­riň hal­ka­ra kar­ta­syn­da my­na­syp orun eýe­le­ýär.

Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, da­şa­ry ýurt­ly ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ry, dün­ýä bel­li ta­ny­mal sü­rü­ji­le­ri ýa­ry­şa çek­mek Ru­my­ni­ýa­da hal­ka­ra ma­ra­fon­la­ry gu­ra­mak­da çyl­şy­rym­ly we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Em­ma meş­hur tür­gen­ler şeý­le ýa­ryş­la­ra gat­naş­mak bi­len, bu ýur­da ýe­ne-de gaý­dyp gel­ýär­ler, se­bä­bi onuň te­bi­ga­ty­na, ho­wa­sy­na, hal­ky­na gö­wün ber­ýär­ler. Mi­hail Leon­te “Amul — Ha­zar” türk­men ral­li­si ba­bat­da hem şeý­le bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di, çün­ki bi­ziň myh­man­sö­ýer ýur­du­myz­da aja­ýyp te­bi­gy ýer­ler we gö­zel­lik­ler bar.

Ral­li-reýd ýol­suz ýer­ler­den uzak ara­lyk­la­ra di­ňe bir köp­gün­lük ýa­ryş­lar däl­dir, eger ýa­ryş­la­ra has iç­gin ga­ral­sa, on­da olar ba­ra­da­ky dü­şün­je “baş­dan ge­çir­me”, “tö­wek­gel­çi­lik”, “berk­lik”, “aý­gyt­ly­lyk” ýa­ly dü­şün­je­ler bi­len be­zel­ýär. Ýö­ne hem­me zat­dan ýo­kar­da dost­luk, ab­raý we to­par­la­ýyn ruh dur­ýar di­ýip, Leon­te nyg­ta­dy hem-de ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da hem­me­le­riň deň­di­gi­ni we her ki­miň, ýag­ny sü­rü­ji­niň, ikin­ji sü­rü­ji­niň, me­ha­ni­giň hem-de to­pa­ryň beý­le­ki bö­le­gi­niň go­şan­dy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Üs­tün­li­giň esa­sy sy­ry us­sat­lyk­da hem-de he­re­ket­len­di­ri­ji­niň ýag­da­ýy­na dü­şün­mek­de, mak­sa­da ok­gun­ly­lyk­da jem­len­ýär.

Ýa­ryş — bu, el­bet­de, köp­lenç, ýo­wuz şert­ler­de ýa-da nä­bel­li ýer­ler­de, kä­ha­lat­lar­da geç­me­si kyn ýer­ler­de geç­ýän uly sy­nag­dyr. Ýö­ne hut şeýt­mek bi­len, ula­gyň to­pa­ry­nyň uky­by we hä­si­ýe­ti, onuň je­bis­li­gi hem-de ula­gyň çy­dam­ly­ly­gy bar­la­nyl­ýar. Dost­lu­gyň hem-de to­par­la­ýyn ru­huň örän mö­hüm bo­lan spor­tuň beý­le­ki bir gör­nü­şi ýok­dur, ýe­ňi­ji­ler bol­sa, bu­lar pel­le­ha­na di­ňe bir il­kin­ji bo­lup ge­len­ler däl, ge­len­le­riň hem­me­si ýe­ňi­ji­dir. Ta­gal­la­lar şeý­le bir ýo­ka­ry, ýag­ny ara­ly­gy nä­çe wagt­da ge­çen­di­giň mö­hüm däl­dir, esa­sy zat bu işi ama­la aşyr­mak­da­dyr.

Mu­nuň özi di­ňe bir özü­ne­ çe­ki­ji bol­man, eý­sem, spor­tuň örän şow­hun­ly gör­nü­şi­dir di­ýip, Mi­hail Leon­te sö­zü­ni do­wam et­di. Kuw­wat­ly ulag­lar, ýük ulag­la­ry, te­bi­gy gö­zel­lik… ýö­ne esa­sy gö­zel­lik — bu adam­lar­dyr. Aý­ra­tyn adam­lar­dyr. Biz ola­ry “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­niň geç­ýän döw­rün­de gö­re­ris.

