Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryn­da şu ýy­lyň ýe­di aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ral­dy hem-de ýa­kyn gel­jek­de ola­ryň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di.

Il­ki bi­len Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri Ý.Ber­di­ýew ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, Mil­li go­şu­nyň kuw­wa­ty­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len we go­ran­mak hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ama­la aşy­ry­lan anyk iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ha­sa­bat döw­rün­de ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­min­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler we har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­bar ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow top­lum­la­ýyn har­by öz­gert­mä­niň ama­la aşy­ry­ly­şy­na ka­na­gat­lan­ma bil­di­rip, har­by gul­luk­çy­la­ry wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan çä­re­le­ri iş­jeň­leş­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ata Wa­ta­ny­myz­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň, asu­da­ly­gyň, türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ke­pi­li bo­lup dur­ýan mil­li howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi ba­bat­da döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de yzy­gi­der­li ala­da et­jek­di­gi­ni aýt­dy.

Ýur­du­my­zyň içe­ri iş­ler mi­nist­ri I.Mu­li­kow ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, ozal ber­len tab­şy­ryk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi, hu­kuk boz­ma­la­ryň öňü­ni al­mak, şeý­le hem ra­ýat­la­ryň ka­nu­ny hu­kuk­la­ry­ny we er­kin­lik­le­ri­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça şu ýy­lyň ýe­di aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň dü­züm­le­ýin bö­lüm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re gö­zeg­çi­li­gi güýç­len­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di. Ýol gö­zeg­çi­li­gi gul­lu­gy­nyň işi­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek, şeý­le hem dür­li gör­nüş­dä­ki hu­kuk boz­ma­la­ryň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça de­giş­li gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri­ni alyp bar­mak bu dü­zü­miň işi­niň esa­sy ugur­la­ry bol­ma­ly­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di we bu ba­bat­da mi­nist­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Soň­ra go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de ýan­war — iýul aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň şah­sy dü­zü­mi­niň na­za­ry bi­lim­le­ri­ni we ama­ly en­dik­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler, şeý­le hem har­by dü­züm­le­riň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň bar­şy ha­kyn­da ha­sa­bat ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz Mil­li go­şu­ny­my­zyň hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň hem-de oňyn dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­nyň mi­ze­mez sü­tü­nidigini, ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy­nyň we howp­suz­ly­gy­nyň ke­pi­li­di­gi­ni bel­le­di. Bu ýö­rel­ge­ler Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň oňyn bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne esas­lan­ýan we go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na­syn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, har­by gul­luk­çy­lar öz­le­ri­niň alyp bar­ýan işin­de ýur­du­my­zyň howp­suz­ly­gy­ny hem-de çäk bi­te­wü­li­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça mak­sat­la­ry we we­zi­pe­le­ri bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­tir­me­li­dir­ler di­ýip, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy bel­le­di.

Soň­ra Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy G.Hal­ly­ýew tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, şu ýy­lyň ýe­di aýyn­da ka­zy­ýet eda­ra­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­zy­ýet ul­ga­my­nyň döw­let go­rag­ly­ly­gy­nyň ne­ti­je­li gu­ra­ly hök­mün­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni we hu­kuk-ka­da­laş­dy­ryş ul­ga­my­nyň äh­li ugur­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Bu dü­zü­miň äh­li işi ka­nun­çy­ly­gyň, ada­la­tyň hem-de hu­kuk ter­ti­bi­niň üp­jün edil­me­gi­ne, hu­kuk ýag­da­ýy­nyň bo­zul­ma­gy­na ge­tir­ýän se­bäp­le­riň we beý­le­ki ýag­daý­la­ryň ara­dan aý­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ril­me­li­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di hem-de bu ba­bat­da Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy­na bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Baş pro­ku­ro­ry B.At­da­ýew şu dö­wür­de döw­let dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da ka­nun­çy­ly­ga gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­tir­me­li­di­gi­ni, ka­nun­la­ryň, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň ka­bul eden ka­rar­la­ry­nyň ber­jaý edi­li­şi­ne yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­li­giň ýo­la go­ýul­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Bu dü­zü­me de­giş­li yg­ty­ýar­lyk­la­ry na­za­ra alyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gel­jek­de hem pro­ku­ra­tu­ra iş­gär­le­ri­niň ýer­li-ýe­rin­de go­ýul­ma­gy­na hem-de ola­ryň hü­när ba­şar­nyk­la­ry­na aý­ra­tyn üns ber­me­gi tab­şyr­dy.

Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ş.Dur­dy­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de ha­sa­bat döw­rün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des çäk­le­ri­niň el­deg­ril­me­siz­li­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň möç­ber­li çä­re­ler, şeý­le hem Ser­het­çi­le­riň gü­ni my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň dost­luk we do­gan­lyk ser­he­di bo­lup dur­ýan çäk­le­ri­niň el­deg­ril­me­siz­li­gi­ni üp­jün et­me­giň mö­hüm ta­lap­la­ryň bi­ridigini bel­le­di. Ser­het go­şun­la­ry­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň sö­weş­jeň, sy­ýa­sy we ama­ly taý­ýar­ly­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de bol­ma­gy ba­bat­da äh­li ze­rur çä­re­le­riň gö­rül­me­li­di­gi­ni bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na Ser­het­çi­ler gü­ni my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Os­ma­now ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de 2018-nji ýy­lyň ýan­war — iýul aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri we güm­rük gul­lu­gy­nyň işi­ni döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, gul­luk­da hä­zir­ki­ za­man mak­sat­na­ma­la­ýyn üp­jün­çi­li­gi bo­lan bir bi­te­wi mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­me­gi güm­rük iş­gär­le­ri­niň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe hök­mün­de kes­git­le­di. Ony iş ýü­zün­de ýo­ka­ry de­re­je­de ama­la aşyr­mak, dün­ýä tej­ri­be­si­ni düýp­li öw­ren­mek, bu ul­gam­da­ky mil­li ka­nun­çy­ly­gy hä­zir­ki döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek esa­sy we­zi­pe­ler bo­lup dur­ýar. Ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, aý­ra­tyn-da, Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den geç­ýän ýük­le­re de­giş­li gö­zeg­çi­li­gi gu­ra­mak işin­de öň­de­ba­ry­jy hal­ka­ra tej­ri­be­si­ni ulan­mak çä­re­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy bu ba­bat­da gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.

Soň­ra ada­lat mi­nist­ri B.Mu­ham­me­dow ýan­war — iýul aý­la­ryn­da ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ri­len mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, hä­zir­ki dö­wür­de öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len hu­kuk öz­gert­me­le­ri­ni ama­la aşyr­ma­gyň çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze ka­nun­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak­da we he­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na üýt­get­me­le­ri, goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek­de yzy­gi­der­li peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si­niň öz­leş­di­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, ra­ýat­la­ra ýo­ka­ry de­re­je­li hu­kuk kö­me­gi­ni ber­mek iş­le­ri­ni gu­ra­mak bo­ýun­ça bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Gur­dow ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi, şeý­le hem gul­lu­gyň şu ýy­lyň ýe­di aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň ös­dür­mä­ge hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­mek mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň her bir iş­gä­ri­niň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Soň­ra Yk­dy­sa­dy je­na­ýat­la­ra gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça döw­let gul­lu­gy­nyň di­rek­to­ry M.Hu­daý­ku­ly­ýew kor­rup­si­ýa gar­şy dur­mak mak­sa­dy bi­len, şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ha­kyn­da aý­dyp, gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy bir­nä­çe eda­ra­la­ryň işi­ne ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri ha­kyn­da hem ha­bar ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da mun­dan beý­läk-de kor­rup­si­ýa, pa­ra­hor­luk we gul­luk ýag­da­ýyn­dan hy­ýa­nat­çy­lyk­ly peý­da­lan­mak ýa­ly ýa­ra­maz ýag­daý­la­ra gar­şy bar­ly­şyk­syz gö­re­şiň al­nyp ba­ryl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ugur­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk düz­gün­le­ri­ne we umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry­na berk la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na öň­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri ne­ti­je­li ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni jem­läp, düýp­li öz­gert­me­le­riň ýo­ly bi­len ynam­ly ga­dam ur­ýan Türk­me­nis­ta­nyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ra mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­le­di. Go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na esas­lan­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji döw­le­ti­miz har­by we hu­kuk go­raý­jy dü­züm­le­riň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýar hem-de har­by gul­luk­çy­la­ryň maş­ga­la­la­ry­nyň dur­muş üp­jün­çi­li­gi­ne mö­hüm üns ber­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.

Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni jem­läp, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk, hal­ky­my­zyň we Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan jo­gap­kär­li iş­le­rin­de üs­tün­lik ar­zuw et­di.