Türkmen gawunlarynyň datly tagamy ençeme asyr bäri dowam edýän seçgi işleriniň netijesidir

Surata düşüren: Ýelena DOLGOWA

Gawunyň haçan ekilip başlanandygy takyk belli däl. Ýöne onuň gadym eýýamlardan bäri Amyderýanyň, Murgap, Tejen derýalarynyň jülgelerinde ýetişdirilendigi welin anyk belli zat. Miweleriň iň gadymylarynyň biri bolan bu datly bakja ekini ençeme müňýyllyklardan bäri desterhanlarymyzyň bezegidir. Gadymy eýýamlarda bal tagamly, ajap ysly bu miwe Beýik Ýüpek ýolundan kerwenli Hytaýa, Hindistana, Ýewropa äkidilipdir. ХIХ asyryň 90-njy ýyllaryndan başlap, olar Ýewropanyň we Russiýanyň oba hojalyk sergi-ýarmarkalarynda esasy orun tutupdyrlar.

Gawun gadymýetden bäri türkmen topragynyň bereketliliginiň nyşany bolupdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu miwäniň “waharman”, “gülaby”, “garrygyz” we başga-da ençeme görnüşleri ýetişdirilýär. Tagamyň gadyryny bilýänler agzyňda eräp gidýän “gürbege-de” mynasyp baha berýärler. Onuň ir we giç bişýän, uludyr kiçi görnüşleri tomsuň ortasyndan gyşa çenli ýurdumyzyň bazarlarynyň bezegidir. Gawun türkmen ekarançylarynyň janypkeşliginiň, bakjaçylygyň ösen derejä ýetenligniň subutnamasydyr.

Türkmen gawunlarynyň üýtgeşik datly tagamy diňe bir toprak-howa aýratynlyklaryna we suwaryşyň tehnologiýalaryna bagly bolman, eýsem bu miwäniň gurak zolaga uýgunlaşan görnüşlerini döreden bakjaçylaryň ençeme nesliniň seçgi işleriniň netijeisidir. Görnüşiň gymmatly sypatlary bolan gawun tohumlary diňe bu işe berlen adamlarda bolýar. Ol milli baýlygymyzyň bir bölegi bolup, olary hünärmenler ekişe ornaşdyrmak üçin saklaýarlar we öwrenýärler. Irnik seçgi işinden başga-da ylym bilen ekarançylygyň ýakyn aragatnaşygy, döwrebap tehnologiýalaryň ozaldan gelýän ýol-ýörelgeler bilen oýlanşykly utgaşdyrylmagy möhümdir.

Gadymýetden bäri gawun türkmen üçin ýokumly we datly tagam bolupdyr – bir kesemen nan bilen bir käse gawun ýola çykan adamyň iýmiti bolupdyr. Bu miwäniň bişen ýumşak etinde ýeňil özleşýän şeker, krahmal, belok, witaminler, kletçatka, pektinler, organiki kislotalar, dürli minerallar bar.