Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­dä­ki mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­nyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz bi­le­lik­dä­ki mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, Mej­li­siň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa söz ber­di. Mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy döw­le­ti­mi­ziň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, tä­ze ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni we ma­ny-maz­mu­ny­ny ila­ta dü­şün­dir­mek hem-de Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri ba­ra­da ha­bar ber­di. Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň Mej­li­si de­giş­li res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­ba­ry diň­läp, Mej­li­siň ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler ýo­ly bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de ynam­ly öňe git­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de yzy­gi­der­li iş­le­ri alyp bar­ma­gy­nyň, ka­nun­çy­ka­ry­jy­lyk işin­de oňyn hal­ka­ra tej­ri­bä­ni ulan­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek me­se­le­si ba­ra­da du­rup ge­çip, äh­li gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­niň, gün ter­ti­bi­niň hem-de umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň we­kil­le­ri­niň dyk­ga­ty­na hö­dür­le­nil­jek res­mi­na­ma­la­ryň üs­tün­de iç­gin iş­le­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz öňü­miz­dä­ki fo­ru­myň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýur­dy do­lan­dyr­mak ba­bat­da top­lan baý ta­ry­hy tej­ri­be­si­ni we mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry na­za­ra al­mak bi­len, ila­tyň äh­li gat­lak­la­ry­ny döw­let äh­mi­ýet­li, giň möç­ber­li işe çek­mek mak­sa­dyn­da ge­çi­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­bat­da alyp bar­ýan işi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, şol san­da BMG-niň we onuň iri dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, mil­li Li­de­ri­mi­ziň öňe sü­ren pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­ny iler­let­mek hem-de iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň äh­li­si bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­jak­dy­gy­ny we gi­ňelt­jek­di­gi­ni bel­le­di. Mu­nuň üçin bol­sa äh­li müm­kin­çi­lik­ler bar.

Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we açyk­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ry yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, se­bit hem-de äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň öza­ra ka­bul eder­lik­li çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek bo­ýun­ça umu­my ta­gal­la­la­ra sal­dam­ly go­şant goş­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň işi­niň esa­sy ugur­la­ry­na ün­si çek­di hem-de öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz şeý­le hem hal­ka­ra äh­mi­ýet­li mö­hüm çä­re­le­re taý­ýar­lyk gör­mek we ola­ryň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.My­ra­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­zü­min­dä­ki iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy ul­ga­myň eda­ra­la­ry­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek üçin top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň gö­rül­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di. Halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da ok­gun­ly ösüş dep­gi­ni­ni sak­la­mak, ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän eks­port ugur­ly önüm­le­riň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak işi­ mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Mil­li Li­de­ri­miz döw­let we pu­dak mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy ta­lap edip, wi­se-prem­ýe­re de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry P.Aga­my­ra­dow döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, bi­lim we ylym ul­gam­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek hem-de ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, bu ugur­lar­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Wi­se-prem­ýer gö­zeg­çi­lik ed­ýän eda­ra­la­ry­nyň “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri, şol san­da meý­le­tin­çi­le­ri çek­mek, luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny üp­jün et­mek ba­bat­da taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da hem ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow wi­se-prem­ýe­re be­den we ru­hy taý­dan kä­mil nes­li ke­ma­la ge­tir­mek, türk­men alym­la­ry­nyň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dur­nuk­ly ös­me­gi­ne sal­dam­ly go­şan­dy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça anyk gör­kez­me­le­ri ber­mek bi­len, dur­muş ul­ga­my­nyň pu­dak­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­niň türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ne­ti­je­li gu­ra­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aw­to­ral­lä taý­ýar­lyk gör­mek me­se­le­le­ri ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry, şol san­da dü­zü­min­de tej­ri­be­li luk­man­lar bo­lan hem-de öň­de­ba­ry­jy en­jam­lar we der­man se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün edi­len luk­man­lar to­par­la­ry­nyň no­bat­çy­ly­gy­na, meý­le­tin­çi­le­riň dil ba­bat­da­ky taý­ýar­ly­gy­na de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di. Mil­li Li­de­ri­miz ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­rin­de hem-de dü­şel­ge­ler­de äh­li ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek üçin degişli eda­ra­la­ryň hem-de kär­ha­na­la­ryň saz­la­şyk­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün et­me­gi ta­lap et­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ab­dy­ýe­wa gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip yg­lan edi­len ýy­lyň çäk­le­rin­de gu­ral­ýan çä­re­le­riň mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi hem-de “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek me­de­ni çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Baý­ram­çy­lyk­la­ra we şan­ly wa­ka­la­ra ba­gyş­la­nan da­ba­ra­la­ra taý­ýar­lyk gör­mek iş­le­ri do­wam ed­ýär. “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si my­na­sy­bet­li sun­gat us­sat­la­ry­nyň we dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da me­de­ni çä­re­ler me­ýil­leş­di­ril­di. Şo­la­ryň äh­li­si tür­gen­le­ri­mi­zi we myh­man­la­ry­my­zy ruh­lan­dyr­ma­ga hem-de sport çä­re­si­ni ha­ky­ky baý­ram­çy­ly­ga öwür­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Wi­se-prem­ýer ýur­du­my­zyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ni we ne­şir­ýat işi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da hem ha­bar ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp hem-de wi­se-prem­ýe­re ýüz­le­nip, hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­ri gör­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz sent­ýabr­da ge­çi­ril­jek “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň me­de­ni çä­re­le­ri­ne ün­si çe­kip, bu sport fo­ru­my­nyň baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy­ny dö­ret­mek­de, oňa gat­na­şy­jy­la­ryň hem-de myh­man­la­ryň Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­leş­ýän ýur­du­my­zyň ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne gy­zyk­lan­ma­sy­ny art­dyr­mak­da şol çä­re­le­riň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu çä­re­le­riň her bi­ri­niň kö­pö­wüş­gün­li­li­gi, ok­gun­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ma­ly­dy­gy­ny hem-de gy­zyk­ly bol­ma­ly­dy­gy­ny aý­dyp, wi­se-prem­ýe­re bu ba­bat­da de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öňü­miz­dä­ki baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ni we türk­men hal­ky­nyň baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny, onuň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ne go­şan­dy­ny hem-de ýur­du­my­zyň hä­zir­ki dö­wür­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni wa­gyz et­mä­ge gö­nük­di­ri­len beý­le­ki me­de­ni çä­re­le­ri ge­çir­mek me­se­le­si ba­ra­da du­rup ge­çip, wi­se-prem­ýe­re ola­ry ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek bo­ýun­ça anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän gur­lu­şyk we ener­ge­ti­ka top­lum­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, bu pu­dak­la­ryň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz türk­men paý­tag­ty­ny dün­ýä­niň iň owa­dan we aba­dan şä­her­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­mek bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. Paý­tag­ty­myz­da ra­ýat­la­ry­my­zyň göw­ne­jaý ýa­şa­ma­gy we dynç al­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär.