Me­dia­fo­rum­da çy­kyş eden Türk­me­nis­ta­nyň IIM-niň we­ki­li G.Hal­dur­dy­ýew amat­ly geog­ra­fi­k ýag­da­ýyň ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň mö­hüm se­riş­de­si­ne öw­rül­di di­ýip bel­le­di. 2018-nji ýy­lyň “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­me­gi tö­tän­den däl­dir. Çün­ki hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ril­jek “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni gu­ra­mak we­zi­pe­si Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň hem-de Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň üs­tü­ne ýük­le­nil­di di­ýip, IIM-niň we­ki­li bu aja­ýyp tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len hem-de bi­le­lik­de ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da gür­rüň ber­di.

Bu dü­şel­ge­le­ri gu­ra­mak, ki­çi uçar­la­ry, aw­to­mo­bil ýa­ryş­la­ry­ny gol­da­ma­ga çek­mek, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň işi­ni gu­ra­mak, şeý­le hem aw­to­ral­li­ni gu­ra­mak­da we­la­ýat hä­kim­lik­le­ri­niň gol­da­wy­ny al­mak iş­le­ri­dir. Bu mak­sat­lar üçin gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti dö­re­di­lip, onuň dü­zü­mi­ne bir­nä­çe de­giş­li mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry gi­ri­zil­di.

Çy­kyş ed­ýä­niň bel­leý­şi ýa­ly, dü­şel­ge­le­riň bi­ri Der­we­ze Ýa­nar­da­gy­nyň go­la­ýyn­da, ýe­ne-de bi­ri Türk­men kö­lün­den uzak bol­ma­dyk ýer­de ýer­leş­di­ri­ler. Şeý­le­lik­de, ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­lar türk­men top­ra­gy­nyň üýt­ge­şik, gaý­ta­lan­ma­jak ýer­le­ri­ni öz göz­le­ri bi­len gö­rer­ler. Ýa­ryş ýo­lu­nyň jem­leý­ji bö­le­gi bol­sa Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­dan ge­çer, pel­le­ha­na bol­sa, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da bo­lup, onuň gö­zel­li­gi­ne da­şa­ry ýurt­ly ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­lar ba­ha be­rer­ler.

Ýa­ryş­la­ryň ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň, teh­ni­ki hyz­mat­la­ryň üp­jün edi­li­şi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şeý­le hem gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan da­şa­ry ýurt­ly ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň güm­rük düz­gün­le­rin­den geç­me­gi­ni hem-de wi­za al­ma­gy­ny ýe­ňil­leş­dir­mek üçin çä­re­ler gö­rül­di.

Türk­me­nis­ta­nyň aw­to­mo­bil ulag­la­ry mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry G.Be­ga­li­ýew mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň çy­kyş­la­ry­ny jem­le­mek bi­len, aw­tou­lag­la­ry ös­dür­mek bo­ýun­ça mi­nistr­li­giň alyp bar­ýan iş­le­ri, şeý­le hem “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da gür­rüň ber­di. Hu­su­san-da, hal­ka­ra aw­to­ral­li­ni ge­çir­mek üçin mi­nistr­li­giň üs­tü­ne ýük­le­nen çä­re­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne jo­gap ber­ýän to­par dö­re­dil­di, hä­zir­ki we gel­jek­ki ýa­ryş­la­ryň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy, şeý­le hem pu­da­gy ös­dür­me­giň gel­je­gi ba­ra­da aý­dyl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýa­kyn­da Bal­kan we­la­ýa­ty­na bo­lan sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­lä taý­ýar­lyk gör­lü­şi bi­len ta­nyş­dy hem-de ýa­ry­şyň ýol­la­ry­nyň jem­leý­ji tap­gy­ryn­da ge­çi­ril­ýän iş­le­riň bar­şy­ny göz­den ge­çir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­niň ýo­lu­nyň jem­leý­ji bö­le­gi­niň baş­lan­ýan ýe­ri­ne ge­lip, Türk­me­nis­ta­nyň eko­lo­gik ýag­da­ýa uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Eko­lo­gi­k nuk­daý­na­zar­dan aw­to­mo­bil­ler­de ula­nyl­ýan iň aras­sa ýan­gy­jy çy­kar­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­lar eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek mak­sat­la­ry­na ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Gel­jek eko­lo­gi­ýa bi­len­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy hem-de şu nuk­daý­na­zar­dan “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­niň ge­çi­ril­me­gi­niň çä­re­le­riň äh­li gör­nüş­le­ri, şol san­da aw­tos­port bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry bi­len hem eko­lo­gik ýag­da­ýyň ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ni no­bat­da­ky ge­zek tas­syk­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Ge­çi­ril­jek ýa­ryş­lar hem biz­de eko-ral­li-reýd diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz ýat­lat­dy. Bu bol­sa öz-özün­den düş­nük­li­dir. Mun­dan baş­ga-da, ýa­kyn wagt­da biz bu ugur­da­ky iş­le­ri­mi­ziň ne­ti­je­le­ri­ni gör­ke­ze­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.

Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da suw bi­len aras­sa­la­nan ýan­gy­jy ön­dür­mek bo­ýun­ça en­jam­da ýa­kyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň EKO-5 ky­sym­ly ýan­gy­jy ön­dür­mek bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, des­sin ýag­daý­da ze­rur bo­lan iş­ler ge­çi­ril­di hem-de bu ýan­gy­jyň il­kin­ji tap­gy­ry çy­ka­ryl­dy.

“BASF” ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bar­lag­ha­na­syn­da ýan­gy­jyň bu ky­sy­my­nyň sy­na­gy ge­çi­ril­di. Şo­nuň bar­şyn­da oňyn ne­ti­je­ler alyn­dy. Şu gün me­dia­fo­ru­myň bar­şyn­da oňa gat­na­şy­jy­lar türk­men hü­när­men­le­ri­niň ön­dü­ren hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­niň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­na ky­bap gel­ýän bu aja­ýyp, eko­lo­gik taý­dan aras­sa EKO-5 ýan­gy­jy­nyň nus­ga­la­ry bi­len tan­şyp bil­di­ler.

Hä­zir­ki wagt­da “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­lä gat­naş­jak aw­tou­lag­la­ry EKO-5 ky­sym­ly di­zel ýan­gy­jy bi­len yzy­gi­der­li üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Me­dia­fo­ru­myň bar­şyn­da žur­na­list­ler üçin “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­ni gu­raý­jy­la­ra so­wal ber­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di.

Hu­su­san-da, ru­myn met­bu­ga­ty­nyň we­ki­li je­nap Şles­ser­den ýa­ryş­la­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­jak­dy­gy ba­ra­da gy­zyk­lan­dy. “Bu ral­li ýa­ry­şy spor­tuň muş­da­gy we ta­rap­da­ry, şeý­le hem wi­deo­film­den gör­şü­miz ýa­ly, us­sat sü­rü­ji bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ril­ýär. Biz bu çä­rä gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti gö­rüp bi­le­ris­mi?”.

Je­nap Şles­ser jo­gap edip: “Biz Pre­zi­den­tiň gat­naş­ma­gy­na örän be­ge­ner­dik. Onuň gat­naş­jak­dy­gy­na umyt ed­ýä­rin. Şeý­le bolsa men örän şat bo­lar­dym. Mu­nuň tas­syk­lan­ma­gy­na umyt ed­ýä­rin. El­bet­de, gat­naş­mak ba­ra­da­ky ka­ra­ry Pre­zi­den­tiň özi çö­zer, em­ma biz şeý­le çöz­gü­de örän be­ge­ner­dik” diýdi.

Şeý­le hem Rus­si­ýa­nyň “RIA No­wos­ti” hal­ka­ra ha­bar­lar agent­li­gi­niň ha­bar­çy­sy­nyň so­wa­ly­na jo­gap edi­lip, “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si­ne gat­naş­ma­ga Rus­si­ýa­dan bir­nä­çe to­par­la­ryň bel­li­ge al­nan­dy­gy ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da, my­sal üçin, “G-Force” to­pa­ry bar. Rus­si­ýa­dan baş­ga-da, bäs­deş­le­riň bol­ma­gy müm­kin, se­bä­bi bel­li­ge al­ma­gyň möh­le­ti 10-njy aw­gus­ta çen­li açyk­dyr.