Mil­li Li­de­ri­miz wi­se-prem­ýe­re äh­li ugur­lar bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň, şol san­da ýol-ulag dü­zü­mi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak, ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry­ny we şo­la­ra ýa­na­şyk ýer­le­ri­ aba­dan­laş­dyr­mak, ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dep­gi­ni­ni çalt­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu we­zi­pe­le­ri döw­re­bap teh­ni­ka­la­ry we iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak, tä­ze in­no­wa­sion önüm­çi­lik dü­züm­le­ri­ni dö­ret­mek ar­ka­ly çöz­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, wi­se-prem­ýe­re bu ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň al­nyp bar­ly­şy, şol san­da pag­ta ýy­gy­my­na hem-de güýz­lük bug­daý eki­şi­ne taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, me­ýil­leş­di­ri­len oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni ýo­ka­ry hil­li ge­çir­mek, ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ryň berk ber­jaý edi­li­şi­ni üp­jün et­mek ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry be­rip, pag­ta ýy­gy­myn­da hem-de bug­daý eki­şin­de ze­rur bo­lan teh­ni­ki se­riş­de­ler bi­len bök­denç­siz üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ni he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow wi­se-prem­ýer­den bu möw­süm­le­ri ýo­ka­ry hil­li ge­çir­mek, ýyg­na­lan pag­ta ha­sy­ly­nyň göw­ne­jaý sak­lan­ma­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri gör­me­gi ta­lap et­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ça­ky­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän ulag­lar we ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, şo­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da ulag­lar we ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ry yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­me­giň, bu ul­gam­la­ryň öňün­de du­ran we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry yzy­gi­der­li or­naş­dyr­ma­gyň, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len tej­ri­be hem-de peý­da­ly in­no­wa­si­ýa­la­ry alyş­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, ulag ul­ga­my­nyň äh­li ugur­la­ry­ny ok­gun­ly ös­dür­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­di we bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow pu­dak­la­ýyn kär­ha­na­la­ry teh­no­lo­gi­k taý­dan tä­ze­le­me­giň ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň bi­ri­di­gi­ni aý­dyp, wi­se-prem­ýe­re döw­re­bap teh­ni­ka­la­ra ýo­ka­ry hil­li hyz­mat et­mek ýo­lu­ny ne­ti­je­li ulan­mak bo­ýun­ça saz­la­şyk­ly iş­le­ri üp­jün et­mek üçin ne­ti­je­li çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Me­re­dow Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň bar­şy hem-de ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň dür­li pu­dak­la­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň ýol­baş­çy­sy­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­zü­min­dä­ki iş­le­riň ýag­da­ýy­na berk gö­zeg­çi­lik et­me­gi hem-de ne­bi­tiň we ga­zyň çy­ka­ryl­ýan hem-de gaý­ta­dan iş­le­nil­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­me­gi tab­şyr­dy. Wi­se-prem­ýe­re iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, şol san­da döw­re­bap gaz­hi­mi­ýa top­lum­la­ry­ny we Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­lar be­ril­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jow gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­gam­la­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny gi­ňelt­mek, söw­da kär­ha­na­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, hu­su­sy işe­wür­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny hö­wes­len­dir­mek hem-de ýur­du­my­za da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dü­ri­ji­le­ri gol­da­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow söw­da top­lu­my­nyň öňün­de dur­ýan gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­le­ri bel­le­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň ha­sa­by­na içer­ki ba­zar­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek we­zi­pe­si bar. Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­li­gi mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men önüm­le­ri­ni da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ryn­da iler­let­mek, döw­let — hu­su­sy ul­ga­m hyz­mat­daş­ly­gy­nyň tä­ze usul­la­ry­ny göz­le­mek, şol san­da kär­ha­na­la­ra beý­le­ki ýurt­la­ryň işe­wür to­par­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga kö­mek ber­mek me­se­le­le­ri­ne ün­si çe­kip, wi­se-prem­ýe­re bu ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Dur­dy­my­ra­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän se­na­gat ul­ga­my­nyň iş­le­ri­niň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri çöz­mek hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň de­giş­li dü­zü­mi top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak, içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar­da uly is­leg bil­di­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­bat­da gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zy se­na­gat­laş­dyr­mak, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän, bäs­deş­li­ge ukyp­ly ha­ryt­la­ryň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça ka­bul edi­len me­ýil­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek babatda ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­tap, iň döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly tä­ze kär­ha­na­la­ry dö­ret­me­giň, se­na­gat pu­dak­la­ry­nyň dü­şe­wünt­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan­da mu­nuň üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­riň we baý se­riş­de­ler kuw­wa­ty­nyň bar­dy­gy­ny aý­dyp, şo­lar­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ös­dür­mek­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy ul­gam­la­ry­nyň bi­ri bo­lan se­na­gat top­lu­my­na mö­hüm orun de­giş­li­di­gi­ni aý­dyp, wi­se-prem­ýe­re bu ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Içe­ri iş­ler mi­nist­ri I.Mu­li­kow “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra awtoral­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­me­giň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ha­sa­ba­tda öňü­miz­dä­ki ýa­ryş­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­ma­gyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len çä­re­ler, şol san­da gu­ra­ma­çy­lyk we iş ko­mi­tet­le­ri­niň mej­lis­le­ri, dür­li ýurt­lar­da ge­çi­ri­len ta­nyş­dy­ryş çä­re­le­ri, ýa­ryş­la­ry köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de giň­den be­ýan et­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da ýö­ri­te in­ter­net-saý­ty he­re­ket ed­ip, onuň sa­hy­pa­la­ryn­da ral­li ba­ra­da­ky äh­li mag­lu­mat­lar ýer­leş­di­ril­ýär, bäs­le­şi­ge gat­naş­ma­ga is­leg bil­dir­ýän tür­gen­ler bel­li­ge alyn­ýar.

Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­lar üçin ni­ýet­le­nen sport ly­bas­la­ry­nyň nus­ga­la­ry­ny hö­dür­le­di. Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­na we­kil­çi­lik et­jek sü­rü­ji­le­ri, ştur­man­la­ry we teh­ni­ki iş­gär­le­ri okat­mak üçin gu­ra­lan ýö­ri­te okuw­lar ba­ra­da hem ha­sa­bat be­ril­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­lyn­da ge­çi­ril­ýän “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň asyr­la­ryň do­wa­myn­da Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny söw­da hem-de me­de­ni gat­na­şyk­lar bi­len bag­la­nyş­dy­ran ta­ry­hy ýo­luň hä­zir­ki dö­wür­de gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi­ne my­na­syp go­şant bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öňü­miz­dä­ki ýa­ryş­la­ry gu­ra­mak bo­ýun­ça iş­le­riň de­giş­li me­se­le­le­ri çöz­mek bi­len ut­ga­şykly­lyk­da ama­la aşy­ryl­ma­ly­dy­gy­ny bel­läp, içe­ri iş­ler mi­nist­ri­ne de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne gat­naş­mak üçin gel­ýän myh­man­la­ry ha­sa­ba al­mak, ýa­ryş ulag­la­ry­nyň güm­rük bö­lüm­le­rin­den de­giş­li de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek hem-de umu­man, olar üçin göz öňün­de tu­tu­lan şert­le­ri ýo­la goý­mak iş­le­ri­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn we örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Mu­nuň özi hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry bi­len bir ha­tar­da, türk­meniň myh­man­sö­ýer­lik däp­le­ri­niň ut­gaş­ma­gyn­da ama­la aşy­ryl­ma­ly­dyr we myh­man­la­ry gar­şy­la­mak, ola­ry ýer­leş­dir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­ler ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ral­ma­ly­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di.

Ral­lä ba­dal­ga be­ril­jek hem-de onuň geç­jek ýo­lu­nyň ug­run­da we pel­le­ha­na­syn­da gu­ral­jak me­de­ni çä­re­le­riň mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­de iş­le­mek ze­rur­dyr. Mak­sat­na­ma­da bu şan­ly wa­ka­nyň dün­ýä­dä­ki äh­mi­ýe­ti hem-de ýur­du­my­zyň spor­tu­nyň ýe­ten be­lent sep­git­le­ri öz be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dyr. Öňü­miz­dä­ki ral­li­niň sport ly­bas­la­ryn­da, sow­gat­lyk önüm­ler­de türk­men top­ra­gy­nyň gö­zel­li­gi­ni we onuň tä­sin te­bi­gy aja­ýyp­lyk­la­ry­ny be­ýan ed­ýän mil­li­li­giň wa­jyp­dy­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­tap, öňü­miz­dä­ki hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra taý­ýar­lyk gör­mek we ge­çir­mek me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­gi tab­şyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­dä­ki mej­li­si­ni jem­läp, ýyg­na­nan­la­ra ata Wa­ta­ny­my­zyň we mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan mö­hüm hem-de jo­gap­kär­li iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.