Şeý­le hem ga­za­gys­tan­ly žur­na­lis­tiň so­wa­ly­na jo­gap edi­lip, bu ýurt­dan hem se­çi­lip al­nan tür­gen­le­riň bar­dy­gy aý­dyl­dy — olar Ga­za­gys­ta­nyň Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­syn­dan 5 to­par­dyr.

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­bar­lar agent­li­gi­niň (TDH) we­ki­li “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si­ne meş­hur aw­to­mo­bil sü­rü­ji­ler­den kim­le­riň gel­jek­di­gi­ni so­ra­dy. Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, öň­de bol­jak ýa­ryş­lar­da iň gör­nük­li tür­ge­niň bi­ziň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bo­lup bil­jek­di­gi ba­ra­da jo­gap be­ril­di. Biz mu­ny ar­zuw ed­ýä­ris. Bu bol­sa bi­ziň äh­li­miz üçin be­lent mer­te­be­dir. Bü­tin­ dün­ýä­den gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­dan Ýa­zid Al-Ra­ji bo­lar, Fran­si­ýa­dan, Ang­li­ýa­dan hem beý­le­ki ýurt­lar­dan ab­raý­ly we­kil­ler gat­na­şar. Hä­zir­ki gün­de ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň sa­ny, tak­my­nan, 80-e ba­ra­bar­dyr. Ýa­ry­şa aw­tou­lag­la­ryň 20 — 25-si çy­kar. Bi­ze dür­li ýurt­la­ryň to­par­la­ryn­dan gel­ýän ha­ýyş­na­ma­la­ryň sa­ny gün­sa­ýyn kö­pel­ýär di­ýip, gu­ra­ma­çy­lar sö­zü­ni jem­le­di­ler.

Me­dia­fo­ru­myň do­wa­myn­da oňa gat­na­şy­jy­lar Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çesi­ne ge­ze­lenç et­di­ler. Bu ýer­de bir ýy­la ýa­kyn mun­dan ozal sport döw­le­ti hök­mün­de ýur­du­my­zyň de­re­je­si­ni no­bat­da­ky ge­zek tas­syk­lan Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry uly üs­tün­lik bi­len ge­çi­ril­di.

Paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry sö­weş sun­gat­la­ry des­ga­syn­da, üs­ti ýa­pyk we­lot­rek­de, spor­tuň suw gör­nüş­le­ri mer­ke­zin­de, uly kö­pu­gur­ly zal­da bol­du­lar hem-de bas­ket­bol meý­dan­ça­sy­na ba­ryp gör­dü­ler.

Me­dia­fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň bi­ra­gyz­dan pi­ki­ri­ne gö­rä, her bir des­ga we Olim­pi­ýa şä­herçesi, umu­man, sport bi­na­gär­li­gi­niň öz­bo­luş­ly gö­rel­de alar­lyk aja­ýyp nus­ga­sy­dyr. Şeý­le sport dü­züm­le­ri­ne eýe bo­lan Türk­me­nis­tan dün­ýä de­re­je­li iri ýa­ryş­la­ry ge­çir­mä­ge my­na­syp­dyr.

Soň­ra me­dia­fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­myn­da tä­sin be­hiş­di at­la­ry haý­ran gal­mak bi­len syn­la­dy­lar. Türk­men hal­ky be­dew­le­ri­ne buý­sa­nyp, ola­ry öz uçar ga­na­ty ha­sap­la­ýar. Kö­pet­da­gyň etek­le­rin­de aja­ýyp te­bi­gy kün­jek­de myh­man­lar ak mer­mer­li Aş­ga­bat­da we onuň tö­we­rek­le­rin­de bol­ma­k­dan öz­le­rin­de ga­lan aja­ýyp tä­sir­le­ri ru­hu­be­lent­lik bi­len paý­laş­dy­lar.

Me­dia­fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar er­tir paý­tag­ty­myz, onuň gö­zel ýer­le­ri bi­len ta­nyş­ly­gy­ny do­wam eder­ler hem-de Türk­me­nis­ta­nyň IIM-niň aw­tos­port mer­ke­zi­ne ba­ryp gö­rer­ler.